The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

GÖZEL TEBIGATYMYZ — MELHEM ÇEŞMESI

 

Toýlary-toýlara, baýramlary-baýramlara ulaşýan eziz Diýarymyzda uly dabara bilen bellenilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasynyň, zehininiň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň täze XV jildiniň neşir edilmegi halkymyza nobatdaky baýramçylyk sowgady boldy.

 

Alym Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy işi, ensiklopedik eseri ene topragyň melhemlik we dermanlyk baýlyklarynyň özboluşly beýany, baý tebigatymyza buýsanjyň nusgasydyr.

Türkmenistanda lukmançylygyň, fitoterapiýanyň ösmeginde we kämilleşmeginde aýratyn orny eýeleýän bu eser diňe döwürdeşlerimiz üçin däl-de, eýsem geljekki nesiller üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly ruhy hazynadyr. 

Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri her bir adama türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümlikleriniň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gorlary, dermanlyk häsiýetleri, melhemlik ähmiýeti, ösümlikleriň köklerinden, miwelerinden melhemlik ýa-da derman serişdelerini taýýarlamak barada giňişleýin maglumat berýän ylmy çeşmedir. Bu kitapda türkmen topragynda ösýän 2000-den gowrak derman ösümlikleriň halk lukmançylygynda ulanylýandygy, olaryň 500-den gowragynyň endemik ösümlik bolup, diňe Türkmenistanda bitýändigi baradaky maglumatlar beýan edilip, şolaryň 119-syna giňişleýin häsiýetnama berilýär. Bu ylmy-ensiklopedik eseriň ähli jiltleri biziň her birimiziň ýan kitabymyza, ýakyn gollanmamyza öwrüldi. Ol daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly höwes bilen okalýar we öwrenilýär. Munuň şeýledigini kitabyň 15-e golaý dünýä dillerine terjime edilmegi we şol dillerde neşir edilmegi aýdyň subut edýär. 

Her bir adamyň kalbynda türkmen topragynyň dagyna, düzüne, derýasyna, deňzine buýsanjyň, söýginiň joşup durmagyny, Watan mertebesiniň belende galmagyny gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne pikirlere baý ajaýyp kitaplary aýratyn orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda waspy ýetirilen milli gymmatlyklarymyzyň ençemesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň öçmez-ýitmez maddy we ruhy gymmatlyklary döredip bilýän zehinli halkdygyny dünýä äşgär edýär. Täze kitapda Milli Liderimiz türkmen topragynda bitýän endemik dermanlyk ösümlikler bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däpleriniň hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdygy barada belläp geçýär.

Gahryman Arkadagymyzyň beýleki ajaýyp eserleri ýaly, bu ensiklopedik eseriniň täze jildi hem terbiýeçilik ähmiýete eýe bolmak bilen, eziz Watanymyza söýginiň, bereketli topragymyza buýsanjyň gözbaşy bolan milli mirasymyzyň we tebigatymyzyň gözelligini halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň aňyna çuňňur ýetirmekde, olaryň ähmiýetini düşündirmekde uly gollanma bolar. Täze kitapda ýerleşdirilen gözel tebigatymyzyň, täsin ösümlikleriň we gülleriň suratlary aýratyn özüne çekiji bolup, bu gözellikleri goramak, aýap saklamak, baýlaşdyrmak barada ündelmegi terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. 

Häzirki döwürde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň il-güne, Watana gerekli, halal adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary parasatly pikirleri özünde jemleýän gymmatly çeşme, görelde mekdebi, paýhas hazynasy bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň kitaplary ýurdumyzyň geljegi üçin hem ajaýyp mirasdyr.

Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda: «Men bu kitabyň siziň hakyky we hoşniýetli maslahatçyňyza öwrüljekdigine, köp ýyllaryň dowamynda saglygyňyzy, ýaşlygyňyzy hem-de gözelligiňizi saklamaga kömek etjekdigine ynanýaryn. Goý, hemişe türkmen tebigatynyň adamyň jan saglygyna oňaýly täsir edýän çeşmesi hiç haçan egsilmesin!» diýip ýüzlenýän sözleri türkmen halkynyň bagtyýar, sagdyn durmuşy, ruhubelentligi baradaky aladalar bilen utgaşyp, bu kitaby okan her bir adamyň kalbyny mähir bilen gurşap alýar.

