The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

BAGT BAGYNYŇ BILBILLERI

 

Bag­ty­ýar ­ça­ga­ly­gyň,­ asu­da,­ bo­l e­lin dur­mu­şyň­ gu­ja­gyn­da­ er­ka­na­ ýaý­naýan­ şa­dy­ýan ­ça­ga­la­ryň ­me­ka­ny­na­ öwrü­len­ gö­zel­ Di­ýa­ry­myz­da­ hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ ta­gal­la­sy­ bi­len­ ýaş ne­sil­le­ri­miz uly ala­da bi­len gur­şalýar. Ça­ga­la­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gy döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tutulýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň aý­dyň ertirleriniň eýe­le­ri, bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň do­wama­ty ha­sap­lan­ýan çagalaryň kä­mil bi­lim­ ter­bi­ýe al­mak­la­ry, sag­dyn beden­li, mil­li ýörelgele­ri­mi­ze yg­rar­ly şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin äh­li mümkin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň aý­ra­tyn ukyp başarnyklary­ny, ýi­ti ze­hin­le­ri­ni ýü­ze çykar­mak, saý­lap alan ugur­la­ry boýunça kä­mil­leş­mek­le­ri üçin ýur­du­myz­da dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri, festiwal­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da we dün­ýä de­re­je­sin­de geçi­ril­ýän abraý­ly hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ryn­da hem bag­ty­ýar nesillerimiziň ga­zanýan üs­tün­lik­le­ri­ne şa­ýat bol­ýa­rys. 

Ber­ka­rar­ döw­le­tiň­ tä­ze­ eý­ýa­mynyň­ Gal­ky­ny­şy­ döw­rün­de­ ça­ga­la­ryň we­ ene­le­riň­ sag­ly­gy­ny­ go­ra­mak­ babat­da­ edil­ýän ­ta­gal­la­lar ­ýur­du­my­zyň dur­muş-­yk­dy­sa­dy­ ösüşi­niň­ aý­rylmaz­ bö­le­gi­ ha­sap­lan­ýar.­ Bu­ ba­bat­da Ga­raş­syz,­ ba­ky­ Bitarap­ Di­ýa­ry­myz ab­raý­ly­ hal­ka­ra­ gu­ra­ma­la­r ­bi­len hoşni­ýet­li­ gatnaşykla­ry­ ýo­la ­goý­ýar.­Ýurdu­myz­ bi­len­ ÝUNF­PA,­ ÝUNISEF hem­-de­ BSGG­ ýa­ly­ ab­raý­ly­ hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň­ ara­syn­da­ ene­le­riň,­ çaga­la­ryň­ we­ ýet­gin­jek­le­riň­ sag­ly­gy­ny go­ra­mak­ bo­ýun­ça­ uzak­ möh­let­le­ýin maksat­na­ma­lar ­he­re­ket­ ed­ýär. 

Dün­ýä­de bag­ty­ýar ça­ga­ly­gyň we äh­li arzuw­la­ry­ň ha­syl bol­ýan ýurdy hök­mün­de be­lent yk­ra­ra eýe bo­lan berka­rar Döw­le­ti­miz­de ýaş nes­liň dur­muş go­rag­ly­ly­gy ba­bat­da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ba­batda türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň tagalla­sy bi­len bin­ýa­dy goý­lan yn­sanper­wer döw­let sy­ýa­sa­ty Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­nyşy döwründe has­-da giň ge­rim bilen dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Tä­ze ta­ry­hy döwür­de ýaş ne­sil ha­kyn­da­ky alada döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tulýan ug­ry bol­mak bi­len, bu ba­bat­da Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň: «Ça­ga­la­ryň bag­ty­ýar­ly­gy Watanymy­zyň buý­san­jy­dyr. Bi­ziň ama­la aşyrýan her bir işi­miz, be­lent tu­tumla­ry­myz kö­ňül­le­ri­mi­ziň gu­wan­jy bolan şa­dy­ýan ça­ga­la­ry­my­zyň bagt­ly gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir» di­ýen ajaýyp söz­le­rin­den ugur al­nyp, nus­galyk iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 

Ru­hy­ we­ be­den­ taý­dan­ sag­dyn,­ bi­lim­li,­ ylym­ly,­ giň­ dünýägaraýyşly,­ hü­när­li­ ne­sil­ler­ ýur­duň­ eg­silmez­ kuw­wa­ty­dyr,­ güý­jüdir.­ Mil­li Li­de­ri­mi­ziň­ nygtaý­şy­ ýa­ly,­ şeý­le­ nesil­ler­ bi­len­ ýe­til­me­jek­ men­zil,­ edilme­jek­ iş­ ýokdur.­ Şeý­le ­kä­mil­ ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp­ ýe­tiş­dir­mek­ üçin­ eziz­ Diýarymyz­da­ äh­li­ şert ­müm­kin­çi­lik­leriň­ dö­re­dil­me­gi­ bi­ziň­ her­ birimi­ziň ba­şy­my­zy­ gö­ge­ ýe­tir­ýär.­ Bag­tyň­ guja­gyn­da ­ýa­şa­ýan ­bag­ty­ýar ça­ga­lar­ şol müm­kin­çi­lik­ler­den­ ne­ti­je­li­ peý­da­lanyp,­ bi­lim­ al­ýar­lar,­ boş­ wagt­la­ry­ny peý­da­ly,­ şat­lyk­ly­ ge­çir­ýär­ler. 

