Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyz baradaky taryhy maglumatlar esasynda ajaýyp eserleri döredip, halkymyza peşgeş berýär. Şolaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň türkmen tohum itleriniň gelip çykyşy we ösdürilişi hakynda gymmatly maglumatlary özünde jemleýän «Türkmen albaýy» atly kitabydyr. Türkmen halky iti ýetişdirmekde ussatlyk görkezipdir. Ony özüniň aýrylmaz hemrasyna, ýakyn kömekçisine öwrüpdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle nakyllaryň ençemesi ýerleşdirilipdir. Olardan: «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger», «Itim-gutum» ýaly nakyllary aýtsa bolar. Türkmen alabaýy hakynda halk döredijiliginde nakyllaryň, rowaýatlaryň, sanawaçlaryň birnäçe toplumy bar. «It üýrse myhman geler», «It gara görmän üýrmez», «Bir başy it-de eklär», «Ýurt ýeriň ýitmesin diýseň it edin» ýaly aýtgylar muňa mysaldyr. Eli çeper ene-mamalarymyz bolsa wepaly itiň keşbini özleriniň döreden sungat eserlerine siňdirmegi başarypdyrlar, sallançak we düşeklik keçelere «Tazyguýruk», «It yzy» nagyşlaryny salypdyrlar. Alabaý iti köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde belleýşi ýaly, alabaýlaryň iň batyrlaryny doglan dessine enesi saýlap berýär. Munuň üçin täze doglan güjükleriň her birini ýatagyndan biraz çetleşdirip, aýry-aýry ýerde goýýarlar. Soň enesi çagalarynyň iň batyr bolup ýetişjeginiň ýanyna ilki baryp, ony ýatagyna getirýär. Enesiniň birinji we ikinji gezekde saýlap getiren güjüklerini çopanlar öz ýanlarynda alyp galýarlar. Olary gowy idedip, terbiýeläp, hakyky çopan itlerini ýetişdirýärler. Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmegiň ata-babalarymyzdan gelýän inçe syrlary örän kän. Alabaýlaryň heniz güjük wagty gulak-guýruklary kesilýär. Uzyn guýruklary bilen burunlaryny ýapyp ýatmazlygy üçin edilýän bu tilsimiň olaryň duýgur we sak bolup ýetişmeginde ähmiýeti örän uludyr. Soňra güjükleri eýesi bilen deň derejede enesi hem gowy terbiýeleýär. Ene alabaýlar çagasyny heniz iki-üç aýlyk wagty öz ýany bilen süriniň yzyna düşürýär. Ýeliň garşysynda ýatmagy öwredýär. Bu bolsa alabaýlaryň hüşgär bolmagyna, ýyrtyjy haýwanlaryň, esasan-da, möjekleriň ýeliň garşysyndan edýän hüjümlerini öňünden syzmagyna ýardam edýär. Eger-de ene goýun guzlap sürüden galsa, çopan itleri tä eýesi ony gözläp tapýança ene goýnuň ýanyndan aýrylman, ygtybarly goragyny üpjün edýär. Üýrüp eýesini çagyrýar. Bu olaryň ganyna siňen gowy häsiýetleriniň biridir. Çopan itleri kiçiliginden malyň kellebaşaýagydyr goýnuň guýruk ýagy bilen ýallanýar. Ilki iki aýlyk wagty, soň bolsa her ýylda itlerde duş gelýän kesellere garşy zyýansyzlandyryş, öňüni alyş sanjymlary edilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy ýokary derejede bellenilip geçilýär. Şu günlerde hem welaýatymyzyň ähli künjeklerinde bu ajaýyp baýrama bagyşlanylan dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Bu geçirilýän dabaralar bolsa türkmeniň eýesine wepaly hasaplanýan alabaý itlerine berýän uly ünsüniň nyşanydyr. Döwletimizde halkymyzy bagtyýar eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadamlary batly, ýollary şöhratly, janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Merdan DOSMEDOW,
TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty