​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

UMUMYMILLI MAKSATLARYŇ BÄHBIDINE

 

Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky köpri bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda barha berkidilýän milli döwletlilik ýörelgelerimizi dünýäde dabaralandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ählimiziň iň beýik maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, mukaddes Watanymyzyň şanyna şan goşýan möhüm başlangyçlary wagyz etmek, halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrmak jemgyýetçilik guramalarynyňdyr syýasy partiýalaryň wekilleriniň hem esasy borjudyr. 

Go­laý­da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Kararyna laýyklykda, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak bellenildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ruhubelentlikde geçiriljek döwletli maslahatda il-ýurt bähbitli meseleler ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giň­den çekmek arkaly ara alnyp maslahatlaşylar, ýetilen sepgitlere ser salnyp, öň­de durýan möhüm wezipeler kesgitleniler. Şanly ýylda geçiriljek umumymilli forum dana Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletlilik taglymatynyň gün-günden rowaçlanýandygynyň, türkmen döwletiniň kuwwatlanyp, dünýäde abraýly ornuny has-da pugtalandyrýandygynyň nyşanyna öwrüler. 

Häzirki wagtda degişli guramaçylyk topary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmäge guramaçylykly taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda, Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar, Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlary düzülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany Mejlis bilen bilelikde ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary hem bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek boýunça işlere işjeň gatnaşýarlar. 

Türkmen jemgyýetiniň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýany ösdürmekde gazanylýan üstünlikler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary, beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň halk häkimiýetliligini pugtalandyrmakdaky tagallalary Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň we mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslaryny barha berkidýär. 

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» halk bähbitli belent maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly halk maslahatlarynyň, Mejlisiň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Mälim bolşy ýaly, bu resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp işlenip düzüldi. Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary hem «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» ýerine ýetirmäge uly höwes bilen gatnaşýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň goldawlary netijesinde iri taslamalaryň ençemesine, şol sanda halkara, sebit ähmiýetli möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagyna goşant goşmaga çalyşýarlar. 

Ýeri gelende bellesek, şu ýyl meýilnama laýyklykda, Halk Maslahatynyň kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugy esasynda kanunçylygy kämilleşdirmek işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryny, tabşyryklaryny hem-de kabul eden çözgütlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreler görülýär. Kanun çykaryjylyk işiniň nazary we amaly meseleleri boýunça alymlaryň, hünärmenleriň, bilermenleriň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyklary guralýar. Halk Maslahatynyň geçen mejlisinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul eden Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli maksatnamalarynyň belent maksatlary, ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlar geçirilýär. 

Türkmen telekeçileri öň­debaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy giň­den ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda döwletimiziň alyp barýan syýasatyndan ruhlanyp, döredijilikli zähmet çekýärler. «Täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasy, bu ilkinji nobatda, işewürlik gurşawyny döretmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen, hususy maýa goýumlarynyň köpelmegindedir. Biz geljekde hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmeli» diýýän Gahryman Arkadagymyz telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Hususyýetçilerimiz «Döwlet adam üçindir!», «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgelere eýerip, hususy pudagy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, importyň ornuny tutýan önümçiligi, eksport ugurly senagaty goldamak, gurluşyk işlerini döwrebap alyp barmak, şäherleri ösdürmek boýunça strategik özgertmelere işjeň gatnaşýarlar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimizde täze syýasy, hukuk garaýyşlary we medeniýeti kemala getirmek, milli döwletlilik ýörelgelerimizi ösdürmek, halkymyzy umumymilli maksatlaryň töwereginde jebisleşdirmek, agzybirligimizi pugtalandyrmak babatda möhüm işleri alyp barmalydygymyz hakynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, geljekde-de yhlasly işlejekdigimize, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek döwletli maslahata taýýarlykly barjakdygymyza ynandyrýarys. 

 

Saparmyrat OWGANOW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 

Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

HALK MASLAHATY – MILLI DÄPLERIŇ GÖZBAŞY

 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmeklige giňden taýýarlyk görülýär. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde bu maslahatyň ägirt uly taryhy ähmiýeti bar. 

Türk­men jem­gy­ýe­ti­ni do­lan­dyr­ma­gyň iň bir ga­dy­my institutlarynyň bi­ri bolan Halk Mas­la­ha­ty dö­wür­le­riň we ne­sil­leriň aýrylmaz ara­bag­la­ny­şy­gy­ny be­ýan edip hem-­de ata­-ba­ba­la­ry­my­zyň köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da top­lan ta­ry­hy tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­mek bi­len, onuň mej­lis­le­rin­de wa­jyp ykdy­sa­dy, sy­ýa­sy me­se­le­ler ila­tyň giň gatlaklary­nyň gat­naş­mak­la­ryn­da ýa­şu­ly nes­liň we­kille­ri bi­len maslahatla­şyp çö­zü­lip­dir. Türk­men hal­ky he­mi­şe ýa­şu­ly nes­le aý­ra­tyn hor­mat bi­len ga­rap, il-­ýurt bäh­bit­li iş­ler­de ola­ryň baý dur­muş tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp­dyr we mas­lahat­ly çöz­güt­le­ri ka­bul edip­dir. Hä­zir­ki ta­ry­hy döwür­de halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň bu ha­ky­ky ýö­rel­ge­si ýur­du­my­zyň jemgy­ýet­çi­lik­-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da my­na­syp or­ny eýe­le­ýär we agzy­bir hal­ky­my­zyň ata-­ba­ba­la­ry­my­zyň pa­rasat­ly pä­him­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny ýe­ne­-de bir ge­zek aý­dyň tas­syk­la­ýar. 

Şu ýy­lyň 12­-nji iýu­lyn­da bo­lan Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Arkadagly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni gura­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ba­ra­da aýdan­la­ry Diýa­ry­myz­da mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň döw­re­bap rö­wüş­de ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň mysal­la­ry­nyň bi­ri­dir. Onuň esa­sy mak­sa­dy ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly wes­ýet­le­ri­ne we­pa­lyly­gy­my­zyň ny­şa­ny bo­lan, türk­men hal­ky­nyň döw­le­ti do­lan­dyr­mak­da top­lan kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge ila­ty­my­zyň yg­ty­ýar­ly we­kil­le­ri­niň giň­den gatnaş­ma­gy­ny üp­jün et­mek, jem­gy­ýe­tiň ag­zy­birli­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ber­kit­mek, mil­li demokratiýany ös­dür­mek bo­ýun­ça ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri dö­re­di­ji­lik­li kä­mil­leş­dir­mek hem-­de halk häki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li edarasynyň – Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­batda­ky mej­li­si­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ýa­ly we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

2023­-nji ýy­lyň ýan­wa­r aýyn­da döredilen Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty hal­ky­my­zyň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän ýo­ka­ry we­kil­çilik­li eda­ra­dyr. Onuň işi de­mok­ra­ti­ýa, aýan­lyk, ada­lat­ly­lyk, ka­nu­nyň hökmüro­wan­ly­gy, halka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­lary­ny ile­ri tut­mak, ada­myň we ra­ýa­tyň ka­nunyň öňün­dä­ki deň­li­gi, ada­myň hukuk­la­ry­na we azat­lyk­la­ry­na hor­mat goý­mak, çöz­güt­le­ri er­kin ara alyp mas­la­hat­laş­mak we ka­bul etmek, jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­ni na­za­ra al­mak ýaly ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­menis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ça­gyrmak we gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ha­kyn­da 20-­nji iýul­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­haty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň Ka­ra­ry­na gol çek­di. Bu Ka­rar­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tynyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni 2024-nji ýy­lyň 24-­nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­däki Mas­la­hat köş­gün­de ge­çir­mek bel­le­nil­di. 

Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taýýar­lyk gör­me­giň barşyn­da onuň ag­za­ly­gy­na we­kil­le­ri saý­la­mak möhüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu işde ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy partiýa­la­ry­na, jem­gyýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­ne uly orun de­giş­li­dir. Biziň ata-babalarymyzyň jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, ýurdumyzda iň wajyp syýasy, ykdysady meseleleri çözmek baradaky asylly däpler, kanunçylygymyzy kämilleşdirmek arkaly halk demokratiýasynyň halkyň wekilleri bilen bilelikde amala aşyrylmagy halkyň döwlet dolandyryşyna işjeň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine wekilleri saýlamak boýunça alnyp barylýan işlere guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berlip, ýurdumyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşup, il içinde halal zähmet çekip, şahsy göreldesi bilen tapawutlanýan, abraýly, mynasyp adamlary saýlamak maksady bilen, obadyr şäherleriň ýaşaýjylarynyň, ýaşulularyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň ýygnaklarynda maslahata welaýatlardan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden gatnaşjaklary hödürlemek, seçip almak boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisinde öňde duran ählihalk maslahatynyň gün tertibinde serediljek meseleler boýunça raýatlarymyzyň pikirleri, arzuw-islegleri öwrenilýär hem-de gelip gowuşýan teklipleri seljermek, umumylaşdyrmak we beýleki meseleler boýunça yzygiderli işleriň geçirilmegi dowam etdirilýär. 

Şunuň bilen birlikde, öňde duran ählihalk maslahatynyň halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekdäki, milli demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmekdäki, türkmen döwletiniň syýasy-jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmakdaky, raýat jemgyýetini berkarar etmekdäki taryhy ähmiýeti hakynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin çykyşlar edilýär, «tegelek stoluň» başyndaky syýasy söhbetdeşlikler guralýar. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion Kanunyň düzgünlerini, maslahatyň taryhy ähmiýetini halkymyza giňden düşündirmek barada yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklaryna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem işjeň gatnaşýarlar. 

Ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň esaslaryny kesgitleýän Konstitusiýanyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk bolsa döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. 

Asyrlaryň synagyndan geçen milli däplerimize eýermek bilen geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň kabul edýän çözgütleri örän ähmiýetlidir. Çünki häzirki döwürde milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde, halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty adamzat jemgyýetiniň ösüşindäki ýetilen sepgitleri we türkmen halkynyň taryhy we milli mirasyny, häzirki zaman tejribesini hasaba almak we olary döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda işlenip düzülen ynsanperwer garaýyşlaryň ulgamydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde, üstünlikli geçirilmegine gönükdirilen resminamanyň kabul edilmegi milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň şöhlelendirýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kanunlarymyzyň döwrebap kämilleşdirilmeginde ýol-ýörelge görkezýän, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimize, milli Liderimize alkyşlarymyz çäksizdir. 

 

Serdar DUR­DY­ÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary 

bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: TÄZE BELENTLIKLERIŇ ÝOLY

 

Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky tabşyryklary il-ýurt ähmiýetli döwletli işlere täzeçe badalga berdi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» atly ynsanperwer taglymatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has çuň mazmun bilen baýlaşýandygyny dabaralandyrýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 61 -nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýar. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilýändigi beýan edilýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekmegi hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasyny dabaralandyrdy. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Kararyň mazmunynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek we bu işleri utgaşdyrmak baradaky wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermek bellenildi. 

Bu bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgeleriniň durmuş hakykatynda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär. 

Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi, wezipeleri we ygtyýarlyklary döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirildi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary esasynda geçirilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini üpjün etdi. Bu ösüşler bolsa agzybir halkymyzyň medeni-durmuş ýagdaýyny ýokary derejelere çykardy. 

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň baýram edilýän günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem şöhratly milletimiziň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesini çuň mazmun bilen baýlaşdyrar. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has artmagy, jemgyýetiň agzybirliginiň we jebisliginiň berkemegi, milli demokratiýanyň ösmegi ugrunda durmuşa geçirilen beýik işleri dabaralandyryp, ösüşiň täze sepgitlerini kesgitlär. 

Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynda uly rowaçlyklary arzuw edýäris. 

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň 

Merkezi geňeşiniň başlygy

HALKYŇ BÄHBITLERINDEN UGUR ALYP

 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanylyp, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistany Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek, şeýle-de, bu mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada Karar kabul etdi. Şol gün hem paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. 

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde öňde boljak bu möhüm çärä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň bähbitlerini araýan ýokary wekilçilikli edara bolmak bilen, öz işine halkyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edýär, olar bolsa halkyň bähbitlerinden ugur alýarlar. Öňde duran wezipelere ýetmekde, il- ýurt bähbitli çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakda, kabul etmekde oňa uly orun degişlidir. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunda bu işler anyk kesgitlenildi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň uly toýunyň öň ýanynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde garaljak meselelerdir kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada — ata Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak wezipesini amal etmäge birikdirer. 