Ça­ga­la­ryň­ to­mus­ky­ dynç­ alyş möw­sü­mi­ni­ tä­sir­li,­ gö­wün­ is­le­ýiş­le­ri ýa­ly­ ge­çir­mek­le­ri­ üçin­ ýur­du­myz­da dö­re­di­len giň­ ge­rim­li­ mümkinçilikler hem­ buý­sanç­ly­ söh­bet­le­re­ esas­ bolup ­bi­ler. Çün­ki,­ döwlet­ de­re­je­sin­dä­ki ala­da­la­ryň­ çäk­le­rin­de­ «Awa­za»­ mil­li sy­ýa hat­çy­lyk­ zo­la­gyn­da­ky,­ Gök­dere­ jül­ge­sin­dä­ki­ we­ ýur­du­my­zyň­ äh­li welaýatlarynda­ky­ döw­re­bap­ ça­ga­lar sa­gal­dyş ­dynç­ alyş ­mer­kez­le­ri­ ýurdumy­zyň­ bag­ty­ýar­ ça­ga­la­ry­nyň ­hyz­matyn­da.­ Döw­rüň­ kä­mil­ enjamlary ­bi­len bir­kem­siz ­üp­jün­ edi­len ­bu­ mer­kez­ler­ «Pä­him­-paý­has um­ma­ny­ Mag­tym­guly­ Py­ra­gy»­ ýy­ly­nyň­ to­mus­ pas­lyn­da hem­ bag­ty­ýar­ ça­ga­la­ra­ ga­py­la­ry­ny giň­den­ aç­dy.­

Ha­za­ryň­ türk­men­ ke­na­ry­nyň be­ze­gi­ne­ öw­rü­len­ şy­pa­ha­na­ zolagynda­ky­ «Da­ýanç»,­ «Ar­zuw»­ sa­galdyş­-dynç­ alyş­ mer­kez­le­ri,­ «Balkan»­ sa­gal­dyş­ we­ dynç­ alyş­ mer­ke­zi ­to­mus pas­ly­nyň­ ilkin­ji­ günlerin­den­ ça­ga­laryň­ şat­lyk­ly­ ses­le­ri­niň­ joş­gun­ly­ ýaňlan­ýan­ ýerle­ri­ne­ öw­rül­di.­ Bu­ ýer­de ça­ga­lar­ bi­rek-­bi­rek­ bi­len­ ta­nyş­ýar­lar,­ dostlaş­ýar­lar.­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Magtym­gu­ly­ adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ guramasynyň­ Bal­kan­ we­la­ýat­ hem-­de­ et­rap,­ şä­her­ ge­ňeş­le­ri ­ta­ra­pyn­dan do­wam­ly ge­çi­ril­ýän­ öza­ra­ bäs­le­şik­le­re­ uly­ höwes­ bi­len­ gat­na­şyp,­ bi­lim de­re­je­le­ri­ni,­ te­bi­gy­ ukyp­-ba­şar­nyk­la­ry­ny­ gör­kezýär­ler­ hem­-de­ ýö­ri­te­ baý­rak­la­ra­ myna­syp­ bol­ýar­lar. 

De­ňiz­ ke­na­ryn­da­ky­ «Älem­go­şar»,­ «Jadyly­ ke­nar»,­ «De­ňiz merjeni» ­ýa­ly oýun­ att­rak­si­on­ly ­se­ýil­gäh­ler­ hem-­de­ «Sal­kyn ­ke­nar»­ mede­ni­ dynç­-alyş ­seýil­gä­hi­ bol­sa­ ça­ga­la­ryň­ aýra­tyn­ höwes­ bi­len­ gel­ýän­ kün­jek­le­ri­dir.­ Bu se­ýil­gäh­le­riň­ aja­ýyp­ mümkin­çi­lik­le­ri bag­ty­ýar­ çagalarda­ ýat­dan­ çyk­ma­jak ýa­kym­ly­ tä­sir­le­ri gal­dyr­ýar.­ 

To­mus­ky­ dynç­ alyş­ möw­sü­mi­niň her­ bir­ gü­nü­ni­ ýa­kym­ly,­ täsir­li pur­satla­ra­ bes­le­ýän­ bag­ty­ýar­ ça­ga­lar­ öz­le­ri ba­ra­da ­edil­ýän­ ägirt­ uly­ alada­lar ­üçin Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­za­ hem­-de Ar­ka­dag­ly­ Gah­ry­man­ Ser­da­ry­my­za päk­ ýü­rek­den­ çyk­ýan ­al­kyş­ söz­le­ri­ni aýd­ýar­lar.­ Bag­t­ bagynyň­ saý­rak­ bilbil­le­ri­niň­ ça­ga­ kal­byn­dan­ çyk­ýan­ alkyş­la­ry­ ola­ryň­ zyba­nyn­da­ goş­gy ­gaza­la, ­aý­dym ­mu­ka­ma­ öw­rül­ýär.

 

Gu­wanç ­ÇEN­DI­ROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky­ 

Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Bal­kan ­we­la­ýat ­Ge­ňe­şi­niň 

                                                                                                          baş­ly­gy,­ Mej­li­siň­ de­pu­ta­ty

05.07.2024 Details

SARPASY BEÝIK SÖZ USSADY

 

Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleriň lezzetinden ganyp bolmaýar. Şeýle ölmez-ýitmez eserleriň döremegini şahyryň ata Watanyny, ene topragyny, il-halkyny jany-teni bilen söýendigi, milletiniň özbaşdak döwlet gurup, eşretli durmuşda ýaşamagyny ýürekden arzuw edendigi bilen düşündirip bolar. Akyldar şahyryň eserlerini hemmeler gyzyklanma bilen okaýarlar. Çünki onuň dostlugyň, parahatçylygyň, agzybirligiň waspy bolup ýaňlanýan şygyrlarynda Watana, halka bolan bimöçber söýgi-buýsanç duýgusy, ynsanperwer garaýyşlaryň, halkyň bagty, birek-birege sylag-hormatyň ähmiýeti mynasyp beýanyny tapýar. 

Beýik şahyryň «çoh garaşan ajap eýýamynyň» eýesi bolan türkmen halky, türkmen döwleti häzirki döwürde ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz — asuda, ilimiz — bagtyýar. Bu gün Watanymyz parahatçylyk, agzybirlik höküm sürýän kuwwatly, baky berkarar ýurda öwrüldi. 

Taryhy özgertmelerdir ösüşlere beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda akyldar şahyra goýulýan hormat-sar­panyň has-da belende göterilýändigine, eserlerini dünýä ýaýmakda uly işleriň amala aşyrylýandygyna her birimiz buýsanmaga haklydyrys. Ajaýyp zamanada geçirilýän giň gerimli dabaralar ýurdumyzyň berkararlygynyň, il agzybirliginiň, akyldar şahyrymyzyň arzuwynyň hasyl bolandygynyň aýdyň güwäsidir. 

Goý, dana şahyryň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde has-da beýgelmegi üçin taýsyz tagallalary edýän, ýurdumyzy uly ösüşler, şöhratly gadamlar bilen öňe alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun! 

 

Wezirgeldi Aşyrow, 

welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna 

garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

04.07.2024 Details

ŞANY DÜNÝÄ DOLAN ŞÄHER

 

«Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar». Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyndan alnan bu jaýdar jümleler täze taryhy döwrümizde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly özgertmeleriň, bolup geçýän taryhy-syýasy ähmiýetli wakalaryň mysalynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady, egsilmez yhlasy we uzak geljegi nazarlaýan başlangyjy bilen kemala gelen Arkadag şäheriniň döredilmeginiň bir ýyllyk şanly senesi hem raýatlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Öňde baryjy tejribelere we täze tehnologiýalara esaslanyp bina edilýän bu şäher ýurdumyzdaky iri şäher gurluşyk taslamalarynyň biri bolup, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň döwlet berkararlygyny, ykdysady kuwwatynyň mizemezligini alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Köpetdagyň eteginde bina bolan Arkadag şäheri döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimlidiginiň aýdyň nusgasydyr» diýen ajaýyp sözlerinde Arkadag şäherinde amala aşyrylýan işleriň ähmiýeti öz beýanyny tapýar. 

Ata Watanymyzyň taryhynda ilkinji döwlet ähmiýetli şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine sebitiň ilkinji «akylly» hem-de «ýaşyl» şäher konsepsiýalaryna doly kybap gelýändigi üçin abraýly halkara guramalaryň güwänamalarynyň, sylaglarynyň gowşurylmagynda bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli we uzak geljegi nazarlaýan işleriň wajyplygy aýdyň görünýär. Şonuň üçin hem Arkadag şäheriniň gurluşygyna ýurdumyzyň täze taryhy döwrüniň beýik gudraty hökmünde baha berilýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de tagallasy bilen 2019-njy ýylda Arkadag şäheriniň gurluşygyna badalga berildi. Sanlyja ýylyň içinde bu şäherde döwrebap tehnologiýalaryň we milli binagärlik däpleriniň sazlaşygy esasynda bina edilen ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar, seýilgähler we beýleki desgalar peýda boldy. Bagtyýar halkymyzyň buýsanç bilen «Arkadag» diýip atlandyran şäheri bu günki gün dünýäniň ýaşaýyş üçin iň rahat şäherine öwrüldi. Bu hakda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynda: «Täze Arkadag şäheri häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy» diýip, aýratyn nygtap geçdi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallasy bilen binýat bolan Arkadag şäheri, sözüň doly manysynda, halkyň bagtyýar, abadan durmuşynyň, ýurdumyzyň ykdysady-senagat kuwwatynyň, şäher gurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleriniň we döwrebap tejribesiniň aýdyň beýanyna öwrülýär. 

 

Rasul SADULLAÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

04.07.2024 Details

GYMMATLY MIRASYŇ BEÝIK SARPASY

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm meselede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Edebi mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýýan halkyň geljegi aýdyňdyr. Ýokarda ýatlananlary Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem äşgär edýär. 

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň soňky nesillere miras galdyran eserleri sözüň doly manysynda terbiýe mekdebidir. Asyrlar aşsa-da, onuň watan söýüjilige, mertlige, lebzi halallyga, ruhy-ahlak terbiýesine ýugrulan şygyrlary gadyr-gymmaty bilen hemmeleri haýran galdyrýar. Özbaşdak türkmen döwletini, türkmeniň aşynyň bir suprada taýýar kylynmagyny arzuwlan Magtymguly atamyzyň isleg-arzuwy hasyl boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň gülläp ösýän zamanasynda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny toýlamak il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Beýik şahyrymyzyň şygarlarynda ata Watana, ene topraga çäksiz söýgi, edep-terbiýelilige, ahlaklylyga, halal zähmete, gaýduwsyzlyga, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige çagyryş çeper beýan edilýär. 

Nusgawy şahyrymyzyň eserleri dünýä halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edildi. Şonuň üçinem Magtymguly atamyzyň şygyrlary dürli ýurtlaryň okyjylaryna tanyşdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçeris. Bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen baglan şahyryň arzuw eden zamanasy geldi”. Türkmen topragyny jandan söýüp, il-güni gözümiziň göreji deý eý gören akyldar şahyrymyzyň gymmaty hiç haçan öçmejek eserleri dürli dillerde söýlüp okalýar. Magtymguly atamyzyň belent şahsyýeti, şahyryň döredijiligi Gündogaryň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň köpasyrlyk edebi mirasynda öçmejek yz galdyrdy. Şahyryň pähim-paýhasdan doly, çuňňur filosofiýa ýugrulan şygyrlary bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebi boldy. Ol häzirem şeýleligine galyp, geljekde-de şeýle boljakdygy şübhesizdir. 

Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasy dag aşýar. 

 

Saparmyrat ÇARŞAKOW. 

Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň ykdysatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

04.07.2024 Details

DÖREDIJILIGIŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ BAÝRAMY

 

Bagtyýar türkmen ili 27-nji iýunda Mede­ni­ýet we sun­gat işgärleriniň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ni uly dabara­la­ra bes­läp bel­läp geç­di. Ýur­du­my­zyň aba­dan­ly­gy­nyň, halkymyzyň bag­ty­ýar­ly­gynyň, ru­hu­be­lent­li­gi­niň we dö­re­di­ji­li­giň baýramy hök­mün­de giň­den da­ba­ra­lan­dy­ry­lan şan­ly se­ne ga­dy­my Ahal ýaý­la­syn­da hem baý da­ba­ra­la­ra ut­gaş­dy. 

Änew şä­he­ri­niň mer­ke­zi se­ýil­gä­hin­de — akyl­dar şa­hy­ry­myz Magtym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýady­gär­li­gi­niň öňün­dä­ki toý meý­dan­ça­syn­da ge­çiri­len da­ba­ra gö­wün gö­te­ri­ji duý­gu­la­ra bes­len­di. We­la­ýat hä­kim­li­gi, we­la­ýat Me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry tarapyndan bi­le­lik­de gu­ra­lan da­ba­ra eda­ra-kär­ha­na­la­ryň zäh­met­keş­le­ri, ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri, ýaş­lar hem-de me­de­ni­ýet-sun­gat iş­gär­le­ri gatnaşdy.

 Da­ba­ra­da­ky gut­lag çy­kyş­la­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ajaýyp baş­lan­gyç­la­ry, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýurdu­my­zyň beý­le­ki ul­gam­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, me­de­ni­ýet­de hem uly özge­riş­lik­le­riň bo­lup geç­ýän­di­gi, türk­men aý­dym-saz, ama­ly-ha­şam sunga­ty­nyň bü­tin dün­ýä ýaň sal­ýan­dy­gy hak­da söz açy­lyp, be­ýik, tutumla­ryň sa­ka­syn­da du­ran Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hem-de Ar­ka­dag­ly Gahry­man Ser­da­ry­my­zyň ady­na al­kyş söz­le­ri aý­dyl­dy.

We­la­ýat Me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi ta­ra­pyn­dan ­aja­ýyp se­ne my­na­sy­bet­li taý­ýar­la­nan aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar toý ly­ba­syn­da­ky baý­ram­çy­lyk meýdan­ça­sy­na ru­hu­be­lent­lik çaý­dy. Gö­zel Diýa­ry­myz, be­ýik döw­rü­miz, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tanly­gyn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­rylýan döw­let­li tu­tum­lar, ta­ry­hy ösüş-öz­gert­me­ler, mil­li medeniýetimi­ziň we sun­ga­ty­my­zyň ýe­ten be­lent de­re­je­si aý­dym-saz, tans-folk­lor to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da joş­gunly was­py­ny tap­dy. Mil­li öwüş­gin­li ser­gi­ler we gy­zyk­ly to­ma­şa­lar bolsa, toý­çy mä­re­kä­niň ün­sü­ni çe­kip, ýa­kym­ly tä­sir­le­ri peş­geş ber­di.

Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gindä­ki Now­ruz ýaý­la­sy­nyň «Türkme­niň ak öýi» bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki toý meý­dan­ça­synda bo­lan da­ba­ra baýramçy­lyk çä­re­le­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­di. We­la­ýa­ty­my­zyň me­de­niýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry beýik döw­rü­mi­ziň beýanyna öw­rül­di.

