The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

BEÝIK DANANYŇ GYMMATLY MIRASY

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Bu möhüm meselede Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde giň möçberli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Edebi mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýýan halkyň geljegi aýdyňdyr. Ýokarda ýatlananlary Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk çäreleri aýdyň äşgär edýär. 

Beýik şahyr Magtymguly atamyzyň soňky nesillere miras galdyran eserleri terbiýe mekdebidir. Asyrlar aşsa-da, onuň watansöýüjilige, mertlige, lebzihallalyga, ruhy-ahlak terbiýesine ýugrulan şygyrlary häzirki döwürde-de gadyr-gymmaty bilen haýran galdyrýar. Özbaşdak türkmen döwletini, türkmeniň aňynyň bir suprada taýýar-kylynmagyny arzuwlan Magtymguly atamyzyň isleg-arzuwy hasyl boldy. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň gülläp ösýän zamanasynda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny toýlamak il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Beýik şahyrymyzyň şygyrlarynda ata Watana, ene topraga çäksiz söýgi, edep-terbiýelilige, ahlaklylyga, halal zähmete, gaýduwsyzlyga, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige çagyryş çeper beýan edilýär. 

Nusgawy şahyrymyzyň eserleri dünýäniň halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edildi. Şonuň üçinem Magtymguly atamyzyň şygyrlary dürli ýurtlaryň okyjylaryna tanyşdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçeris. Bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen baglan şahyryň arzuw eden zamanasy geldi”. 

Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Munuň özi taryhy senäniň iňňän uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. 

 

Arslan ÇARYÝEW. 

Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-niň Pendi şahamçasynyň sanly bank tehnologiýasy we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

14.12.2023 Details

HEMMELERIŇ WEZIPESI

 

Neşekeşlik hem edil çilimkeşlik we arakhorluk bilen bir hatarda ýaramaz endikleriň biri bolup durýar. Nas elde ýasalýar we onuň düzümi şulardan ybaratdyr: ownujak gara temmäki; sazak odunynyň ýa-da gowaça çöpüniň küli; ösümlik ýagy; ýanan hek. Nas atýanlar nasa bolan fiziki we ruhy garaşlylyga örän tiz baryp ýetýärler. Naskeşiň yzygiderli nas atmagy netijesinde bedeniň zäherlenmesi bolup geçýär we bu ýagdaý wagtyň geçmegi bilen has-da güýçlenýär. 

Nas atýan adamda ýuwaş-ýuwaşdan nasa bolan ruhy garaşlylygyň alamatlary döräp başlaýar. Eger-de nasa garaşly adam nas atmasa, onda ol gaharlanyp, gyzmalyk edip başlaýar, ony ýaltalyk gurşap alýar, nas atmak pikiri kellesinden aýrylmaýar. Bu bolsa onuň ünsüniň jemlenmegine päsgel berýär. Nas atýan adam iýmit siňdiriş ýolunyň we ýürek-damar ulgamynyň bozulmalaryndan hem ejir çekýär. Kelleagyry, baş aýlanma, ysgynsyzlyk, ýüregiň çalt urmagy, işdäniň peselmegi, ukusyzlyk ýüze çykýar. Nasy mydama atýanlarda agyz boşlugynyň we bokurdagyň nemli bardasynyň zyýanlanmagy, kentlewügiň, dişleriň syrçasynyň zeperlenmesi, kentlewügiň iriňlemesi we dişleriň düşmesi peýda bolýar. Agzynda hemişe ýakymsyz ys bolýar. Nasy uzak wagtlap diliň aşagynda saklamak nemli bardada agymtyl tegmilleriň döremegine getirýär. Soňra şol tegmiller kiçijik ýarajagazlara öwrülýär we soňy bu ýerlerde täze döremelere getirýär. Nasyň uzak wagtlap atylmagy aşgazanyň we bagryň zeperlenmegine-de sebäp bolýar. 

Görşümiz ýaly, nas atmak ynsan saglygyna uly zyýan ýetirýär. Şonuň üçinem bu zyýanly endikden özümiz-ä bir daşda durmaly welin, ýaşlary nas keşlikden goramakda ähli tagallalary etmelidiris. Bu mesele uly ýaşlylaryň hemmesiniň jana-jan wezipesi bolmalydyr. 

