Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu işlerde halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini görýäris, bularyň her biri röwşen geljegimizi üpjün edýär. Şeýle beýik işleri, ägirt uly tutumlary bilen şöhratly taryhymyzyň iň täze sahypalary ýazylýar.
Hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» diýen kitabynda: «Eziz Watanyň, Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, berkarar döwletiň gadyr-gymmatyna düşünýän halk beýik halkdyr. Biziň halkymyz başarnykly halkdyr. Biz halkymyz bilen bilelikde beýik işleri bitirmäge ukyplydyrys» diýmek bilen, başarjaň halkymyzyň başynda durup, döwrümiziň talabyna laýyk uçursyz ägirt uly tutumly işleri alyp barýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda uly işler amal edilýär. Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygy güýçli depgin bilen gurulýar. Munuň özi halkara gatnaşyklarynda türkmen logistikasynyň ösdürilmeginde tutumly işleriň biridir. Hemme amatlyklary bolan ýokary tizlikli ýol — orta asyrlardaky Beýik Ýüpek ýolunyň dowamy hökmünde üstaşyrulag geçelgelerini döretmekde, halk hojalygyny ösdürmekde, sebit gatnawlaryny ýokary derejede gurnamakda, ählumumy multimodal gatnawlar ulgamyna goşulmagynda amal edilen ajaýyp işleriň biridir. Beýik Ýüpek ýolunyň pederlerden nusgalyk galan taryhy şu günki gurluşygy dowam edýän ýokary tizlikli ýoluň Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ata-babalarymyzyň bitiren işlerini dowam etdiriji pähimli başlangyçlarydyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçilige giň ýol açylmagy bilen senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan «Türkmen awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu ýoluň gurluşygyny çalt depginler bilen alyp barýarlar. Ýol gurmakda öňdebaryjy tejribäni häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan peýdalanylmagy türkmen telekeçileriň işjeňliginiň artýandygyna şaýatlyk edýär. Ýokary tizlikli ýoluň döwrebap gurluşyk serişdelerinden peýdalanmagy — ýokary hilli asfalt betondan, geogözeneklerden, sintetik örtükden, torlardan, awtomobil ýolunyň gatlarynyň mäkämligini artdyrýan dürli serişdelerden peýdalanylmagy edilen işiň hilini ýokarlandyrýar. Munda ýoluň halkara ölçeglerine gabat gelmegi işiň hiliniň ýokary derejededigini alamatlandyrýar. Bu ýol döwrümiziň ägirt uly taslamalarynyň biridir. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi has-da guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň ýol ulgamynyň awtomobilleri geçirijilik ukybynyň artmagy, logistik hyzmatlaryň hiliniň gowulanmagy, halkara üstaşyrulag gatnawlarynyň, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokarlanmagy bilen girdejileriň artmagyna getirer, ykdysadyýetimizde öňegidişlikleri döreder. Türkmençilikde «Ýoly yzlan gazna ýeter» diýlişi ýaly, bu ýol girdejileriň çeşmesine öwrüler. Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly Ahal, Mary welaýatlarynyň çäklerinden geçip, Lebap welaýaty bilen birikdirer. Bu ýagdaý ýurdumyzda içerki gatnaşyklary hem ýygjamlaşdyrar. Ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň artmagyna alyp barar. Bu waka şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar.
Hormatly Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaç alsyn!
Maral GARAGULOWA,
Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.