Türkmenistanyň halk Maslahatynyň Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmakda, halkyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmakda giň gerimli işlere badalga boljakdygy şübhesizdir. 

 

Orazdurdy ABDYÝEW. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

ENERGETIKA PUDAGYNYŇ ÝEŇIŞLI GADAMLARY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary uly zähmet ýeňişlerine, taryhy wakalara beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlar boýunça ösüşli menziller bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda guwançly sepgitlere ýetilýär. 

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmeginde elektroenergetika pudagyna möhüm orun degişlidir. Ýurt Baştutanymyzyň başda durmagynda bu möhüm pudakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Mary DES-niň çäginde kuwwaty 149,2 megawat bolan täze gaz turbina elektrik stansiýasy gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakda möhüm ädim ädildi. 

Bilşimiz ýaly, halk hojalygynyň durnukly we sazlaşykly ösdürilmeginde uly orny eýeleýän elektroenergetika pudagyny ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär. Diňe bir Garaşsyz Türkmenistanymyzda däl, eýsem, sebitde iri desga bolan kuwwaty 1574 megawata deň täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmegem milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde guwançly waka bolupdy. 

Täze elektrik stansiýasynyň möhüm aýratynlyklarynyň birem onuň “ýaşyl tehnologiýalara” beslenenligindedir. Beýle diýildigi ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň birnäçe esse ýokarlanmagyna ýardam etjek bu desgada daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberiniň köp mukdarda azalandygyny aňladýar. Şeýle hem kämil tehnologiýaly bu elektrik stansiýasynyň önümçilik tehnologiýasynyň ykdysady tygşytlylygy üpjün etmekde giň mümkinçiliklere eýedigini bellemelidiris. Şeýle bu desganyň işe girizilmegi bilen Türkmenistan döwletimiziň arassa energiýa çeşmesini daşary ýurtlara eksport etmekdäki mümkinçiligi düýpli ýokarlandy. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz Watanymyzyň ösüş-özgerişli bady artýar. Türkmen halky Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň baýramyna zähmet sowgatly barmak maksady bilen döredijilikli zähmet çekýär. 

 

Merdan ORAZMEREDOW. 

TDEI-niň mugallymy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

DÖWLETLI GEŇEŞE TOÝ RUHY BILEN

 

Döwlet ähmiýetli işleri, il-ýurt bähbitli meseleleri halk köpçüligi, ýaşulular bilen ara alyp maslahatlaşmak — türkmen halkynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däbi. Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde, jemgyýetiň agzybirligini berkitmekde, milli demokratiýany ösdürmek ugrundaky tagallalary üstünlikli durmuşa geçirmekde halkymyzyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr. 

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini täze taryhy zamanamyzyň belent ruhuna beslemek ugrundaky işlere giňden badalga berildi. Hut şu maksat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary hem-de welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek, şeýle-de ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen bagly teklipleri toplamak işlerine girişildi. Her gezek däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň we pudaklarynyň işini kämilleşdirmeklige gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek, şeýle-de milli kanunçylygymyzy ösdürmek we ony halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meselelere seredilip, oňyn çözgütler kabul edilýär. 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamaklyga taýýarlyk görülýän şu günki günlerde Watanymyzyň ösüşlerini has-da berkitmek, halk häkimiýetiniň kämil ulgamyny berkarar etmek we milli döwletlilik ýörelgelerimize esaslanýan ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik gurluşyny pugtalandyrmak babatynda alnyp barylýan işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Ýaş nesillerimizde ata Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza, Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza bolan söýgini has-da pugtalandyrýar. Çünki Türkmenistan Watanymyz bu gün syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taryhy taglymatynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, biz bu döwletli geňeşiň toý ruhuna beslenmegine saldamly goşant goşjakdygymyza ynandyrýarys. Biziň netijeli iş alyp barmagymyz ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä nusgalyk tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, 

welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

ASYLLY MAKSATLARA EÝERIP

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň il agzybirliginiň, türkmen döwletliliginiň ýene bir aýdyň mysaly boljakdygyny bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen paýhasly ýörelgä ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi bolar. Şeýle asylly ýörelgeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň mizemez binýadyny düzýär. Il agzybirligi, döwlet berkararlygy baradaky düşünjeler Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. 