 

Ýusup ANNAÝEW. 

Mary şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

14.12.2023 Details

DÖWLETLI ÝÖRELGELERDEN RUHLANYP

 

Döwletli Diýarymyzyň okgunly ösüşlerinde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň iňňän uly paýy bar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy şolaryň arasynda iň irki döredilenidir. Syýasy partiýa indi 32 ýyldan bäri hereket edip gelýär. Bu partiýanyň netijeli işi, döwlet syýasatyndaky orny ildeşlerimiziň her birine aýandyr. 

Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş partiýa 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda geçirilen I Esaslandyryjy gurultaýynda döredildi. Şondan bäri partiýanyň gurultaýlarynyň 10-a golaýy geçirildi. 30 ýyldan gowrak taryhynyň dowamynda partiýa öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, öz Tertipnamasyna we Maksatnamasyna laýyklykda alyp barýar. 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy alyp barýan işleriniň ählisinde hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesinden ugur alýar. Partiýa öz iş ugurlaryny döwlet syýasatyny, maksatnamalaryny we sakasynda hormatly Prezidentimiz duran beýik tutumlary durmuşa geçirmäge, Garaşsyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga, jemgyýetiň kämil guralmagyna ýardam bermäge gönükdirýär. Başgaça aýtsak, bu partiýa döwlet bilen halkyň, jemgyýet bilen şahsyýetiň arasynda hoşniýetli arabaglanyşygy sazlaşdyryp, özara ysnyşyklylygy emele getirýär. 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri we işjeň agzalary yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerim bilen amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, halk köpçüliginiň işjeňligini has-da artdyrmak, zähmetkeşleri ýokary öndürijilikli we döredijilikli işe höweslendirmek, ylmyň soňky gazananlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmak, zähmet köpçüliginde agzybirligi, jebisligi berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ýaly wezipelerden ugur alýar. Şol bir wagtyň özünde-de, partiýa ilatyň bähbidini goldap we gorap, hemişelik galkynyşy, asudalygy, rahatlygy, milletara agzybirligi, jemgyýetiň jebisligini üpjün etmek üçin giň gerimli işleri alyp barýar. 

Häzirki wagtda partiýa özünde 5 sany welaýat, 8 sany şäher, 39 sany etrap partiýa komitetini birleşdirýär. Şol komitetleriň 10-sy biziň welaýatymyzda hereket edýär. Şol sanda, olaryň biri welaýat, ýene biri şäher, galan sekizisi bolsa etrap komitetleridir. 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň güýçlerini birleşdirip, bir maksada gulluk etmegi esasy bellenilmeli ýagdaýlaryň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda syýasy partiýalaryň üçüsi üstünlikli işleýär. Olar birek-birek we iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde sakasynda Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz duran beýik işleri wagyz etmäge, düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga gatnaşýar. Bu jebislik ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe ilerlemegine ýardam edýär. 

 

Merdan DOSMEDOW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

14.12.2023 Details

ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE

 

Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan meseleler şu günki gün dünýä ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň, alymlaryň we hünärmenleriň iň köp üns berýän meseleleriniň birine öwrüldi. Bu diýildigi, hakykatdan hem, dünýä halklarynyň saglygyny hem-de ekologiýanyň abatlygyny gorap saklamaklygyň, her dürli tebigy wehimleriň ýüze çykmagynyň öňüni almaklygyň möhüm wezipesi bolup örboýuna galandygyny alamatlandyrýar. Şeýle bolansoň ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň berk talaplaryndan ugur alynýan ýurdumyzda hem bu mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary derejeli halkara forumlarda eden taryhy çykyşlary, abraýly döwlet ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda aýdan gymmatly teklipleri anyk tassyklaýar. 

Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan meseleleriň ýa-da ekologik wehimleriň öňüni almaklygyň diňe bir döwletiň çäginde üpjün edilmeginiň mümkin däldigi, galyberse-de, ýeterlik däldigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Şonuň üçin hem bu meselede dünýä halklarynyň ählumumy işjeňliginiň zerurdygy hemmä aýan hakykat. Çünki Ýer togalagy bu meseleleriň akylly-başly we toplumlaýyn çözgüdini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz bu meselä hut şu nukdaýnazardan juda inçelik bilen pähim-parasatly çemeleşýär. 