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

03.07.2024 Details

ENERGIÝANY TYGŞYTLAMAK SYÝASATYNYŇ MILLI KANUNÇYLYK ESASY DÖREDILDI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energiýa üpjünçilik ulgamy yzygiderli ösüşlere beslenýär. Türkmenistan dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň şertlerine we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy ygtybarly we kämil kanunçylygyň bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary, şol sanda energiýa üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk namalary öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda energiýanyň çeşmeleri bolup durýan ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, suwlaryň, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi berkidilen. 

Häzirki wagtda «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Elektrik energetikasy hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Energiýany tygşytla­ma­gyň 2018 — 2024-nji ýyl­lar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürme­giň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» hem-de başga-da birnäçe kadalaşdyryjy we düzgünleşdiriji hukuk namalary hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «ýaşyl» energetikany ösdürmeklige gönükdirilen işleriň milli kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli berkidilmegine gönükdirilen işler uzakmöhletleýin esasda alnyp barylýar. Munuň şeýledigini sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly», «ýaşyl» şäher Arkadag şäherinde energiýany tygşytlaýjy, dünýäniň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan desgalaryň, elektromobilleriň, elektrobuslaryň bolmagy-da doly tassyklaýar. 

Energiýa serişdeleri baradaky kanunçylyk namalarynyň üstüni ýetiren «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 30-njy martynda kabul edildi. Bu Kanunyň kabul edilmeginiň esasy maksady ata Watanymyzyň energiýa çeşmelerinden diňe bir bolelin peýdalanmakdan ybarat bolman, eýsem, energiýa serişdeleriniň tygşytlanylmagyny höweslendirmekden, energiýanyň netijeliligini goldamakdan, ýangyç-energiýa serişdelerini netijeli sarp etmekden, geljekki nesillerimizi energiýany netijeli peýdalanyp bilmek ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. 

«Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ata Watanymyzda bu ugurda täze sahypany açmak bilen, diňe bir energetika ulgamynyň däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli energiýadan peýdalanýan ulgamlarynda energetika babatdaky işleriň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegine we bu işleriň höweslendirilmegine ýardam eder. Garaşsyz Watanymyzyň ähli pudaklarynda netijeli peýdalanylan we tygşytlanylan energiýa serişdeleri bolsa Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyryp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk hem pugtalanmagyna, ösmegine, geljek nesillerimiziň energiýa serişdelerinden uzak ýyllaryň dowamynda peýdalanyp biljekdiklerine, ylaýta-da ýaş nesillerimizi bu ugurda terbiýelemek işlerine ýardam etjekdigine ynam döredýär. Ýurdumyzyň energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, onuň kuwwatyny artdyrmak barada giň gerimli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mydama rowaç bolsun! 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty 

baradaky komitetiniň agzasy.

03.07.2024 Details

TÄMIZ SÄHERLI KÄMIL ŞÄHER

 

Türkmen halky geçmişde jahana ýaň salan beýik döwletleri, gözelligi bilen haýrana goýan azym-azym şäherleri gurup, dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolupdyr. Berkarar Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýan zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine ýugrulan pähim-paýhasyndan, ylahy yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäheri ýagty geljegimiziň nyşany hökmünde äleme şugla saçýar. Köpetdagyň etegindäki gadymy mekanda gurlup, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäherinde indi bir ýyl bäri eşretli durmuş gaýnap joşýar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda gurlan ajaýyp şäherde ynsanyň döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy, hünär öwrenmegi, mahlasy, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler bar. 

«Akylly» tehnologiýalar bilen üpjün edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Biri-birinden gözel hem-de täsin binagärlik keşbi bilen gözüňi dokundyrýan binalary synlanyňda, olaryň hersiniň özboluşly sungat eserine meňzeýändigine göz ýetirýärsiň. Olaryň diňe gözelligi däl, eýsem, adamlara getirýän uly peýdasy hem göwnüňe ganat berýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we beýleki düzümler ýurdumyzda ilatyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan döwlet syýasatynyň dabaralanýandygyny äşgär edýär. Döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly sport toplumy we sport merkezi, 10 müň orunlyk stadion sagdynlygyň sakasy hasaplanýan bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikleri görkezýär. Şäheriň beýleki binalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän «Ruhyýet köşgi», Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki täze şäherde medeniýetli dynç almaga döredilen giň şert-mümkinçiliklerden habar berýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi we beýleki ýöriteleşdirilen mekdeplerdir çagalar baglary ýaş nesle kämil derejede bilim we terbiýe berip, Watana wepaly, il-güne haýyrly raýatlary kemala getirmäge ýardam berýär. Bu ýerde döredilen iň häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş şertleri şeýle ajaýyp şäheriň döremeginde Gahryman Arkadagymyzyň neneňsi uly yhlasynyň, ýadawsyz zähmetiniň ýatandygyna şaýatlyk edýär. 

Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda döredilip, ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan sogaply işler ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär. Gaznanyň howandarlygynda işe girizilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň ýüzlerçesine toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergisi geçirildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze we seýrek görnüşli ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdylan merkezde degişli bejergi-dikeldiş işlerini amala aşyrmak, lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramak üçin ähli zerur şertler döredilendir. 

