Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
26.08.2024

HALK MASLAHATY — AGZYBIRLIGIŇ BERK BINÝADY

 

Beýik ösüşlere we özgertmelere beslenýän ýurdumyzda durmuş syýasatyny, ykdysady-medeni özgerişleri, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeler baş maksat bolup durýar. Munuň özi her bir işiň netijeli ýerine ýetirilmegini şertlendirýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ýangyç-energetika toplumyny, oba hojalygyny, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek boýunça ýokary depginde nusgalyk işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap şäherçelerdir obalary, dürli maksatly desgalary gurmak boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge goşýan goşandyny, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny halkara derejesinde giňden ýaýmaga mümkinçilik berýär. Milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge, döwrebap derejede kämilleşdirmäge hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik döredýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzyň özbaşdak ösüş ýolunda gazanan üstünlikleri has giň gerime eýedir. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ösüşini üpjün edýär we belent özgertmeleri rowaçlandyrýar. 

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljekdigi ähli halkymyzy buýsandyrýar. Bu döwletli maslahatda ýurdumyzyň mundan buýana hem ösüşleri, halkymyzyň abadan durmuşy babatda taryhy çözgütler kabul ediler. Bu bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň beýan edýär. Çünki Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň baş maksadyna öwrülýän wezipeleri öňe sürmekde hem-de degişli çözgütleri kabul etmekde halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolup durýar. 

Jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ynsanperwer ýörelgeler esasynda geçiriljek döwletli maslahatyň mejlisi jemgyýetimizde demokratik başlangyçlaryň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülmek bilen, türkmen jemgyýetinde agzybirligiň höküm sürýändigini, halkymyzyň ruhy-medeni, taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna sarpa goýulýandygyny we olaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda alada edilýändigini görkezýär. 

Döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işleri amala aşyrmakda asylly däpleriň, şeýle hem il-halk bilen maslahatlaşmagyň netijelidigine Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da aýdyň göz ýetirdik. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda bolup geçjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň taryhyna ýazyljak möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka bolar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz demokratik ýörelgelere pugta eýerip, belent ösüşleriň ýolundan barýar. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.