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşyp, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklipleri öňe sürdi. 

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine amala aşyran iş saparynda ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ýardam berjekdigini belledi. Şu ýerde ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy bilen, bir näçe degişli milli maksatnamalaryň kabul edilendigini hem aýtmak gerek. Hormatly Prezidentimiziň biziň umumy öýümiz bolan ene Ýerimiziň tebigy gurşawynyň abadançylygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň öňüni almak ýaly wajyp meselelere çynlakaý çemeleşip, öňe süren umumadamzat bähbitli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Bu bolsa berkarar döwletimiziň bütin dünýäniň ählumumy abadançylygyna goşýan saldamly goşandy bolmak bilen, il-ulsumyzyň abraý-mertebesini bir gez belende galdyrýar. Halkymyzyň we dünýä halklarynyň bagtyýar geljegi ugrunda ýadawsyz iş alyp barýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn! 

 

Gadam HEMRAÝEW, 

welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

14.12.2023 Details

ABADAN ÝAŞAÝŞYŇ RÖWŞEN ÝOLY

 

Türkmenistanyň 28 ýyl bäri alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň maksatlaryna, halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň talaplaryna, döwletara gatnaşyklaryň esasy bolup durýan BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine doly laýyk gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet syýasatyny, şol sanda Bitaraplyk ýörelgesini örän paýhaslylyk, inçelik bilen alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz: «Biz hemişelik Bitaraplyk syýasatymyza hemişe ygrarly bo­lup, sebitde we dünýäde abadançylygy berkarar etmäge ýardam ederis» diýip belleýär.

Hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň many-mazmunyna düşünmek üçin, oňa hertaraplaýyn baha bermek zerur. Munuň özi, umuman, gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegidir, ruhy medeni, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegidir, töwekgelçilikleriň we nämälimligiň derejesini peseltmäge, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, bähbitleriň deňeçerligini emele getirmäge ukyply halkara ulgamyň usullarynyň, gurallarynyň döredilmegidir.

Döwletimiz suw, energetika meseleleri, ulag ulgamy ýaly möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny kemala getirmek ugrunda wajyp başlangyçlary öňe sürýär, çözgütleriň we geljekki ädimleriň ylalaşylan çemeleşmelerini işläp taýýarlamagy binýat edinmegi teklip edýär. Ýurtlaryň öz mümkinçiliklerini adalatly, aýanlyk ýagdaýynda görkezmek bi­len, diňe ol ýa-da beýleki döwletleriň, şu günki günüň däl-de, bütin adamzadyň we onuň geljekki nesilleriniň hem bähbitlerini hasaba alyp hereket etmelidiklerini öňe sürýär. Şeýle çagyryş BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň hem mazmunyny düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary bilen, bu ugurda gazanylan üstünlikler ählumumy maksatlara ýetmekde ýurdumyzy öňdäki orunlara çykarýar.

Islendik döwletiň daşary syýasaty onuň içeri syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şuňa laýyklykda, ol ýa-da beýleki ýurduň dünýä giňişliginde şygar edinýän maksatlary we iş ýüzündäki ädimleri onuň daşary syýasy ugrunyň düýp mazmunyna düşünmegiň açarydyr. Türkmenistan jemgyýetde, içeri syýasatda parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk, sabyrlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmek, durmuşa geçirmek bilen, bu düşünjeleri dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryna-da netijeli ornaşdyrýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesi bu babatda, gürrüňsiz, başga bir zat bilen ýerini çalşyp bolmajak möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiziň Bitaraplyk ýörelgesi onuň içerki gurluşynyň mäkäm ahlak sütünlerine daýanýar, türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň ýüze çykmasy bolup durýar.

