The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

YNSANYŇ WEPALY DOSTY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyz baradaky taryhy maglumatlar esasynda ajaýyp eserleri döredip, halkymyza peşgeş berýär. Şolaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň türkmen tohum itleriniň gelip çykyşy we ösdürilişi hakynda gymmatly maglumatlary özünde jemleýän «Türkmen albaýy» atly kitabydyr. Türkmen halky iti ýetişdirmekde ussatlyk görkezipdir. Ony özüniň aýrylmaz hemrasyna, ýakyn kömekçisine öwrüpdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle nakyllaryň ençemesi ýerleşdirilipdir. Olardan: «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger», «Itim-gutum» ýaly nakyllary aýtsa bolar. Türkmen alabaýy hakynda halk döredijiliginde nakyllaryň, rowaýatlaryň, sanawaçlaryň birnäçe toplumy bar. «It üýrse myhman geler», «It gara görmän üýrmez», «Bir başy it-de eklär», «Ýurt ýeriň ýitmesin diýseň it edin» ýaly aýtgylar muňa mysaldyr. Eli çeper ene-mamalarymyz bolsa wepaly itiň keşbini özleriniň döreden sungat eserlerine siňdirmegi başarypdyrlar, sallançak we düşeklik keçelere «Tazyguýruk», «It yzy» nagyşlaryny salypdyrlar. Alabaý iti köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde belleýşi ýaly, alabaýlaryň iň batyrlaryny doglan dessine enesi saýlap berýär. Munuň üçin täze doglan güjükleriň her birini ýatagyndan biraz çetleşdirip, aýry-aýry ýerde goýýarlar. Soň enesi çagalarynyň iň batyr bolup ýetişjeginiň ýanyna ilki baryp, ony ýatagyna getirýär. Enesiniň birinji we ikinji gezekde saýlap getiren güjüklerini çopanlar öz ýanlarynda alyp galýarlar. Olary gowy idedip, terbiýeläp, hakyky çopan itlerini ýetişdirýärler. Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmegiň ata-babalarymyzdan gelýän inçe syrlary örän kän. Alabaýlaryň heniz güjük wagty gulak-guýruklary kesilýär. Uzyn guýruklary bilen burunlaryny ýapyp ýatmazlygy üçin edilýän bu tilsimiň olaryň duýgur we sak bolup ýetişmeginde ähmiýeti örän uludyr. Soňra güjükleri eýesi bilen deň derejede enesi hem gowy terbiýeleýär. Ene alabaýlar çagasyny heniz iki-üç aýlyk wagty öz ýany bilen süriniň yzyna düşürýär. Ýeliň garşysynda ýatmagy öwredýär. Bu bolsa alabaýlaryň hüşgär bolmagyna, ýyrtyjy haýwanlaryň, esasan-da, möjekleriň ýeliň garşysyndan edýän hüjümlerini öňünden syzmagyna ýardam edýär. Eger-de ene goýun guzlap sürüden galsa, çopan itleri tä eýesi ony gözläp tapýança ene goýnuň ýanyndan aýrylman, ygtybarly goragyny üpjün edýär. Üýrüp eýesini çagyrýar. Bu olaryň ganyna siňen gowy häsiýetleriniň biridir. Çopan itleri kiçiliginden malyň kellebaşaýagydyr goýnuň guýruk ýagy bilen ýallanýar. Ilki iki aýlyk wagty, soň bolsa her ýylda itlerde duş gelýän kesellere garşy zyýansyzlandyryş, öňüni alyş sanjymlary edilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy ýokary derejede bellenilip geçilýär. Şu günlerde hem welaýatymyzyň ähli künjeklerinde bu ajaýyp baýrama bagyşlanylan dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Bu geçirilýän dabaralar bolsa türkmeniň eýesine wepaly hasaplanýan alabaý itlerine berýän uly ünsüniň nyşanydyr. Döwletimizde halkymyzy bagtyýar eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadamlary batly, ýollary şöhratly, janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Merdan DOSMEDOW, 

TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

28.10.2023 Details

WATANYMYZYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY

 

Ýol çekmek, köpri gurmak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän sogaply ýörelgeler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylyp, ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmekde badalga bolýar. 

Türkmenistanda köpugurly ulag ulgamyny döretmek boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň deňiz ulag ulgamynyň, täze awtomobil, howa, demir ýol merkezleriniň we geçelgeleriniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu ugurda baý tejribe toplan daşary ýurtly hyzmatdaşlar we belli kompaniýalar bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň ägirt uly geljegi uzak menzilleri nazarlaýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýany sebit ähmiýetli iri üstaşyr geçiriş çatrygyna öwürmek boýunça uly möçberli işler amala aşyrylýar. 