Ag­zy­bir­li­gi, jebisligi mizemez durmuş ýörelgesine öwrüp, ony asyrlaryň kämillik mekdebinde sünnäläp gelýän merdana halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletli başlangyjyny, ählumumy bähbitleri nazarlaýan taryhy tutumlaryny, uzak geljege gönükdirilen özgertmelerini tüýs ýürekden goldaýar. Döwletli tutumlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Halk Maslahatynyň giň­den taýýarlyk görülýän nobatdaky mejlisi hem her bir tutumyň rowaçlygynda taýsyz güýç hasaplanýan şeýle işjeň­ligi artdyrmakda, halkyň mizemez bitewülige öwrülen döredijilikli güýjünden netijeli peýdalanmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Çünki Halk Maslahaty täze taryhy eýýamyň rowaç ýollaryndan okgunly öňe barýan eziz Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam tapýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekillerini işjeň çekmäge ýardam edýär. Şo­ňa görä-de, milli demokratiýanyň barha pugtalanýandygynyň hem güwäsine öwrüljek umumymilli forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitleri nazarlaýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň mundan beýläkde köptaraply ösüşini üpjün etmekde, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly ýurt hökmünde dünýäde gazanan abraý-mertebesini öňküden hem pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

Milli Liderimiziň çuň­ňur oýlanyşykly başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny­ň döredilmegi örän netijeli çözgüt boldy. Çünki agzybir halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu ýokary wekilçilikli edara ýurdumyzy ösdürmekde öň­de durýan möhüm wezipeleriň oňyn çözgütlere eýe bolmagynda halkyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmäge şert döretdi. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, il-ýurt bähbitli işlerde halk arasynda uly hormat-sylaga mynasyp bolan adamlar bilen maslahatlaşmak türkmeniň owaldan gelýän asylly ýol-ýörelgeleriniň biridir. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň, ilkinji nobatda, ata Watanymyzy has-da ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen bagly boljakdygy gürrüň­sizdir. Şeýle döwletli maksada ýetmekde bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem-de beýleki döwlet maksatnamalary esasy çelgilerdir. Ýeri gelende aýtsak, bu maksatnamalar her birimiziň bagtyýar şu günümize, röwşen geljegimize gönükdirilendir. Umumymilli forumda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berkden-berk jebisleşen halkymyzyň agzybirliginde kabul ediljek taryhy çözgütler ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň, aýratyn-da, Watanyň daýanjy hasaplanylýan ýaşlaryň ykbalynda wajyplygy bilen tapawutlanar. Watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, dostlugy hem-de hoşniýetliligi mizemez durmuş ýörelgesine öwren ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bolsa döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň döwletli çözgütleriniň mysalynda hem biz şeýle buýsançly hakykata ýene bir ýola aýdyň göz ýetirjekdigimizi aýratyn ynam bilen nygtap bileris. «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, ýaş nesle uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz olaryň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşmaklary, nurana geljegiň berk binýadyny goýmaklary, agzybirligi dabaralandyryp, milli demokratiýany kämilleşdirmekde öň­däki hatarlarda bolmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýär. Bildirilýän şeýle uly ynam, döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys. 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATYNYŇ ÖZENIDIR

 

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň binýadyny düzýär. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä döwletleri bilen açyk, yzygiderli, netijeli gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýar. 

Hemişelik Bitarap ýurdumyz täze taryhy eýýamda tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» hakynda Kararnamalar aýdyň şaýatlyk edýär. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bi­len «2025-nji ýyl — Hal­ka­ra parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dialogy ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli tagallalarynyň nobatdaky üstünligi boldy. 

Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän islendik teklipdir başlangyçlarynyň, alyp barýan syýasy işiniň gözbaşynda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri durandyr. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda parahatçylygy we asudalygy gymmatlyk derejesine göterip, arzylap gelen halkdyr. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserlerini okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Parahatçylyk we durnukly ösüş ýurdumyzyň Bitaraplygynda jemlenendir we ol daşary syýasat ugrunyň esasy daýanjy bolup durýar. 

