Toýlary-toýlara, baýramlary-baýramlara ulaşýan eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden çykýan ajaýyp eserleri bilen halkymyzyň şatlygyny goşalandyrmak asylly däbe öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 10-njy oktýabrynda uly toý-dabara bilen bellenilýän «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni» Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasynyň, ýiti zehininiň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň täze XV jildiniň elimize gowuşmagy halkymyza nobatdaky baýramçylyk sowgady boldy.
Alym Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy-ensiklopedik eseri ene topragyň melhemlik we dermanlyk baýlyklarynyň özboluşly beýany, baý tebigatymyza buýsanjyň nusgasy bolmak bilen, Türkmenistanda lukmançylygyň, fitoterapiýanyň ösmeginde we kämilleşmeginde aýratyn orny eýeleýär. Bu eser diňe döwürdeşlerimiz däl-de, eýsem, geljekki nesiller üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly ruhy hazynadyr.
Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri her bir adama türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümlikleriniň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gorlary, dermanlyk häsiýeti, melhemlik ähmiýeti, ösümlikleriň köklerinden, miwelerinden melhemlik ýa-da derman serişdelerini taýýarlamak barada giňişleýin maglumat berýän ylmy çeşmedir. Bu kitapda türkmen topragynda 2000-den hem gowrak dermanlyk ösümlikleriniň halk lukmançylygynda ulanylýandygy, olaryň 500-den gowragynyň endemik ösümlik bolup, diňe Türkmenistanda bitýändigi baradaky maglumatlar beýan edilip, şolaryň 119-syna giňişleýin häsiýetnama berilýär. Bu ylmy-ensiklopedik eseriň ähli jiltleri biziň her birimiziň ýankitabymyza, ýakyn gollanmamyza öwrüldi. Ol daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly höwes bilen okalýar hem-de öwrenilýär. Munuň şeýledigini kitabyň 15-e golaý dünýä dillerine terjime edilmegi we şol dillerde neşir edilmegi aýdyň subut edýär.
Her bir adamyň kalbynda türkmen topragynyň dagyna, düzüne, derýasyna, deňzine buýsanjyň, söýginiň joşup durmagy, Watan mertebesiniň belende galmagyny gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne pikirlere baý, ajaýyp kitaplary aýratyn orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda waspy ýetirilen milli gymmatlyklarymyzyň ençemesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň öçmez-ýitmez maddy we ruhy gymmatlyklary döredip bilýän zehinli halkdygyny dünýä äşgär edýär. Täze kitapda Milli Liderimiz türkmen topragynda bitýän endemik dermanlyk ösümlikler bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däpleriniň hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge mynasypdygy barada belläp geçýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ähli beýleki ajaýyp eserleri ýaly, ensiklopedik eseriniň bu täze jildi hem terbiýeçilik ähmiýete eýe bolmak bilen, eziz Watanymyza söýginiň, bereketli topragymyza buýsanjyň gözbaşy bolan milli mirasymyzyň we tebigatymyzyň gözelligini halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesliň aňyna çuňňur ýetirmekde, olaryň ähmiýetini düşündirmekde uly gollanma bolar. Täze kitapda ýerleşdirilen gözel tebigatymyzyň, täsin ösümlikleriň we gülleriň suratlary aýratyn özüne çekiji bolup, bu gözellikleri goramak, aýap saklamak, baýlaşdyrmak dogrusynda onuň terbiýeçilik ähmiýeti beýan edilýär. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky Konstitusiýamyzda bellenen hukuk kadasy «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygar esasynda amala aşyrylýan her bir işde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda gözel tebigatymyzyň ösümlik dünýäsini goramak, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça işler kanunçylyk esasynda alnyp barylýar.
Ýurdumyzda «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda» «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edip, olar türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerinden aýawly peýdalanyp, geljekki nesillerde tebigata bolan jogapkärçiligi artdyrýar. Häzirki döwürde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň il-güne, Watana gerekli, halal adamlar bolup ýetişmeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary parasatly pikirleri özünde jemleýän gymmatly çeşme, görelde mekdebi, paýhas hazynasy bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň kitaplary ýurdumyzyň geljegi üçin hem ajaýyp mirasdyr.
Serdar GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy
goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat
toplumy baradaky komitetiniň başlygy