Ýurdumyz ösüşiň täze-täze belentliklerine ýetýär. Şunuň bilen birlikde, sebitde döräp biläýjek her bir çylşyrymly ýagdaýy kadalaşdyrmak, parahatçylykly ýollar bilen ykdysady ösüşleri gazanmak, halklaryň ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmak, ýaragsyzlanmak hem-de ýaraglaryň möçberlerini azaltmak babatda sebit işlerine ýardam bermek ýaly örän möhüm meselelerde BMG bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär. Türkmenistan halkara terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreşe ygrarlydyr. Diňe hyzmatdaşlyk, özara jogapkärçilik, bilelikdäki tagallalar arkaly hereket etmek bilen, adamzat üçin rahat, eşretli durmuşy döretmek, howpsuzlygyň durnukly gurluşynyň esaslaryny berkitmek mümkindir.

Türkmenistanyň tejribesinde Bitaraplyk syýasaty köptaraplaýyn diplomatiýanyň hereket edýän netijeli gu­ra­ly hök­mün­de özü­ni gör­kezdi. Ýurdumyzyň bu derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamasy bilen has-da pugtalandyrylandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Munuň özi ýurdumyzyň we adamzadyň taryhyna hemişelik ýazylan wakalardandyr. Bitarap Türkmenistan öz ynsanperwer syýasaty bilen dünýäniň taryhyna, ine, şeýle öçmejek sahypalary ýazýar. 

Türkmenistan sebit we dünýä üçin wagty ýeten, örän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda giň gerimli, wekilçilikli çäreleriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Bu meseleleriň oňyn çözgüdi möhüm geosyýasy, geoykdysady mümkinçilikleri nazara almak bilen, adamzadyň geljegine hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ylalaşykly çemeleşmeleri, özara gabat gelýän pikir garaýyşlaryň synagdan geçirilmegini talap edýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen hem, beýleki sebitleriň ýurtlary bilen-de anyk we strategik ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny mydama görkezip gelýär. Şunda ähli ýagdaýlar toplumlaýyn nazara alynýar, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürler düzümleriniň, ylmy merkezleriň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň giň, hemişelik hereket edýän binýady döredilýär, bilelikdäki iş üçin şertler nazara alynýar.

Ýurdumyz daşary syýasatyn­da parahatçylyk dörediji ornuna berk ygrarly bolup, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde düýpli ykdysady wezipeleri ynsanperwerleşdirýär. Zeminiň ummasyz tebigy baýlyklary owalynda adamzada ägirt uly peýda getirmäge, onuň bagtly ýaşaýşyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda, ilkinji nobatda, bu baýlyklary düşünjelilik, birek-birege hormat goýmak, abadançylyk ýoly bilen ulanmagy başarmak zerurdyr. Bu babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, öňe sürýän garaýyşlary üýtgewsizdir: agzybirlikli, akylly-başly, mert gatnaşyklar bolmazdan, hiç bir taslamanyň-da, iň gowy we oňyn başlangyjyň-da amala aşyrylyp bilinmejekdigi düşnüklidir. Diňe ýurtlaryň we olarda ýaşaýan halklaryň arasyndaky parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk, özara düşünişmek bilen, adamzat öz beýik maksatlaryna ýetip biler.

Ählumumy rowaçlygy, röwşen geljegi nazarlaýan belent maksatlaryň amal bolmagynda köpugurly işleri durmuşa geçirýän, bagtly, abadan ýaşaýşyň aýdyň ýoluny döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynda mydama rowaçlyk arzuw edýäris.

 

 

Hatyja MUSTAKOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agrasy.


 

14.12.2023 Details

BITARAPLYK JOŞGUNY

Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň da­ba­ra­la­ry ýur­du­my­zyň he­mi­şelik Bita­rap­ly­gy­nyň şan­ly 28 ýyl­lygy­nyň çä­re­le­ri bi­len ut­ga­şyk­ly­lykda giňden bel­le­nip ge­çil­di.Aja­ýyp se­nä­niň şa­ny­na we­la­ýa­ty­myz­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar ýa­kym­ly duýgu­la­ry peş­geş ber­di. 

Ak bug­daý et­ra­by­nyň Nowruz ýaý­la­syn­da­ky «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da bo­lan me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti we­la­ýat hä­kim­li­gi, Medeniýet mü­dir­li­gi hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan gural­dy. Oňa eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, gu­ra­mala­ryň iş­gär­le­ri, okuw­çy we talyp ýaş­lar hem-de beý­le­ki il­deş­le­ri­miz ru­hu­be­lent­lik­de gat­naş­dy­lar.

