Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

DÜNÝÄ NUSGALYK MENZILLER

 

     2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habary tutus halkymyz bolup uly buýsanç, galkynan ruhubelentlik bilen kabul etdik. Bu habar kalbymyzda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyza bolan beýik watansöýüjilik, il-ýurda ygrarlylyk duýgularymyzy, ata­Watanymyzy halkara derejesinde şeýle abraý-mertebeli belentliklere göterýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bolan çuňňur hormat-sarpamyzy arşa göterdi. Göwnümizi ganatlandyran ýakymly duýgular bolsa, asuda, abadan, bedew batly ösüşleri bilen diňe öňe barýan güneşli Diýarymyz, bagtyýar halkymyz, çüwen ykbalymyz barada ýürek sözümizi aýtmaga höweslendirdi. 

     Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan adalatly, demokratik, dünýewi we hukuk döwlet hökmünde, gysga döwrüň dowamynda dünýäde uly abraý-hormata mynasyp boldy. Ýurdumyz öz ýöredýän adalatly, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatynyň ýörelgelerine daýanyp, ählumumy abadançylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän täze başlangyçlary öňe sürmek babatda barha işjeňleşýär. Şeýlelik­de, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebit hem-de dünýä möçberinde, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ynanyşmak arkaly işeňňir hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny doly subut edýär. Munuň özi berkarar döwletimiziň häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmeginde, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmeginde halkara derejesinde öňdebaryjy döwlet bolup çykyş edýändigini açyp görkezýär. 

     Ýurdumyz tarapyndan amala aşyrylýan umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan giň gerimli işler dünýä bileleşiginde gyzgyn goldawa mynasyp bolýar, sebäbi olar adamzadyň öňünde durýan sebitleýin we ählumumy häsiýetli meseleleriň çözgüdi üçin derwaýys bolan goşantlardyr.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýanyň, öňe sürülýän başlangyçlaryň ählumumy ähmiýeti örän uludyr. Garaşsyz Türkmenistan, turuwbaşdan, Birleşen Milletler Guramasynyň asylly maksatlaryny halkara bileleşigi bilen özara gatnaşyklarda türkmen halkynyň garaýyşlaryna doly laýyk gelýän maksatlar hökmünde kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna, olaryň öz ösüş ýoly baradaky hukugyna sarpa goýmak ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy hökmünde öňe sürüldi. Geçen ýyllar Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň dogrulygyny we esaslydygyny açyp görkezdi. Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlykda Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda öz mynasyp ornuny tapmagy başardy. Dünýä bileleşigi bilen arkalaşykly tagallalary birleşdirmegiň, beýleki ýurtlar bilen sazlaşykly, deňhukukly we sarpaly gatnaşyklary ýola goýmagyň uly tejribesine eýe boldy. Birek-birege ynanyşmak arkaly ýola goýlan hyzmatdaşlygyň Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň iki taraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny baýlaşdyrýandygyny, olary täze mazmun bilen doldurýandygyny hem buýsanç bilen bellemegimiz gerek. Şeýlelik­de, halkara bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan milli döwletliligiň demokratik we hukuk esaslaryny yzygiderli ösdürýär. Adam we onuň hukuklary hem-de azatlyklary biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygyny emele getirýär we döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar.

     Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri adamzadyň iň uly gymmatlyklarynyň hatarynda goýulýar. Parahatçylyk dörediji ýurt bolan baky Bitarap Türkmenistan adamzadyň bu naýbaşy gymmatlygynyň mizemez ýollaryny gurup, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlygyň we agzybirligiň ösmegine uly goşant goşýar. Ol dünýä döwletlerini ynanyşmaga, ynsanperwerlige we hyzmatdaşlyga çagyrýar. Türkmenistanyň başlangyjynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip resmi taýdan yglan etmegi, hormatly Prezidentimiziň bu abraýly guramanyň degişli Kararnamasyny we Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny goldap, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30­ýyllygynyň halkara derejesinde giňden belleniljek senesi bolan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biziň döwletimize bildirilýän ynamyň mizemezdiginiň ýene-de bir anyk subutnamasy boldy. 

     Halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak bilen bir hatarda, dünýä we sebit abadançylygyny pugtalandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

Perman SAPAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň 

baş hünärmeni.