Goý, lukman hem alym Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş berýän şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!

 

Serdar GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy.

“Daşoguz habarlary”, 09.11.2023

09.11.2023 Details

BOLÇULYGYŇ BAÝRAMY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar sazlaşykly ösdürilýär. Şol sanda oba hojalygy ösdürmek boýunça birnäçe işler ylmy esasda alnyp barylýar. Hakyky ýer eýeleri bolan edermen daýhanlarymyza giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan daýhanlarymyz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp,  Watan harmanyna tabşyrýarlar.

 

Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde janypkeş daýhanlarymyzyň arly ýyl çeken zähmetleriniň ýerine düşendigini, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýene bir gez beýgelmegini alamatlandyrýan Hasyl toýy bellenilip geçilýär. Bereketliligiň pasly hasaplanýan goýazy güýzüň gözel gününde Hasyl toýy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Berekediň we bolçulygyň baýramynda dürli görnüşli sergiler guralýar. Eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda dabaralar, oba hojalyk işgärlerini hormatlamak çäreleri, konsertler hem­de sport ýaryşlary geçirilýär.

Baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym­agronomlary, seçgiçileri, beýleki oba hojalyk hünärmenleri baýramçylyk sowgatlary we hormat hatlary bilen sylaglaýarlar. Bu bolsa geljekde hem edermen daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmet çekip, ýylyň­ýylyna Watan harmanyna bol hasyl tabşyryp, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Il arasynda «Daýhan baýasa, döwlet baýar» diýen aýtgy bar. Dogrudan hem halkyň azyklyk önümleriniň esasy öndürijisi bolan daýhanyň galkynmagy, onuň yhlasly işlemegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi ýurduň ösüşine itergi berýär. Ýurdumyzda daýhanlar üçin döredilýän şertler hasyl ussatlaryny, ýer eýelerini, edermen daýhanlary uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar, mundan  beýläk­de oba hojalyk pudagynyň batly depginler bilen ösmegine mynasyp goşant goşmaklyga borçlandyrýar. 

 

Serdar BEGMYRADOW, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.

“Arkadag”, 09.11.2023

 

09.11.2023 Details

TARYHY ÄHMIÝETLI BEÝIK IŞLER

 

Berkarar döwletimiziň ähli ugurlar boýunça beýik ösüşlere beslenmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ýurdumyzda biri-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar, beýik ösüşler aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen taryhy mejlisinden soňra alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem geljek üçin wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan möhüm ähmiýetli işleriň netijeleri hem-de geljekki ugurlary bilen berk baglanyşyklydyr. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokary derejä eýe bolmagy, halkyň durmuş ýagdaýlarynyň has-da ýokarlanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Eziz Watanymyzyň täze taryhynda gazanylan üstünlikleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerinden gözbaş alýar we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ata Watanymyz ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýär, dünýäniň beýleki döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarly bolup durýar. Taryhy döwürde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasy hökmünde belent derejelere eýe bolýar. Türkmenistanyň beýik ösüşleri, ykdysady kuwwaty muny doly tassyklaýar. 

Bu günki günde ýurdumyzyň ösüşleri, il-ýurt bähbitli maksatnamalar, adam hakyndaky alada tutuş halkymyzy uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Çünki şeýle beýik işler ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ösüşleri gazanmakda, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda örän möhümdir. Şeýle beýik ösüşleri wagyz etmek hem asylly ýörelgedir. Şonuň üçin geçirilýän dabaraly maslahatlarda bu barada giňişleýin beýan edilýär. Munuň özi wagyz-nesihat işlerinde möhüm ähmiýete eýe bolup, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar, röwşen geljege bolan ynamy berkidýär. 

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da berkidilýär, beýik işler durmuşa geçirilýär. Täze taryhy eýýamda beýik ösüşlere beslenýän gözel görkli Diýarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda belent üstünlikler bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler aýdyň beýan edildi, şeýle hem geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Munuň özi belent maksatlaryň rowaçlanýandygyny, ýurdumyzyň ösüşler bilen öňe barýandygyny aýdyň beýan edýär. 