Gahryman Arkadagymyzyň mähir-söýgüsinden, ýürek yhlasyndan bina bolan Arkadag şäheri bu gün dünýäniň nazarynda. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen gurluşygynyň ikinji tapgyryna girişilen Arkadag şäherinde Milli Liderimiziň tagallalary esasynda ekologiýa taýdan arassa we sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanýan innowasion önümçilik kuwwatlyklary döretmek bilen baglanyşykly işler berk gözegçilikde saklanýar. Täze şäheriň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik toplumlarynyň hatarynda ýerli çig mallardan lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenen lukmançylyk klasteri hem-de milli halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde, täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti bolan haly kärhanasy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşar. 

Ýurt we halkara derejedäki medeni dabaralaryň, sungat festiwallarynyň, bilim bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli ýaýbaňlandyrylýan ýerine öwrülen Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Medeniýet hepdeligi geçirildi. Gözbaşy müňýyllyklara uzaýan medeniýetimizi, baý milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy dabaralandyrýan ajaýyp hepdeligiň berkarar döwletimiziň okgunly ösüşleriniň nyşanyna deňelýän Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, il-ulsumyzyň kalbyna ganat bekledi. Arkadag şäheri baky baharyň mesgeni hem-de ak bagtyň şäheridir. Bu ýerde ýaşaýan her bir adam egsilmez söýgi, mähir bilen gurşalyp alnandyr. Arkadag şäheri — türkmen halkynyň ykbalynyň galkynan şäheri.

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň agzasy.

29.06.2024 Details

ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGY – WATANYMYZYŇ BUÝSANJY

 

Ösüş­le­re bes­len­ýän aja­ýyp za­ma­na­myz­da Gah­ry­man Arkadagymyzyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz tagal­la­la­ry we ýa­daw­syz ala­da­la­ry bi­len ýaş ne­sil­le­riň bag­ty­ýar durmuşda ýa­şa­ma­gy, oka­ma­gy, dynç al­ma­gy, Wa­ta­na, il-gü­ne peý­da­ly, ru­hy hem be­den taýdan sag­dyn adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Ça­ga­la­ryň bagty­ýar­ly­gy Wa­ta­ny­my­zyň buý­san­jy­dyr. Bi­ziň ama­la aşyr­ýan her bir işi­miz, be­lent tu­tum­la­ry­myz kö­ňül­le­ri­mi­ziň gu­wan­jy bo­lan şa­dy­ýan çaga­la­ry­my­zyň bagt­ly gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir» di­ýen söz­le­ri hem aýdyň tas­syk­la­ýar. 

Bag­ty­ýar ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi pe­der­leri­mi­ziň asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri, edep-ter­bi­ýe ka­da­la­ry esa­syn­da ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek hem hä­zir­ki wagt­da döw­let de­re­je­sin­de esa­sy üns be­ril­ýän ugurla­ryň bi­ri­dir. Bu babat­da Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aja­ýyp ki­tap­laryn­dan ugur al­mak, şo­la­ra sal­gy­lan­mak çaga ter­bi­ýe­si bi­len iş sa­lyş­ýan her bir adam üçin mö­hüm­dir.

Ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň gat­naşmak­la­ryn­da edep-ter­bi­ýä gönük­di­ri­len wa­gyz-ün­dew çä­re­le­ri­niň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi-de zamana­my­zyň aja­ýyp hem-de öz oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýän asylly dä­bi­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jöw­her ze­hin­le­rin­den dö­rän gym­matly ki­tap­la­ry­nyň esa­syn­da edepliligiň, ha­lal­ly­gyň, aras­sa ah­lak­ly­ly­gyň türk­men hal­ky­my­zyň asyr­lar­ bo­ýy esa­sy ýö­rel­ge­leri bo­lup gel­ýän­di­gi, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da durup, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­giň her bir ça­ga­nyň, ýetginjegiň bor­ju­dy­gy ha­kyn­da­ky gür­rüň­le­re wagyz-ne­si­hat çä­re­le­rin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

Ýaş ne­sil­le­riň döw­re­bap bi­lim al­magy­ny, hü­när­li adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi­ni ga­zan­mak ýur­du­my­zyň mil­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ryn­da hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. «Ça­ga­nyň hu­kuk­la­ry­nyň döw­let ke­pil­likle­ri hakynda» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny we beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy resminamala­ry mu­nuň su­but­na­ma­sy hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Olar eziz Diýarymyzda hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil, sag­dyn nes­li ter­bi­ýe­läp ýetişdirmek­de uly tu­tum­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir.

Bil­şi­miz ýa­ly, hä­zir ça­ga­la­ryň to­musky dynç alyş möw­sü­mi dowam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň aja­ýyp Gök­de­re jül­ge­sin­däki, Ha­za­ryň türkmen ke­na­ry­nyň jä­he­gi­ne öw­rü­len «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zolagyn­da­ky, we­la­ýat­la­ry­myz­da­ky ça­galar dynç alyş we sa­gal­dyş merkez­le­rin­de dö­re­di­len şert-müm­kin­çi­lik­le­ri gö­re­niňde-de, ýaş ne­sil­ler ha­kyn­da döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan edil­ýän ala­da­nyň dün­ýä nusgalykdygyna göz ýe­tir­ýär­siň. Şol ýer­ler­de dynç alyp, wagt­la­ry­ny şady­ýan hem peý­da­ly ge­çir­ýän ça­ga­la­ryň şat­lyk­ly, gül­ki ses­le­ri bol­sa Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň aja­ýyp mukamy bo­lup ýaň­lan­ýar. 