 

27.03.2025 Giňişleýin

Bitaraplyk — dünýä dolýan mertebe

 

     Milli bahar baýramynyň toýlanylýan günlerinde ýene bir hoş habar jahan içre ýaýrap, bagtyýar halkymyzy begendirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynyň belent ykrarnamasy boldy. Ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi türkmen döwletiniň, merdana hem agzybir türkmen halkynyň belende galýan abraý-mertebesiniň kepilidir. 

     Kalbymyzyň buýsanjyna öwrülen mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyz bilen birlikde baky Bitaraplygymyz merdana hem agzybir halkymyz üçin asylly maksatlaryň myrat tapmagydyr, özygtyýarly döwletimizi täze belentliklere götermekde, il-ulsumyzy ynsanperwer maksatlara ruhlandyrmakda bagta uzaýan ýollarymyza nur çaýýan şamçyragdyr. Eziz Diýarymyzda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny döwrebaplaşdyrmak, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny nusgalyk derejede kämilleşdirmek, raýat jemgyýetiniň institutlaryny döretmek we ösdürmek babatynda uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Berkarar ýurdumyzda üstünlikli dowam edýän beýik özgertmeleriň her biri, ilkinji nobatda, halkymyzyň bähbitlerine we demokratik ýörelgelere esaslanyp amala aşyrylýar. Mähriban Watanymyzy ösdürmegiň maksatlary we onuň kanuny taraplary Baş Kanunymyzyň esasy ýörelgelerinde öz beýanyny tapýar. Konstitusiýamyzda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan borçlary we hukuklary pugtalandyryldy. Mukaddes Döwlet baýdagymyzda parahatçylygyň nyşany hökmünde bütindünýä ykrarnamasyna öwrülen zeýtun şahalary öz mynasyp ornuny tapdy. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler döwlet bilen halkyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen derwaýys başlangyçlaryň hatarynda durýar. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini dabaralandyrýan ählihalk baýramynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çözgüdi esasynda Halkara Bitaraplyk güni hökmünde ykrar edilmegi eziz Diýarymyzda döwletiň we halkyň jebisliginiň, ata Watanymyzda dowamat tapýan agzybirligiň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň bütin dünýä nusgalyk hakykatdygynyň hem synmaz güwäsidir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň BMG-ä agza döwletler tarapyndan biragyzdan ykrar edilmeginiň giňden toýlanjak 30 ýyllygy bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýatdan çykmajak taryhy wakalarynyň biri bolar. 

     Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterip, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

 

Guwanç Çendirow,

TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

27.03.2025 Giňişleýin

GYMMATY EGSILMEZ HAZYNA

 

     Hormatly Prezidentimiziň geçen “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ahyrynda çapdan çykyp, okyjylaryna gowşan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyza baýramçylyk sowgady bolan “Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly täze kitaby okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi. Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylda nusgawy şahyrymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň           300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde-de giň gerime eýe boldy. 

     Döwlet Baştutanymyz  “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynda beýik şahyrymyz hakynda söz açyp, dana şahyrymyzyň öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri ýokary ahlaklylykda terbiýeläp bilýändigimizi nygtaýar. Şeýle hem Watanymyzyň ýaşlaryna pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemekde dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine eýermelidigimize okyjylaryň ünsüni çekýär. Hakykatdanam, döwlet Baştutanymyzyň kitabynda nygtaýşy ýaly, beýik akyldar şahyrymyzyň şygyrlary Diýarymyzyň her bir raýatynyň Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza   çäksiz söýgüsini, hormat-sarpasyny artdyrýar. Şonuň üçinem Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde, eserleriniň filosofiki many-mazmunyna göz ýetirmek okyjylar, aýratynam, ýaşlar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Türkmen halkyna ajaýyp kitaplary peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, ýaşlara watansöýüjiligi ündeýän şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

 

Çary GURBANMYRADOW.

Mary etrap hassahanasynyň 2-nji 

çagalar bölüminiň müdiri,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

27.03.2025 Giňişleýin

ПОЛИТИКА НЕЙТРАЛИТЕТА – СТРАТЕГИЯ МИРА И СОГЛАСИЯ

 

     Мировая история создаётся людьми. И людей всегда объединяет желание жить в мире. Стремление к миру – главный посыл всех религиозных и философских учений, общественных наук, культуры и искусства. Сохранение мира рассматривается как условие существования человечества и продолжения жизни на Земле.

 

Данная проблема особенно актуальна в современной глобальной повестке. Как полноправный член мирового сообщества, нейтральный Туркменистан в полной мере осознаёт свою ответственность в содействии международным усилиям по обеспечению глобального мира и формированию прочной основы всеобъемлющего безопасного будущего. Приверженность политике нейтралитета как главному инструменту поддержания мира и безопасности есть руководящий принцип внешнеполитической стратегии нашего государства, и здесь показательны достижения и опыт Туркменистана в её реализации. 

Статус нейтралитета нашего государства был поддержан консенсусом стран-членов Организации Объединённых Наций и закреплён Резолюциями Генеральной Ассамблеи ООН «О постоянном нейтралитете Туркменистана», принятыми 12 декабря 1995 года и 3 июня 2015 года. Символично, что в Международный год мира и доверия Генеральная Ассамблея ООН недавно на 79-й сессии приняла Резолюцию «О постоянном нейтралитете Туркменистана», в которой заявляет о своей решительной поддержке статуса постоянного нейтралитета, объявленного Туркменистаном. Таким образом, Туркменистан является единственным государством, статус нейтралитета которого признан Сообществом Наций. В Основном Законе страны прописано, что Организация Объединённых Наций признаёт и поддерживает провозглашённый Туркменистаном статус постоянного нейтралитета, призывает государства-члены Организации уважать и поддерживать статус Туркменистана, его независимость, суверенитет и территориальную целостность.

Так официально выражено признание нейтралитета нашей страны Сообществом Наций. Что касается практического аспекта, то благодаря продвигаемым нашей страной принципам внешней политики нейтралитет не только обеспечил безопасность государства, но и трансформировался в стратегию в системе международных отношений, которая служит примером мировому сообществу. На основе принятых Генеральной Ассамблеей Организации Объединённых Наций Резолюций «О постоянном нейтралитете Туркменистана» сложился надёжный и востребованный стратегический курс в международных отношениях нашей страны в контексте глобального развития в третьем тысячелетии. Современные тенденции в мировых процессах показывают, что в международных отношениях, в согласованном сотрудничестве культур необходимы фундаментальные основы нравственных и философских взглядов, соответствующие новой эпохе. Уважаемый Президент Сердар Бердымухамедов в книге «Махтумкули – мыслитель мира» пишет, что человек всегда жаждет слова ласкового, слова доброго и слова мудрого. Эти слова как нельзя лучше раскрывают роль и смысл универсальной ценности как необходимого фактора существования человека. 

Это является важным вопросом, стоящим на повестке дня и международных отношений. Национальный Лидер туркменского народа Герой-Аркадаг в своей книге «Музыка мира, музыка дружбы и братства» провидчески излагает такую мысль: «XXI век изменил в мире многое. Вместе с тем грозные события привели к осознанию необходимости новых преобразований, которые касаются не только изменения политики, экономики, но и изменения культуры жизни, духовной жизни общества, морали и философии согласованного сосуществования Запада и Востока».  

   Как мудро отмечает Герой-Аркадаг, каждая страна, каждый человек имеет своё назначение, своё место в историческом пространстве. Это место необходимо переосмыслить в соответствии с сегодняшним мировоззрением и задачами времени. В постоянно меняющемся мире каждая страна, каждый народ решают вопросы определения своей судьбы и выбора своего пути. 

Вместе с тем, как подчёркивает Герой-Аркадаг в своих взглядах на изменения эпохи, ни одно государство в мире не может достичь развития в одиночку, не поддерживая нормальные внешние отношения. Ведь экономическая и технологическая интеграция в мире стала ещё более тесной, чем во все прежние времена. Кроме того, международное общественное мнение рассматривает позитивные отношения, мир и согласованное сотрудничество как главное условие решения всех вопросов. Конфронтация, столкновение интересов, политика силы лишь препятствуют развитию, приводят ко многим сложным и трудноразрешимым проблемам, изменяют позитивную динамику международной политики. 