Eziz Watanymyzy has-da ösdürmek, bagtyýar hem-de röwşen geljegimiz barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

08.11.2023 Details

DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERINE DAÝANYP

 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Amala aşyrylýan işleriň diňe häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi guwandyryjydyr. 

Şu ýyl hem biziň geljegimiz bolan ýaşlaryň durmuşyna özüniň oňyn täsirini ýetirjek medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň onlarçasy, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi we Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi açylyp ulanmaga berildi. Bularyň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan döwrebap, kämil bilim hem ýaşlar syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. 

Ýaşlar baradaky hemmetaraplaýyn alada olary täze döredijilik üstünliklerine, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine gönükdirilen asylly işlere ruhlandyrýar. Biz muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda has hem aýdyň göz ýetirdik. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalary, milli gymmatlyklar, däp-dessurlar, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada eden giňişleýin çykyşyny ýaşlar uly gyzyklanma we höwes bilen diňlediler. 

Garaşsyzlygyň we berkararlygyň esaslaryny, milli döwletlilik ýörelgelerini berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edýän, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde ähli ýaşdaky raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň hyzmaty uludyr. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, röwşen geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen belent at berildi. 

Alym Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda ýaşlaryň ylym-bilime, pähim-paýhasa, şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine gyzyklanmalarynyň ýokary bolmalydygyna aýratyn ünsi çekýär. Ylym-bilim bilen Watana wepaly gulluk etmegiň beýik mertebedigini aýdýar. Bu pikir many-mazmuny boýunça örän giň we çuňdur. Bu kitap bilen tanşanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplanan köpasyrlyk baý tejribämize goýýan uly hormatyny duýýarsyň. Şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitlere hem-de ýaş nesillerimiz tarapyndan ylym-bilime, pähim-paýhasa daýanyp, Watanymyzy gülledip ösdürmek babatda amala aşyryljak ýeneki işlere, ösüşlere has-da guwanýarsyň. Sebäbi geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz diýilýär. “Biz geçmişe daýanyp, geljegi gurýarys” diýip, Gahryman Arkadagymyz örän jaýdar belleýär. Milli Liderimiziň bu çykyşynda türkmen halkynyň taryhyny, türkmeni dünýä tanadan şahsyýetlerimiziň, türkmen jemgyýetiniň, häzirki Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ýeten sepgitleriniň we onuň geljekki ösüşleriniň arasyndaky sazlaşygy görmek bolýar. Biz Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda durmuşymyzyň, ýaşaýşymyzyň ähli ugurlaryny görüp bilýäris. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikleriň özeni bolup durýar. Halkymyz, Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiz agzybirligiň we jebisligiň beýik nusgasyny kemala getirýär.

Ýurdumyzda ynsan üçin, aýratyn hem ýaşlarymyz üçin çäksiz aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz ýaşlar bilen geçen umumy okuw sapagynda-da durmuşa täze gadam basýan ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdebe öwrülen nesil terbiýesiniň on iki görnüşine üns çekdi. Şeýle mekdebi geçen ýaşlarymyza bil baglamak bilen, Milli Liderimiz: «Men ýaşlarymyzyň el-ele berip, yhlasly zähmet çekjekdiklerine, öňde goýlan belent maksatlara ýetjekdiklerine, Watanymyzyň şöhratyny arşa göterjekdiklerine berk ynanýaryn» diýip belledi. 

Şeýle beýik ynamy ödäp, döwrebap bilim almak, ylym bilen meşgullanmak, döredijilikli zähmet çekmek ýa-da sportda üstünliklere ýetmek üçin ýurdumyzda ýaş nesle ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz zähmetleri bilen her bir adam, hususan-da, ýaş nesil hakyndaky aladany hemişe duýup ýaşaýarys. 

Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, halkyny ýürekden söýüp, bagtyýar, abadan durmuşy üpjün edýän, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun! 

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň 

Merkezi geňeşiniň başlygy.

06.11.2023 Details

YKDYSADY GALKYNYŞYŇ MÖHÜM ŞERTI

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşleriň röwşen ýolunda ynamly ilerleýän Watanymyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak ykdysadyýetiň hususy pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Bazar ykdysadyýetiniň depginli ösüşiniň wajyp şerti bolan telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy we işewürligiň höweslendirilmegi hususy telekeçiligiň rowaçlanmagyna giň ýol açýar.