 

Per­man SA­PA­ROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­n

29.06.2024 Details

MEDENI-YNSANPERWER ÖSÜŞ WE DÖWLET SYÝASATY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhy ösüş ýolunda aýratyn möhüm tapgyrdyr. Häzirki döwürde beýleki ulgamlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem uly özgerişleri äşgär görmek bolýar. Bu ugra döwletimiziň kuwwatly guramaçylyk, serişdeler, aňyýet güýji gönükdirilýär. Gazanylýan netijeler halkyň durmuşyna täzeçe öwüşgin berýär. Döwrebap ösüşiň ilkinji alamatlarynyň biri-de sowatlylygyň artmagydyr. Otuza golaý ýokary okuw mekdebinde, ýüzlerçe orta hünär we başlangyç hünär mekdeplerinde, daşary ýurtlaryň bilim merkezlerinde okap, hünär eýesi bolýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy medeni-aňyýet kämilliginiň artmagyna aýgytly täsir edýär.

Hä­zir­ki zaman önümçilik, aragatnaşyk, ulag we hyzmat ediş pudaklarynda işleriň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda barha giň gerimde ýaýbaňlanmagy, maglumat tehnologiýasynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň adaty we aýrylmaz bölegine öwrülmegi bilen, sowatlylygyň ýokary, öňdebaryjy derejesine bolan talap artýar. Bu bolsa jemgyýetçilik aňynyň işjeňleşmegine, pikirlenişiň çaltlaşmagyna ýol açýar. Işjeňligiň we aň ösüşiniň ilkinji şerti bolsa bilimiň, sowatlylygyň çalt hem giň gerimde ösdürilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz — tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň durmuşyň ähli ugurlaryna barha giňden aralaşýan döwri. Döwür ösýär, şol bir wagtda adamzat jemgyýetinde dürli üýtgeşmeler, özgerişler bolup geçýär. Munuň özi ýaşlardan hünär taýýarlygy babatda edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär» diýip, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynda belleýär. 

Hünär taýýarlygyna bolan talabyň ýokarlanmagynyň esasy sebäpleriniň biri hem telekeçiligiň, hususy işewürligiň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly düzümine öwrülýändigi, hususy pudakda dünýä ülňülerine laýyk önümçilik düzümleriniň ýyl-ýyldan giňelýändigi bilen baglydyr. Häzirki döwürde durnukly işleýän hususy pudakda iş orunlaryna bolan bäsleşik ýokarlanýar. Halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegi netijesinde ýaş hünärmenlere esasy hünär taýýarlygynyň daşyndan, daşary ýurt dillerini öwrenmek hem zerur bolup durýar. 

Jemgyýetçilik aňynda bolup geçýän şeýle oňyn özgerişler döwleti durmuş-ykdysady taýdan dolandyrmagy yzygiderli we netijeli kämilleşdirmegiň esasy şertleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan hem döwlet syýasatynda medeni-ynsanperwer, aňyýet ösüşlerine aýratyn uly üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim arkaly beýik geljegiň gurulýandygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly belleýşi ýaly, bu günki gün dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgama geçmek ileri tululýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. 

Döwrebap maksatlaýyn ösüş ýörelgelerini amala aşyrmakda ýurdumyzda ylym-bilim babatda halkara hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Aragatnaşygyň häzirki şertlerinde, maglumat tehnologiýasynyň ösmegi netijesinde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri artýar. Indi halkara ylym-bilim bäsleşiklerine, ylmy maslahatlara onlaýn arkaly gatnaşmak, milli ylym-bilim pudagynda gazanylýan üstünlikleri, täzelikleri halkara jemgyýetçilige ýetirmek, bu babatda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek kada öwrüldi. Biziň ýurdumyzda şeýle täzelenişden işjeň hem giňden peýdalanmak ýola goýuldy. 

Halkara hyzmatdaşlyk diňe tehniki bilimler babatda däl-de, eýsem, medeni-ynsanperwer ugurlarda-da yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, daşary ýurtlarda we öz ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlardyr beýleki çäreler hem medeni-ynsanperwer ösüşleri ilerletmekde döwlet syýasatynyň netijeli ýola goýlandygyny görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýy berlip, onuň «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky» diýlip atlandyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň näderejede uludygyny nobatdaky gezek tassyklady. Şunda milli ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümçiligi guramak ýaly, häzirki döwürdäki ösüş maksatnamalarynyň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy maksat bolup durýandygy mälimdir. Bilimde we ylymda giň gerimli çäreler yzygiderli, döwrüň talaplaryna we şertlerine görä dowam etdirilýär. Munuň özi milli ylym-bilim ulgamynyň halkara giňişlige ynamly çykyp, ösüş hereketlerine giňden goşulyşmagyna şert döredýär. 