Всё более очевидной становится необходимость совместных действий в вопросах обеспечения экологической, техногенной безопасности. Взгляды Героя- Аркадага на новую философию эпохи, проводимая в этом направлении уважаемым Аркадаглы Героем Сердаром государственная политика остаются конкретным примером того, как понимание Туркменистаном своего места и определения своего пути в современном глобальном развитии позитивно влияет на нашу страну, а также на соседние государства и страны-партнёров. Национальный Лидер туркменского народа всегда подчёркивает, что в мировой политике необходимо уделять внимание нравственной стороне. По мнению Национального Лидера туркменского народа, нравственные нормы созданы для жизни, и эти ценности созданы для защиты человечества, его всестороннего совершенствования и развития. Такова и политика. Внешняя политика независимого Туркменистана, основанная на нейтралитете, является выражением этой простой и величайшей истины. 

Основной смысл и цель государственной политики, проводимой Президентом Туркменистана уважаемым Сердаром Бердымухамедовым, связаны с осуществлением всех необходимых мер для укрепления мира и безопасности на Земле. Истоки этой политики берут начало в созданных нашим народом социально-культурных ценностях. Подчёркивая это в своей книге «Молодёжь – опора Родины», Аркадаглы Герой Сердар пишет: «В жизни всё взаимосвязано. Такие понятия, как мир, процветание, спокойное небо, благополучная жизнь, считаются ключом к изобилию, счастливой жизни. Потому как для изобилия требуется благополучие, а для счастья – мир и процветание. В нашей стране есть и то, и другое».

Необходимо отметить, что развитие в период после Второй мировой войны продолжалось в условиях создания Организации Объединённых Наций и укрепления доверия государств к Уставу и целям этой Организации. Доверие к тому, что противоречия, возникающие на международном и межгосударственном уровне, не выйдут за определённые рамки и будут решаться путём переговоров и соглашений, стало опорой всеобщего движения человечества к благополучному будущему. 

Объявленный Генеральной Ассамблеей ООН благодаря усилиям уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова 2025 год -Международный год мира и доверия, а также мероприятия на международном уровне, посвящённые 30-летию постоянного нейтралитета Туркменистана, 80-летию Организации Объединённых Наций, являются ещё одной возможностью для человечества укрепить мир на планете и доверие между государствами и народами.

 Национальный Лидер туркменского народа Герой-Аркадаг отмечает: «Мир и доверие – величайшее богатство человечества». Успехи политики нейтралитета, являющейся стратегией мира и согласия, можно отчётливо увидеть в процветании нашей любимой Родины, в её высоком авторитете в мировом сообществе.

 

Ата СЕРДАРОВ, 

председатель Демократической 

партии Туркменистана, депутат Меджлиса Туркменистана.

26.03.2025 Giňişleýin

ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYGA GÖNÜKDIRILEN TAGALLALAR

 

     Şu ýyl ýurdumyzda we halkara derejesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, BMG­niň döredilmeginiň 80 ýyllygy, şeýle hem 2025­nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli çäreler geçirilýär. 

     Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan başlangyçlary diňe bir türkmen halkynyň parahatçylygyna, asudalygyna, berkararlygyna gönükdirilmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde­de uly ähmiýete eýedir. 

     Türkmenistan BMG­niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasynyň, «BMG-Zenanlar» düzüminiň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň gatnaşmagynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün­tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlar dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmelerine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy hem bu ugurdaky işleriň netijeliligini has­da artdyrýar.

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda Türkmenistan halkara tagallalary birleşdirmek hem­de munuň üçin degişli syýasy diplomatik şertleri, mümkinçilikleri döretmek babatda yzygiderli işleri durmuşa geçirýär. Konsepsiýadan ugur alýan anyk çäreleriň hatarynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine zenanlaryň we ýaşlaryň ornuny berkitmek boýunça halkara çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şol işleri durmuşa geçirmek maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen bilelikde «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwletimizde köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde eneligi we çagalygy goldamak maksady bilen döredilýän mümkinçilikler, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty barada öz çykyşlarynda buýsanç bilen bellediler. 