Soňky 15 ýylda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň hukuk esaslary döredildi, şol sanda «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Kanunlar kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şol sanda «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, telekeçiligiň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýoludyr. Döwletimiziň goldawynyň netijesinde türkmen telekeçileri halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak, haryt bolçulygyny döretmek ugrunda zähmet çekip, milli önümleriň öndüriliş möçberlerini we görnüşlerini yzygiderli artdyrýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberi halkyň abadançylygynyň hem-de durmuş-ýaşaýyş şertleriniň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. 

Garaşsyz Watanymyzda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ulgamynda uly ösüşler gazanyldy. Bu bolsa türkmen telekeçileriniň iş alyp barýan ugurlaryny, ygtyýarlyklaryny giňeldip, olaryň iri maýa goýumlaryny özleşdirmäge we döwlet taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaklaryny şertlendirdi. «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygy barha ýygjamlaşýar. Häzirki döwürde hususy işewürler söwda toplumynda, ykdysadyýetiň täze pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň mineral-çig mal baýlyklaryny gaýtadan işlemekde, sanly ykdysadyýeti, elektron senagaty ösdürmekde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge uly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän telekeçiler ulag-logistika ulgamynda iş alyp barmakda hem uly öňegidişlik gazanýarlar. Häzirki wagtda bir tarapdan, ulag-logistika pudagynda iş alyp barýan işewürleriň hatary artýan bolsa, beýleki tarapdan hususy düzümleriň birnäçesi ugurdaş taslamalary durmuşa geçirmäge, şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna gatnaşýarlar. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda döredilýän ägirt uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, hususy pudak yzygiderli ösdürilýär. Bu günki gün hususyýetçiler berkarar Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. 

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler 

partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty

06.11.2023 Details

ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ MÖHÜM ŞERTI

 

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde belent ykrarnama eýe bolan ýurdumyzda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň sagdynlygy ýurduň we jemgyýetiň ösüşiniň wajyp şertidir. Şoňa göräde, sagdynlygy we sporty jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletleriň ähli ugurlarda gülläp ösýändigini dünýä tejribesinden hem aýdyň görýäris. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda uly tagallalar edilýär. 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýurdumy­zyň sport ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, türk­men spor­tunyň dünýädä­ki ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­mek, ila­ty sport bi­len meşgul­lan­ma­ga köp­çü­lik­le­ýin çek­mek, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti ar­ka­ly sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­leri­ni has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak ýa­ly asyl­ly mak­sat­lar­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çiril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň çuň­ňur oýlanyşyk­ly öz­gert­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de türkme­nis­tan­ly tür­gen­ler halkara ýaryş­lar­da yzy­gi­der­li ýe­ňiş ga­za­nyp, Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­ýar­lar. 

Ýur­du­myz­da sport ul­ga­my­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy hem yzy­gi­derli pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. «Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da», «Pro­fes­sio­nal sport ha­kyn­da», «Sport­da dopin­ge gar­şy gö­reş­mek ha­kyn­da», «At­çy­lyk we atly sport ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň, şeý­le hem «Türkme­nis­tan­da 2021 – 2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýäni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» hem-de ony ama­la aşyr­mak boýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi hem bu ha­ky­ka­ty tas­syk­la­ýan anyk my­sal­lar­dyr. 

Hä­zir­ki za­man sport dü­zümle­ri­ne eýe bo­lan ýur­du­myz­da iň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry üs­tün­lik­li ge­çir­mek üçin hem gerek­li müm­kin­çi­lik­ler we oňyn tej­ri­be ýe­ter­lik­dir. Ýur­dumyz­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýunla­rynyň, Agyr atletika bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tynyň we beý­le­ki iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň üs­tün­lik­li geçi­ril­me­gi-de, Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny, Sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny gu­ra­ma­gyň yna­nyl­ma­gy-da aý­dy­lan­la­ry bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len su­but ed­ýär. 

Ýa­kyn­da türk­men halky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ge­çi­ren Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mejli­sin­de hem ila­tyň sag­ly­gy­ny berkit­mek, be­den hem ru­hy taý­dan sag­dyn ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek ugrun­da öň­de dur­ýan mö­hüm we­zipe­ler kes­git­le­nil­di. Şol mak­sat­la­ryň my­rat tap­ma­gy bol­sa halkymyzyň ag­zy­bir­lik­de çekýän zäh­meti­ne, tu­tan­ýer­li­li­gi­ne bag­ly­dyr. 

Be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dü­rip, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar edýän, halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gah­ry­man Arkadagymy­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, be­ýik baş­langyç­la­ry ro­waç bol­sun! 

 

 

Perman SAPAROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni.

06.11.2023 Details

WATANY SÖÝMEGIŇ KÄMIL NUSGASY

 

Watan hakyndaky söhbetler, aýdymlardyr şygyrlar — ýürege has ýakyn hem-de eziz. Çünki biziň durmuşymyz Watanyň gujagynda başlanýar, ykbalymyz, geljegimiz Watan bilen bagly bolýar. Şonuň üçin her bir adamyň şahsy mertebesi onuň Watanyna bolan päk düşünjesi, söýgüsi, hormaty bilen kesgitlenilýär. Watany söýmegiň, il-güne wepaly hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eseri watançylyk duýgusyna ýugrulan parasatly jümleleri, kämil pikirleri, çuň mazmunly tymsallary özünde jemleýän gymmatly gollanmadyr. Kitapda: «Watan özüne siňdirilen söýgüden ylham, boý alýar. Watan söýgüsi bilen ülkeler, ýurtlar abadan bolýar. Watana bolan söýgimiziň beýikligine görä, adamyň döredijilik zehini oýanýar, artýar» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýagşy amallary etmekde, halal zähmet çekmekde ata-babalarymyzyň görelde mekdebine eýermäge çagyrýar. Gündogar akyldarlarynyň: «Bagtly bolmak üçin Watany söýmek ýeterlikdir» diýen sözlerini mysal getirmek bilen, bagt hakyndaky garaýyşlarymyzy çuňlaşdyrýar, düşünjelerimizi kämilleşdirýär. Biziň söýýän ynsanlarymyz, ýakynlarymyz şu Watanyň goýnunda ýaşaýar, biz şu toprakda zähmet çekip, rehnedini görýäris, şu günümiz we geljegimiz bilen bagly amallarymyzy, arzuwlarymyzy şu Watan bilen baglanyşdyrýarys. Berkarar döwletimizde jemgyýetiň, il-halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan döwletli işler biziň kalbymyzda täze maksatlary oýarýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Barlygymyzam, bakylygymyzam, beýikligimizem, bitewüligimizem şu Watanymyz, halkymyz bilen bagly» diýen ganatly setirleri ynsan ömrüniň manysynyň, ykbalynyň gözelliginiň şertlerini açyp görkezýär. Adamzat ýaşaýşynda ýeke gezek berilýän ömür menziliňi gülzarlyga beslemek, adyňy ebedileşdirmek üçin Watanyň, il-halkyň bilen bir syna bolup, ähmiýetli işleri amala aşyrmaga çagyrýar. Bu gymmatly kitap biziň ruhy dünýämizi nurlandyrýar, kalbymyza gözellik çaýýar, geljek hakyndaky arzuwlarymyzy ganatlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlaryna gymmatly gollanma, geljekki türkmen nesillerine edebi miras boljak ajaýyp eserleri bilen halkymyzy begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan, ýiti paýhasyndan kemala gelýän şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun! 