Häzirki zamanyň ösüşini häsiýetlendirip, hormatly Prezidentimiz: «Durmuşda ähli zat biri-biri bilen bagly. Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň, bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar. Sebäbi bolçulyk üçin abadan durmuş, bagtyýar ýaşaýyş üçin bolsa parahatçylyk hem gülläp ösüş gerek. Biziň ýurdumyzda bularyň ikisi-de bar» diýip belleýär. Parahat, asuda, gülläp ösýän ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň miwesini öz durmuşlarynda görüp, bagtyýar döwre guwanyp ýaşaýan halkymyz, esasan hem, ýaşlar ýene bir esasy ugra — hususy iş bilen meşgullanmaga aýratyn üns berip başladylar. Mundan 10 — 12 ýyl öň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany birnäçe müňe barabar bolan bolsa, häzirki döwürde ol gurama işewür düzümleriň 29 müňden gowragyny birleşdirýär. 

Ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň diňe bir san taýdan däl-de, önümçiligiň möçberi, görnüşleri, hili babatda-da uly ösüşleri gazanýandygyny bellemelidiris. Häzirki döwürde türkmen telekeçileri innowasion tehnologiýaly iri kärhanalary, elektroenergetika önümçilik desgalaryny gurmakda, döwletiň ösüş maksatnamalary esasynda şäher we ýol gurluşyk işlerine, oba hojalyk pudagyna gatnaşmakda uly tejribe topladylar we ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda öz orunlaryny yzygiderli giňeldýärler. Işewürler Arkadag şäherinde bina edilen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, medeni-önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna hem işjeň gatnaşýarlar. 

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy bolsa döwlet bilen hususy pudagyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgalarynyň biridir. 

Arkadagly Gahryman Prezidentimiz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňe sürülýän möhüm wezipeleriň hatarynda ýangyç energetika pudagyny hasaba almazdan, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmegiň ileri tutulýandygyny belledi. Munuň özi diňe bir telekeçilere we hususy işewürlere bildirilýän ynam bolmak bilen çäklenmeýär. Sebäbi ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň ösüşi döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň köp ugurlaryny öz içine alýar. Bu esasan hem, döwletiň ykdysady syýasatynyň netijeliligine, ýurdumyzyň Hökümetiniň ýerlerde döredýän mümkinçiliklerine baglydyr. Telekeçilik işleriniň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugta kemala getirilmegi, hususy önüm öndürijilere we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýanlara döwletiň ykdysady-önümçilik, ulag-aragatnaşyk düzümlerindäki, ylmy-barlag edaralaryndaky we beýleki ulgamlaryndaky serişdelerden hem-de gazanylanlardan peýdalanmaga hukuklaryň kepillendirilmegi hususy pudagyň çalt depginde ösmegine ýardam edýär. 

Türkmenistanyň öňdengörüjilik bilen ýola goýan, kämilleşdiren ösüş strategiýasynda halkyň, jemgyýetçiligiň çeper-döredijilik başlangyçlaryna, milli maddy gymmatlyklar babatda gadymdan gelýän ýörelgelere, senetçiligiň döwrebap görnüşleriniň ýaýbaňlandyrylmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Medeni-ynsanperwer ösüşiň bu ugurlary häzirki zaman jemgyýetçilik durmuşynyň ruhy-aňyýet binýadyna, döwlet bilen halkyň jebisligini şertlendirýän ýagdaýa öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň deňsiz-taýsyz başlangyçlary, hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýörelgelerimiz halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze many-mazmuna, barha giň gerime eýe bolýar. Çeper döredijiligiň hemde maddy-medeni gymmatlyklary baýlaşdyrmagyň döwlet tarapyndan ýokary derejede höweslendirilmegi adamlaryň aňyýet işjeňligine giň ýollary açýar. Medeni hyzmatdaşlygyň halkara derejä çykarylmagy bolsa türkmen halkynyň döredijilik mümkinçilikleriniň örän uludygyny, asyrlara ýaň salýan ägirt uly ruhy güýjüniň bardygyny äşgär edýär. 

Halkynyň paýhas güýjüniň döwürlere täsirini açyp görkezmekde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik hazynasynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirilen asylly gymmatlyklar baradaky naýbaşy kitaplarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bardyr. Medeni-ruhy mirasymyzyň ähmiýetiniň döwlet syýasatynda şöhlelenmegi milletimiziň geçmişde beýik döwletleri gurmakda we dolandyrmakda şöhrat gazanyşy ýaly, milli gymmatlyklaryň baý hazynasyny döretmekde-de taryhy işleri bitirendigini aýan edip, onuň halkara derejede giňden ykrar edilmegine ýol açýar. 

Medeniýetimiziň, maddy-ruhy mirasymyzyň islendik ugruny alyp görenimizde, häzirki döwürde örän uly we düýpli döredijilik galkynyşynyň şaýady bolýarys. Munuň özi milletimiziň döredijilik, ruhy dünýäsiniň baýlaşýandygyna adamzat durmuşynyň aňyýet zerurlygynyň gözellikler, medeni-ynsanperwer ösüşler bilen baglydygyna çuňňur göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Tebigatyň gözelliklerinden ruhlanýan, kalbyň gözelliginden gaýnap çykýan, sazlaşykly, ruhubelent ýaşamaga çagyrýan, hiç haçan gymmaty gaçmaýan maddy, medeni, ruhy, aňyýet gymmatlyklarymyzy beýik taryhymyzyň zynatyna, kalplarymyzyň şamçyragyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ösdürýän, kämilleşdirýän, geljege alyp barýan döwletlilik ýoly dowamat-dowam bolsun! 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

28.06.2024 Details
1 ... 45 46 47 48 49 ... 90