     Häzirki wagtda döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýan birnäçe Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi eneler, ýaş nesiller we köp çagaly maşgalalar üçin maddy we durmuş ýeňillikleriniň netijeli ulgamynyň bardygyny beýan edýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi bolsa aýallaryň zähmet hukuklaryny diňe bir üpjün etmän, olara durmuş­ykdysady nukdaýnazardan ýeňillikleri we hukuklaryň artykmaçlyklaryny hem belleýär. Ýurdumyzda gender deňligini üpjün etmekde dünýä tejribesi esasynda netijeli döwlet syýasaty alnyp barylýar. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny zenanlaryň erkekler bilen deň hatarda syýasy, ykdysady, durmuş, medeni we beýleki ugurlardaky hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmagy üçin döwlet kepilliklerini belleýär. Gender syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021­2025­nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň  zenanlary jemgyýetiň doly hukukly agzalary hökmünde döwletimiziň ykdysady, syýasy we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna giňden wekilçilik edip, zähmet çekýärler. 

     Halkymyzy  aýdyň geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Milli  Liderimiziň hem­de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun!

 

Baýramgözel MYRADOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

deputaty, Mejlisiň Ylym, 

bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky 

komitetiniň başlygy.

25.03.2025 Giňişleýin

КРЕПКАЯ СЕМЬЯ – СЧАСТЛИВЫЕ ДЕТИ

 

     Жизненный путь ребёнка в значительной степени предопределяется крепкой и счастливой семьёй, где царит благоприятная внутрисемейная атмосфера. Национальный 

Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана Герой­Аркадаг отмечает, что «первые уроки демократии и единого управления начинаются с семьи, потому что семья является фундаментом туркменского общества». Играя важную роль, семья в туркменском обществе всегда рассматривается как ценностный нравственный феномен. Это хорошо раскрыто в произведениях Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Героя­Аркадага. «Для меня, как и для всех туркмен, семейные узы – святыня, которую надо оберегать», –неоднократно подчёркивает Герой­Аркадаг.

 

     Следуя традициям предков, государственную политику уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова, направленную на развитие и поддержку семьи, защиту семейных ценностей, материнства, отцовства и детства, определяет аксиома «крепкая семья – могучее государство».

     В нашей стране создана и последовательно совершенствуется правовая база по государственной защите и поддержке семьи. В статье 40 Конституции Туркменистана установлено: «Семья, материнство, отцовство и детство находятся под защитой государства». Нормы, регулирующие семейные отношения, установлены в десятках законодательных актов. Это прежде всего Семейный кодекс Туркменистана, Кодекс Туркменистана 

о социальной защите населения, Законы Туркменистана «О государственных гарантиях обеспечения равных прав и равных возможностей женщин и мужчин», «О государственных гарантиях прав ребёнка» и другие нормативные правовые акты. Также государством создаются все условия для сохранения семьи на духовных и традиционных ценностях туркменского народа.

     Обеспечивая преемственность национальных традиций по укреплению семьи, воспитанию здорового и счастливого молодого поколения в духе любви к Отчизне и родному народу, самоотверженности и высокой морали, в стране успешно реализуется социально ориентированная политика.

     В семейных отношениях супруги имеют равные права и обязанности. Вопросы материнства, отцовства, воспитания 

детей, их образования и иные вопросы жизни семьи решаются супругами совместно, исходя из принципа равенства прав и обязанностей супругов. Свои отношения в семье супруги обязаны строить на основе взаимоуважения и 

взаимопомощи, содействовать благополучию и укреплению семьи, заботиться о благосостоянии и развитии своих детей.

     Золотое правило семейной жизни – терпение и снисходительность. Это правило установлено самой жизнью, опытом многих поколений. Смысл этого правила в том, что все разногласия нужно улаживать мирно и стараться сохранить семью, особенно где есть дети. Для них развод родителей – это большая психологическая травма.

      В соответствии с общепризнанными нормами международного права и учитывая позитивный опыт разных государств, в Закон Туркменистана «О суде» (новая редакция), принятый на восьмом заседании Меджлиса Туркменистана седьмого созыва, которое состоялось 12 апреля текущего года, внесён новый раздел «Судьи по семейным делам». Это сделано «в целях повышения правосудия в обеспечении государственной защиты семьи, 

материнства, отцовства и детства», обеспечения справедливого судебного разбирательства по семейным делам и судебного производства на высоком профессиональном уровне и укрепления гарантий прочности семьи. 