Wezirgeldi Aşyrow, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

02.11.2023 Details

DÖWLETIMIZIŇ BERK BINÝADYNYŇ KEPILI

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli kanunçylygymyz barha kämilleşdirilýär. Ata-babalarymyzyň döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplan baý tejribesine daýanyp, milli demokratiýamyzy has hem dabaralandyrmak, raýat jemgyýetini ösdürmek, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak kabul edilýän kanunlarda esasy maksat bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde berýän goldawlary we gymmatly maslahatlary ýol görkeziji çelgi bolup durýar. Milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça halkara tejribeler içgin öwrenilýär hem-de olaryň iň ygtybarly ugurlary ornaşdyrylýar. Munuň özi kanunçylyk ulgamyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda baýlaşdyrmagyň döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biridigini aýdyň görkezýär.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýanyň kadalaryndan, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerinden, gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, şeýle hem degişli edaralardan gelen teklipler seljerilip, Mejlisiň bu maslahatynda «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» we başgada hereket edýän birnäçe kanunlary kämilleşdirmek bilen bagly, şeýle-de birnäçe halkara konwensiýalaryna, halkara ylalaşyklaryna goşulmak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seredildi we kabul edildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamyň bähbitlerini ileri tutmak arkaly durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgelerine laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny goldamak hem-de bu ugurda uly hyzmatlary bitiren raýatlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň «Arkadag» medaly döredildi. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, adamyň we raýatyň durmuş-ýaşaýyş, saglyk babatda hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga goşant goşan, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde işleri bitiren, durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş, meýletinçilik edaralarynyň, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmekde, hususan-da, lukmançylyk, saglygy dikeldiş babatda kömek bermekde meýletinçilik hereketleri ösdürmekde uly goşant goşan raýatlaryň sylaglanýandygy kanunyň maddalarynda berkidilendir. Bu ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolanlara medalyň şahadatnamasynyň ýany bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşany ýerleşdirilen ýörite sowgadyň hem dabaraly ýagdaýda gowşurylýandygy bellenilýär. 

«Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan ynsanperwer durmuş syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, adamyň, raýatyň kanuny bähbitleriniň goraglylygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Kabul edilen kanunlaryň ählisi ýurdumyzyň ilatynyň asuda, bolelin, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün eder. Watanymyzy röwşen geljege tarap bedew bady bilen alyp barýan, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 

 Enejan AMANÝAZOWA, 

Daşoguz şäherindäki 39-njy çagalar bakja-bagynyň 

müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

02.11.2023 Details

GEŇEŞLINIŇ EDEN IŞI OŇ BOLAR

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyz öz ykbalynyň, öz bagtynyň eýesi boldy. Ol öz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň gujagynda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtly ömür sürýär. Ata-babalarymyzyň yhlasyndan boý alan arzuw daragtyna şu ýyl 32 ýyl doldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň giňden bellenilen günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi bolsa, ata-babalarymyzyň “Bagtly ile toýlar goşa-goşadan gelýär” diýen aýtgysyndan habar berýär. 

Halk Maslahatynyň taryhy kökleri uzak geçmişe uzaýar. Türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň demokratik nusgasynyň başlangyçlary ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmak tejribesinde öz beýanyny tapypdyr. Bular dogrusynda taryhy çeşmelerde birnäçe maglumatlar getirilýär. Oguz hanyň her bir uly ähmiýetli meseläni il-gün bilen geňeşip çözendigi hakynda “Oguznamalarda” aýdylýan bolsa, “Gorkut ata” eposynda Watany goramak, döwlet gurmak, her bir umumy halk meselesi demokratik, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanmak arkaly çözülipdir. Bu günki günde bolsa, halkymyzda möhüm meseläniň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşyp çözmek, köpçülige sala salmak asylly däpleriň biri. Şu babatda, halkymyzda “Geňeşli toý dargamaz”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”, “Geňeşli salamat bolar” ýaly nakyllardyr pähimler bar. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi üstünlikli geçirildi. Halk Maslahatynyň mejlisinde Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeler kesgitlenip, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul edildi. Taryhy maslahatda öz halkyna geňeşli türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynda: “Men Watanymyzyň güýç- kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr!” diýip nygtamagy ykbaly galkynan türkmen ýaşlarynyň göwün guşuny has hem ganatlandyrdy. 

Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bolsa, ähli raýatlarymyz bilen bir hatarda türkmen ýaşlarynyň belent başyny has hem göge ýetirdi. 

Şu ajaýyp pursatda, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly öwüt-ündewlerini her amalda ýörelge edinýän biz — ýaşlar hem, ata Watanymyza wepaly nesil bolup, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik ynamyna mynasyp jogap bermegi özümize mukaddes borç hasaplaýarys. Sebäbi, häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdumyzy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek ogul-gyzlarydyr. 

Goý, berkarar Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Maksat JANMYRADOW. 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

02.11.2023 Details
1 ... 46 47 48 49 50 ... 60