Owa­dan sah­na­dan ýaň­la­nan be­lent mu­kam­lar, şi­rin owaz­lar welaýatymy­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň baý­ram­çy­ly­ga mynasyp toý sow­ga­dy — tä­ze sun­gat çy­kyş­la­ry bi­len taý­ýar­lyk­ly gelendik­le­ri­ni gör­kez­di. Joş­gun­ly aý­dym saz­lar­da, mil­li we döw­re­bap öwüşgin­li tans, şeý­le-de halk dö­re­di­ji­lik çy­kyş­la­ryn­da ber­ka­rar Watanymyzyň ösüş-öz­gert­me­le­ri, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň aja­ýyp baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da dün­ýä­de bar­ha ar­şa gö­te­ril­ýän şan-şöh­ra­ty, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­daýy, dost-do­gan­lyk buý­sanç­ly waspy­ny tap­dy. Baý­ram­çy­lyk konser­ti oňa gat­na­şan­la­ryň gö­wün­le­ri­ni gal­ky­ndyryp, toý şat­ly­gy­ny goşalan­dyr­dy. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal 

welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

13.12.2023 Details

HEMIŞELIK BITARAPLYK: HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÜRKMEN ÇEMELEŞMESI

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde Bitaraplygyň türkmen nusgasyny döretdi we ony «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyrdy. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. Döwletimiz maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, şol bir wagtyň özünde-de, işjeň hem netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär.

 

 Bu gün ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgeleriň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwleti kemala geldi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen berkidildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Baş Assambleýanyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa döwletimiziň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň amal edýän döwletli tutumlary türkmeniň aslyna, ýörelgelerine, türkmençilige, milliligine, medeniýetine, döreden gymmatlyklaryna aň ýetirmäge, olara çuňňur aralaşmaga iterýär. Çünki Milli Liderimiziň her bir işi, her aýdýan parasatly sözi türkmen halkynyň ykbaly, bagtyýar durmuşy, gazanan beýik üstünlikleri, röwşen geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eziz Arkadagymyz watandaşlarymyzy şol ösüşlere tüýs ýürekden buýsanmaga, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny aýawly saklamaga we dünýä ýaýmaga çagyrýar.

Hemişelik Bitaraplyk döwletimize sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýdyň ýol açdy. Türkmenistanyň gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde özboluşly daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatmak bilen, ylalaşdyryjy merkez hökmünde bitiren hyzmatlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Bu gün Bitaraplygyň beren miweleri biziň gündelik durmuşymyzyň her bir jähetinde öz beýanyny tapýar. Bitaraplyk derejämizi tassyklaýan jümlelerdir alamatlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Döwlet baýdagynda, Döwlet senasynda orun aldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk derejämizi alamatlandyrýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen tugumyz asuda asmanymyzda belentde parlaýar.

Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary ilerletmekde, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde nusgalyk işleri alyp barýan Bi­tarap döwletdir. Bu gün Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň halkara giňişlikde goldaw tapýan möhüm başlangyçlarydyr teklipleri munuň aýdyň güwäsidir. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine hem-de «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanýan şol başlangyçlar diňe bir türkmen halkynyň parahatçylygyna, asudalygyna, berkararlygyna gönükdirilmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde-de uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda täze başlangyçlary öňe sürüp, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren wajyp teklipdir başlangyçlary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy guramanyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda howpsuzlyk meselesine aýratyn ünsi çekip, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi. Bu resminama guramanyň gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasy; jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmak; Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogy medeniýetini berkitmek ýaly iş ugurlaryny hem öz içine almalydyr.

Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynam bildirip, Türkmenistanyň oňa girişmäge hyzmatdaşlary hormat bilen çagyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyç beýan edildi. Maslahatyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlaryny we dünýä bileleşigini, halkara guramalary, maliýe-ykdysady institutlary ýakynlaşdyrmaga, bu sebiti durnukly, gapma-garşylyksyz ösdürmegi üpjün etmek işinde olaryň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleridir çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň birinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygy beýan edildi.

Jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz çykyşynda ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berip, ýakyn ýyllarda BMG-niň işiniň esasy ugurlarynyň arasynda Türkmenistanyň möhüm howa we ekologiýa meselelerini çözmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleler aýratyn bellenildi. Biziň ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak üçin umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalary, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklarynda ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar. Şunda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler muňa mysal bolup biler. Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende, Türkmenistan möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. Bu merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barar. Şunuň bilen baglylykda, merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygy beýan edildi.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ulag babatda öňe süren başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň alty sany Kararnamasy kabul edildi. Şolaryň soňkularynyň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamany görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, şol Kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, taryhda ilkinji gezek bellenilen Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli BMG-niň howandarlygynda Ženewada ýokary derejeli maslahatyň, paýtagtymyz Aşgabatda hem utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyň guralandygyny nygtamak gerek.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek we sarp edilýän zerur önümlere import garaşlylygyny azaltmak boýunça möhüm çäreler amala aşyrylýar, gymmatly tejribe toplanyp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Azyk meselesini çözmekde BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugrudyr. «COVID-19 pandemiýasy beýleki amatsyz şertler bilen bir hatarda, hut azyk meselesiniň çözülmedik meseledigini, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň gowşaklygyny ýüze çykardy. Şona görä-de, döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende, agzybirlik, tutanýerlilik, aýgytlylyk zerurdyr. Islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeler möhümdir» diýip, Arkadagly Serdarymyz belledi. Bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütler, täze çemeleşmeler zerurdyr. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär.

Türkmenistan dünýäniň köp döwletleri bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüminde öz wekilçiligini giňeldýär. Ýurdumyz Baş Assambleýanyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanyldy. Häzirki wagtda Türkmenistan bu abraýly halkara guramanyň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň hem köpüsiniň agzasy bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligindäki ornunyň pugtalanýandygyny, abraýynyň barha beýgelýändigini tassyklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna nobatdaky gezek saýlanmagy hem ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) garamagyna hödürlän teklipleriniň, şol sanda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi 2023-nji ýylda Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da beýgelmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Halkymyzyň buýsanjyny artdyrýan şeýle işleriň aňyrsynda döwlet derejesinde edilýän aladalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi baradaky hakykat dur. Bu gün ildeşlerimiz röwşen geljegine ynamly garaýar. Halkymyz parahat, bolelin, abadan durmuşda ýaşaýar. Täze taryhy döwrümizde döwletimiziň ykdysadyýeti kuwwatlanyp, ösüş depginlerimiz gün-günden ýokarlanýar. Bularyň ählisi halkymyzyň uly ynamy bilen mundan beýläk-de berkarar döwletimiziň esaslaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde mümkin boldy.

Parahatçylyk dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak arkaly ýetilýän üstünlikdir. Adamzadyň taryhy ösüşe, abadançylyga we bagta ýetmekde parahatçylykdan başga ýoluň ýokdugyny aýdyň görkezýär. Bu beýik sütüni döretmek bolsa diňe diplomatiýa bilen, diplomatik ýörelgelere eýerýän beýik şahsyýetler bilen amala aşyrylýar. Ýadyňyzda bolsa, 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda ilkinji gezek çykyş edende, Milletler Bileleşigine Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary, biziň kuwwatymyz we geljekki mümkinçiliklerimiz barada habar beripdi. Soňky ýyllarda bolsa ýurdumyz bütin adamzada dahylly meseleleri çözmegiň ýollaryny teklip etdi. 2011-nji ýylda Baş Assambleýanyň 66-njy sessiýasynyň belent münberinden «Ösüş arkaly parahatçylyk», 75-nji sessiýasynda bolsa «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgelerini öne sürdi. Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Dine parahatçylygy dörediji taslamalaryň islendik ýurdy we bütin adamzady ýagty geljege alyp barýan köprüleriň ygtybarly sütünleri bolup biljekdigine bil baglaýandygymyzy men öwran-öwran gaýtalaýaryn» diýip belleýär. Hakykatdan-da, türkmen halky hemişe-de parahatçylygyň, asudalygyň, hoşniýetliligiň we hyzmatdaşlygyň tarapdary.

Ömrüniň manysyny halka gulluk etmäge bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, şol asylly başlangyçlary mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri dine bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Zeminiň ähli halklarynyň abadan, rowaç durmuşyny nazarlaýar. Goý, parasatly taglymatlary, beýik başlangyçlary bilen döwletimizi, halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly öne alyp barýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun!

 

Kasymguly BABAÝEW, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Mejlisiň deputaty.

11.12.2023 Details

UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI TAGALLALAR

 

         Bü­tin dün­ýä­de dur­nuk­ly ösü­şiň hem­de sag­dyn dur­muş ýörelgeleriniň ber­ki­dil­me­gi­niň mö­hüm şer­ti hök­mün­de ekolo­gi­ýa mesele­si­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan eko­lo­gik me­se­le­le­re de­giş­li we­zi­pele­riň çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny ut­gaş­dyr­ma­ga uly go­şant goş­ýar. Ýurdu­my­zyň Äh­lu­mu­my me­tan borç­na­ma­sy­na go­şul­ma­gy Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň bi­tir­ýän be­ýik iş­le­ri­niň di­ňe bir hal­ky­my­zyň däl, eý­sem, umu­ma­dam­za­dyň bäh­bit­le­ri­ni na­zar­la­ýan­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek su­but et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň BMG-­niň Ho­wa­nyň üýtgeme­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň mas­la­ha­tyn­da be­lent mün­ber­den Türk­me­nis­tan Äh­lu­mu­my me­tan borçna­ma­sy­na go­şul­ýan­dy­gy­ny res­mi taý­dan be­ýan et­me­gi şu döw­le­tiň ra­ýa­ty­dy­gy­ňa bo­lan buý­san­jy­ňy art­dyr­ýar. 

Umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li ta­gal­la­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za hem­-de hal­ky­my­zyň Mil­li Li­de­ri­ne al­kyş­la­ry­myz çäk­siz­dir. 

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

08.12.2023 Details

HEMMELERIŇ WEZIPESI BOLMALYDYR

 

Jemgyýetimizde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen neşekeşlige, çilimkeşlige, arakhorluga, naskeşlige garşy göreş jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Zyýanly endiklerden çilimkeşlik ynsan saglygyna has-da zyýanlysydyr. Şonuň üçinem ýurdumyzda temmäki önümleriniň zyýanly täsiriniň öňüni almak bilen bagly çärelere uly üns berilýär. Bu meseläniň çözgüdine üstümizdäki ýylyň 7-nji iýunynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde-de garaldy. Mejlisde döwlet Baştutanymyz temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň, şiresiniň, elektron çilimiň ýurdumyza bikanun getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurlygyny belläp bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi il-günümiziň saglygyny temmäki önümleriniň zyýanly täsirinden goramaga gönükdirilen derwaýys tagalladyr.

Lukman hökmünde çilimkeşligiň zyýany barada ýatlap geçmegi zerur hasaplaýaryn. Çilim çekýän adamlarda demgysma, bronhit, dem alyş ýollarynda dürli keseller has ýygy ýüze çykýar. Şeýle hem bu ýaramaz endige ýykgyn edýän adamlaryň ýürek gan damar ulgamlarynda, dem alyş ýollarynda, öýkende keselleriň döremek ähtimallygy ýokary bolýar. Dem alyş ýollarynda täze döremeleriň peýda bolmagam ahmaldyr. Bu ýagdaýlara temmäkiniň düzümindäki nikotin, uglerodyň okisi, sinil kislotasy, kömürturşy gaz, organiki kislotalar sebäp bolýar. Bular çilimkeşiň bedenine çilimiň tüssesiniň üsti bilen aralaşýar. Galyberse-de, temmäki tüssesi çilimkeşiň dişlerini saraldýar.

Çilimkeşligiň öňüni almakda, ondan diňe bir uly ýaşly adamlary däl, eýsem, ýaşlary goramak aýratyn ähmiýete eýedir. Bu meseläniň çözgüdi hemmeleriň wezipesidir. Şonuň üçinem çilimkeşligiň, naskeşligiň zyýanly täsiri barada düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerini alyp barmak möhüm wezipedir.

Çary GURBANMYRADOW.

Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

07.12.2023 Details
1 ... 41 42 43 44 45 ... 60