     Должность судьи по семейным делам образуется в этрапских судах городов Ашхабад и Аркадаг, в судах городов, являющихся велаятскими центрами, а также в соответствии с нагрузкой по семейным делам в этрапских судах и судах городов с правами этрапа. Кандидатом на должность судьи по семейным делам может быть гражданин Туркменистана, достигший тридцатилетнего возраста, имеющий высшее юридическое образование, стаж работы по юридической специальности не менее семи лет, в том числе пятилетний судейский стаж работы, и прошедший квалификационный экзамен. 

     Судья по семейным делам рассматривает дела, вытекающие из семейных отношений, при этом принимает необходимые меры для сохранения семьи и для перемирия сторон по делам о расторжении брака. В каждом рассматриваемом деле судья должен руководствоваться принципом выяснения реальных обстоятельств дела, принимать дозволенные в законе досудебные меры для согласования сторон, а также обеспечивать приоритет значимости семьи в развитии ребёнка, общества и государства, приоритет самых лучших интересов ребёнка.

     Туркменистан придаёт большое значение укреплению семейных ценностей, повышению роли семьи в обществе, совершенствованию законодательства в этой сфере. Основная задача общества и государства – это построение прочных и гармоничных семейных отношений. Для этого принимаются меры по укреплению института брака, профилактике семейных проблем и созданию благоприятной атмосферы в семьях. Конечная цель всех этих усилий – воспитание физически и духовно здорового молодого поколения в условиях крепких и стабильных семей. Введение должности судьи по семейным делам – это ещё один шаг на пути к укреплению института семьи и защите прав всех её членов.

 

Дженнет Овекова, 

депутат Меджлиса Туркменистана, член 

Комитета по законодательству и его нормам

23.03.2025 Giňişleýin

ABADANÇYLYGYŇ HEM BITEWÜLIGIŇ ÝOLY

 

     Abadan hem asuda ýaşaýyş ähli döwürlerde ynsanlaryň iň esasy maksatlarynyň biri bolupdyr. Bagtyýar ýaşaýşyň hem-de döredijilikli zähmetiň binýadynda bolsa sagdynlyk, parahatçylyk, ynanyşmak ýaly gymmatlyklar durýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň umumy ykrar edilen ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän asylly ýörelgeler döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertleriniň

biridir.

 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 80 ýylyň dolýanlygy babatda has uly ähmiýete eýedir. Şu şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda iri halkara çäreleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutuldy. Eýýäm olaryň birnäçesi üstünlikli geçirilip, sebit we umumadamzat bähbitli maksatlary amala aşyrmakda anyk ädimler ädildi. Muňa mysal hökmünde diňe mart aýynyň dowamynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli giň gerimli serginiň ýaýbaňlandyrylmagyny, «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň, şeýle hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň geçirilmegini görkezmek 

bolar. Bu çärelere goňşy döwletlerden we yklymyň beýleki ýurtlaryndan, halkara guramalardan hem-de maliýe düzümlerinden köp sanly wekiliýetler gatnaşdy. Ýakynda bolsa paýtagtymyz Aşgabatda halkara sport ýaryşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagyna taýýarlyk görülmegi parahatçylygyň ilçisine hem-de sagdynlygyň gözbaşyna deňelýän naýbaşy gymmatlygyň mümkinçilikleriniň asylly maksatlara ýetmekde netijeli peýdalanylýandygyna güwä geçýär. 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynda nusgawy şahyrymyzyň eserlerinde ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, il halkyň parahat durmuşda ýaşamagynyň, agzybirligiň gadyr-gymmaty baradaky garaýyşlarynyň ähmiýeti aýdyň şöhlelendirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eserinde bolsa parahatçylygy, ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen ylmy garaýyşlar, taryhy wakalar, rowaýatlar aýratyn orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz: «Il-ulus agzybir bolanda döwlet kuwwatly, ýurt asudadyr. Agzybirlik il-halkymyzyň owal-ahyr ygrarly, tutuş durmuşynyň manysyna öwren ýörelgesidir» diýip bellemek bilen, halkyň we döwletiň bähbitleriniň bitewüliginiň, sazlaşygynyň agzybirlikden gözbaş alýandygyny görkezýär.

     Diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara giňişlikde agzybirligi, bähbitleriň we ykballaryň bitewüligini, sazlaşykly hem ylalaşykly ýaşamak ýörelgelerini öňe sürýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň belent maksatlary Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen belent şygarlara esaslanýan syýasy-filosofik garaýyşlaryndan, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynda beýan edilýän pähim-paýhasly pikirlerden gözbaş alýar. Parahatçylyk we ynanyşmak başlangyçlary hem-de ýörelgeleri bolsa hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, şu günüň rahatlygyny, geljegiň aýdyňlygyny gazanmaga gönükdirilendir. 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyryljak beýik işler, durmuşa geçiriljek oňyn özgertmeler täze ösüşlere ýol açmak bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň giňden wagyz edilmeginde, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň ilerledilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy

22.03.2025 Giňişleýin

HALKARA HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren ynsanperwer diplomatiýasy, «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ähli meselelere içgin we toplumlaýyn çemeleşýändigi hem-de daşary syýasatda toplanan paýhasly tejribäniň netijeli dowam etdirilýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Türkmenistanyň il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň üznüksiz häsiýetde bolmagy durnukly ösüş üçin aýratyn ähmiýetlidir. Bu ýörelge ýurdumyzyň ähli ugurlarda maksatnamalaýyn işleriniň netijeli durmuşa geçirilmegine hem täze güýç berýär. 

     Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen ynamly hyzmatdaşlyga esaslanýan parahatçylykly we köpugurly daşary syýasat ugry, ilkinji nobatda, halkymyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň, abadançylygynyň gözbaşydyr. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini üstünlikli amala aşyrýar. Döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine we garaşsyzlygyna hormat goýýan bu ýörelge, köpugurly daşary syýasat çemeleşmesi bilen döredilen goňşuçylyk gatnaşyklary arkaly adalatly we ygtybarly dünýäniň kemala getirilmegine ýardam edýär. Şol bir wagtda, şeýle başlangyç ählumumy derejede parahatçylygyň we howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň berkidilmegine mümkinçilikleri artdyrýar. 

     Türkmenistanyň bu ugurda tutumly taslamalary durmuşa geçirmegi hem-de öňdengörüjilikli, konstruktiw we işjeň bitaraplyk syýasaty onuň abraýly döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmegine ýardam etdi. Bu başlangyçlar we öňe sürülýän pikirler gözbaşyny türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň türkmenleriň agzybirliginiň zerurlygy baradaky pikirlerinden alýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Magtymgulynyň wesýetleri, durmuş pelsepesi halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bu gün halkara derejede ählumumy parahatçylyk üçin ýol görkeziji bolup durýar. 

     Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi gazanmakda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy bolmagynda oňyn başlangyçlaryny işjeň öňe sürýär. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň tebigy serişdeleriň howpsuz üstaşyr geçelgeler arkaly halkara bazarlarda elýeterli bolmagyny gazanmak, söwda-ykdysady gatnaşyklar üçin amatly we köpugurly ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak babatdaky amala aşyrýan beýik işleri bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. 

     Türkmenistan araçyllyk diplomatiýasynyň merkezi hökmünde,  gepleşikler usulynyň işjeň peýdalanylmagyna we diňe şu usulyň kämil siwilizasiýalaryň kemala gelýän şertlerinde ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Aşgabatda geçirilýän dürli ugra degişli duşuşyklaryň, maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň we çäreleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikleri açmagy bu işe toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan 

dialogy parahatçylygyň kepili hasaplamak bilen, täze ýol kartasyny emele getirmek arkaly deňhukukly syýasaty alyp barýar. Bu günki günde şeýle işler ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm gural bolup durýar. 

     Halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna halkara derejede beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. 

 

Merdan TUWAKOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Halkara we parlamentara aragatnaşyklary 

baradaky komitetiniň agzasy.

20.03.2025 Giňişleýin

BAŞ MAKSAT — SAGLYK, BAGTYÝARLYK, RÖWŞEN GELJEK

 

     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan dowamat tapýan il­ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli döwletli tutumlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda barha rowaçlanýar, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gülläp ösüşine, jemgyýetiň abadançylygyna, bagtyýar geljegiň bähbidine, dost­doganlygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna, ýaşlaryň ykbalyna gönükdirilen şeýle asylly işler bolsa, ilkinji nobatda, watançylyk duýgularyndan, il­halka bolan söýgüden gözbaş alýar. Şonuň üçinem Watan bilen bir ykbal bolup ýaşaýan nesilleriň kemala gelmegi baradaky wezipäniň ileri tutulmagy ýöne ýerden däldir. Eziz Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly çuň mazmunly kitabynda bu babatda şeýle belleýär: «Akylly ogul­gyzlar Watan gymmatlygynyň manysyna aýdyň düşünýän pähimdarlaryň nesilleridir. Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly­başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr». 