 

Merdan ORAZMEREDOW, 

Türkmenistanyň Döwlet energetika

 institutynyň mugallymy, Mejlisiň deputaty

GAZANYLÝAN ÖSÜŞLER: AHAL WELAÝATY

 

Häzirki wagtda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge niýetlenen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» hereket edýär. Bu Maksatnamalar sebitleri mundan beýläkde sazlaşykly ösdürmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. 

«Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Maksatnamanyň» çäklerinde welaýatda birnäçe kärhanalar gurlup, işe girizildi. Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynyň çäginde «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy, Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlup, ulanylmaga berlen 5 müň tonna türkmen pagtasyny gaýtadan işlemäge niýetlenen iri dokma toplumlary, Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän senagat zolagyndaky halkyň gündelik sarp edýän hojalyk harytlaryny öndürýän hususy kärhanalar häzirki wagtda ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini hem barha artdyrýar. 

Welaýatyň azyk senagaty hem giň gerimli ösüşlere eýe bolýar. Azyk harytlarynyň görnüşlerini we öndürilýän möçberlerini giňeltmek üçin daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça welaýatda oba hojalyk we köp görnüşli azyk önümlerini öndürýän, şeýle hem guş etini gaýtadan işleýän kärhanalar guruldy. Ilatymyzy ýylyň dört paslynda hem ter gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, iri ýyladyşhanalaryň birnäçesi gurlup, olar bazarlarymyzda gök önüm bolçulygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Bäherden» sement zawodynyň öndürýän ýokary hilli semendi ýurdumyzyň gurluşykçylaryny sement bilen üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Bu zawodyň ýylda bir million tonna sement öndürmäge ukyply bolan 2-nji tapgyry «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga  berildi. Şol  gün Ahal welaýatynyň Ak  bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde   kuwwatlylygy   bir gije-gündiziň   dowamynda 30 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desgasy hem hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen işe girizildi. 

Welaýatyň etraplarynyň ählisinde umumy bilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, kitaphanalaryň, saglyk öýleriniň, sport desgalarynyň we medeniýet öýleriniň onlarçasy gurlup, halkyň hyzmatyna berildi. Ahal welaýatynda döwrebap täze obalaryň gurluşygynda hem ýokary netijeler gazanylýar. Häzirki wagtda şeýle döwrebap obalaryň, ýagny Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çägindäki täze döwrebap obalaryň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrlary güýçli depginlerde alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda 2024-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanda halkara derejesinde bellenilip geçiljek şanly wakalar beýan edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabynda: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar. Ine, şol taryhy tapyndylar Änewiň şol döwürlerde ýokary derejede ösen ýaşaýyş merkezleriniň biridigini tassyklady» diýip belleýär. 

Ak bugdaýyň Watany hasaplanylýan bu mekanda häzirki wagtda hem gallanyň köp öndürilýändigi, etrabyň babadaýhanlarynyň diňe gallanyň däl, eýsem oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleriniň, hatda ekzotik görnüşleriniň hem bol hasylyny öndürmegi başarýandyklary buýsandyryjydyr. Şu ýyl welaýatyň gallaçy daýhanlary Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyryp, arzyly sepgide abraý bilen ýetdiler. 

Ak bugdaý etrap häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy etrabyň ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny Göge ýetirdi. Şeýle uly baýraga mynasyp bolunmagy, diňe Ak bugdaý etrabynyň däl, eýsem welaýatymyzyň ähli etraplarynyň babadaýhanlaryny mundan beýläk hem täze zähmet ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrdy. 

Halkymyzda: «Çekseň zähmet, ýagar rehnet», «Daýhandan hereket – ýerden bereket» diýlen ajaýyp aýtgylar bar. Şular ýaly dana sözlere uýýan zähmetsöýer halkymyz döwletimiz tarapyndan özleri üçin döredilip berilýän giň mümkinçiliklere jogap edip, arman-ýadaman zähmet çekýär, päk zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Dillerinde bolsa, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylýan alkyşlar aýdym bolup ýaňlanýar. 

Goý, Türkmenistan Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly urýan gadamy batly bolsun! Bagtyýar durmuşymyzyň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

1 ... 57 58 59 60 61 ... 106