     Döwrümiziň ýaş nesilleriniň ylymly­bilimli, beden hem ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, türkmençilik däplerine hormat goýýan, ony dowam etdirmegi başarýan, parahatçylyga gol berýän, maşgala gymmatlygyna düşünýän, hukuk taýdan medeniýetli şahsyýetler bolup ýetişmekleri baradaky tagallalar döwlet syýasatymyzyň asyl özenini düzýär. Şeýle­de her bir maşgalanyň hem­de maşgala agzalarynyň aladasy kanun esasynda kepillendirilip, döwlet tarapyndan goraglylygy üpjün edilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar» diýlen kadany agzap geçmek ýerlikli bolsa gerek.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Adamlaryň saglygy baradaky alada jemgyýetde zenan maşgalalara, çagalara we gartaşan adamlara nähili garalýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr». Diýmek, biziň döwletimizde saglyk hem­de bagtyýarlyk düşünjeleri mizemez durmuş ýörelgelerine öwrülmek bilen, hukuk esasynda hem üpjün edilýär. Bilşimiz ýaly, ýaşaýşyň gözelligi saglyga baglydyr. Saglyk barada gürrüň edilende, ol diňe bedeniň saglygy bilen kesgitlenmeýär, şunda pikir sagdynlygy hem zerurdyr. Pikirler sagdyn bolanda, beden hem sagdyn bolýar. Diýmek, saglyk biziň saglyga düşünişimizden, saglyga ähmiýet bermegimizden başlanýar, ol biziň gözel we sagdyn pikir­garaýyşlarymyzdan gözbaş alýar. Bu babatda Magtymguly Pyragynyň: «Dürdür bu janyň lezzeti, //Saglyk anyň soltanydyr» diýen setirleri hakykatyň beýanydyr. Şonuň üçinem ýaş nesilleriň sagdyn kemala gelmekleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri hökmandyr. Sport, köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak ýaşlara edilýän ilkinji nesihatlardyr. 

     Biziň döwletimizde ýaşlaryň hukuklary, azatlyklary we bähbitleri kanun esasynda berkidilendir. Şonuň üçinem, ýaşlar şeýle kada­kanunlardan habarly, hukuk taýdan sowatly, medeniýetli bolmaklyga çalyşmalydyr. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030­njy ýyllar üçin Strategiýasy» ýaşlaryň mümkinçilikleriniň gerimini giňeltmäge, kanun taýdan goramaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň raýatlarynyň, şol sanda ýaşlaryň hem durmuşyna dahylly «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021- 2025­nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasy», Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak kodeksi, Zähmet kodeksi, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek hem­de goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan habarly bolmak jemgyýetde öz ornuňy tapmagyň, hukuk mümkinçilikleriňi peýdalanmagyň baş şerti bolup durýar. 

     Jemgyýet, raýat hem­de ýaş nesil hakynda alada etmek gadymy oguz ýörelgelerinden gözbaş alyp, türkmençilik ýörelgeleri esasynda dowam etdirilýän asylly işlerdir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, gadymy Oguznamalar türkmen kanunçylygynyň iň gadymy nusgalary hasaplanýar. Ynsaply ýaşaýşy durmuş ýörelgesine öwrüp, gadymy oguz däplerini döwlet syýasatymyzyň özenine siňdirip, Ýer ýüzünde parahatçylyk wagyzlaryny giňden dabaralandyrýan, adam hakyndaky aladany, ýaş nesil hakyndaky tagallalary ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz, hoşallyklarymyz biziň zähmetimizde şöhlelenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maksadyňy, zähmetiňi Watan hem­de il­halk bilen baglap, netijeli zähmet çekmek, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin iň ýokary derejedir, mertebedir. 

     Bizi şeýle mertebä eýe eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun! 

 

Annabagt Maýewa,

welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe 

çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary 

edaralar bölüminiň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

 

20.03.2025 Giňişleýin
1 ... 46 47 48 49 50 ... 120