2012-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda «Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljegi», 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny», 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda «Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty», 2017-nji ýylyň maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ýewraziýa yklymynda üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygyny köpugurlaýyn ösdürmek meselesine bagyşlanan Ulag we logistika boýunça halkara maslahatlarynyň geçirilmegi, 2017-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda bu ugur boýunça dünýä derejeli işleriň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän milli ulag kanunçylyk ulgamy döredildi. Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, Türkmenistanyň Howa kodeksi, «Demir ýol ulaglary hakynda», «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda», «Awtomobil ulag hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda», «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary barada» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Bu bolsa Türkmenistanda ulag kanunçylygynyň halkara ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýändigini aýdyň görkezýär. 

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi, tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle-de halkara resminama laýyklykda, her ýylyň 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edildi. Bu senäniň saýlanyp alynmagy 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça ilkinji ählumumy maslahatynyň geçirilendigi bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de 26-njy noýabryň bu gününi bellemek üçin saýlanylmagy Türkmenistanda geçirilen ilkinji halkara forumyň netijeliligi we ýokary guramaçylyk derejesi bilen baglanyşyklydyr. 

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolup, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda ulag-logistika ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň zerurdygy we umumy tagallalar arkaly Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda, şeýle-de Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigi hakynda belledi. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak teklip edilýär. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, Merkezi Aziýa döwletleriniň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak, sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup durýar. Bu ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berjekdigi, giň sebit we halkara derejede ýakynlaşmak üçin Merkezi Aziýada amatly şertleri kemala getirmäge oňaýly mümkinçilikleri döretjekdigi hakynda hormatly Prezidentimiz belledi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň taryhy çykyşynda: «Türkmen energiýa serişdeleri we logistikasy tutuş sebitiň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga ukyplydyr» diýip bellemegi, öňe sürlen başlangyçlaryň bu ulgamyň işini kämilleşdirmek arkaly ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we ykdysady kuwwatyny artdyrmakda uly itergi berjekdigini görkezýär. 

Ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge döwlet derejesindäki tagallalaryň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Çemen AKYÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny 

goramak baradaky komitetiniň agzasy

27.10.2023 Details

IL BÄHBITLI TAGALLALAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny goramakda we berkitmekde ýokary netijelere eýe bolunýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da bu ulgamda bitirilýän il-gün bähbitli işleriň bady artýar. Ýurdumyzda gurlup, ulanmaga berilýän döwrebap hassahanalar, saglyk merkezleri we beýlekiler halka edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şu ählumumy forumda Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny berkidip, abadan geljegine barýan ata Watanymyzy ähli ugurlar boýunça durnukly ösdürmegiň meselelerine garaldy. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklary bilen birlikde, saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport we beýleki ulgamlarda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Aýratynam, saglygy goraýyş ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak bilen bagly durmuşa geçirilen we geçirilýän işler il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Saglygy goraýyş ulgamy depginli ösdürilip, halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär” diýip belledi. 

 

Çary GURBANMYRADOW. 

Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

26.10.2023 Details

GEŇEŞLI IŞLER ÝEŇŞE ÝETIRÝÄR

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasaty döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işlerde rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýetilýän belent sepgitler Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň yglan edilmegi bilen, ýurdumyzda ykdysady-durmuş maksatly giň möçberli işlere badalga berildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynyň” kabul edilmegi möhüm waka boldy. Bu Maksatnamada Garaşsyz döwletimizi geljek 30 ýylda syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri kesgitlenip, olary amala aşyrmakdaky işleriň bady artýar. Ýurdumyzda önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe bolýar. 

Şu ýylyň sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýetilen menzillere seljerme berlip, döwrüň täze wezipeleri anyk kesgitlenildi. Ählumumy forumda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlarynda öňde goýlan derwaýys wezipeleri durmuşa geçirmek döwrüň talaby bolup durýar. Şeýle talapdan ugur alýan türkmen halky Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi depginli ösdürmekde döredijilikli zähmet çekýär. Il-günümiziň tutanýerli zähmeti bolsa, şanly ýylymyzy döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli giň möçberli işlerde şöhratlandyrylmagyna itergi berýär. 

 

Artyk BÄŞIMOW. 

Mary etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk we beýleki pudaklary bölüminiň arhitektory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

 

26.10.2023 Details

ÖSÜŞLI ERTIRIMIZ

 

Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň rowaçlanmagyna itergi berýär. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanmaga berilmegi bilen ýokary görkezijiler gazanylýar. Dünýä tejribesinde uly orna eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda tutumly işleriň bady artýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüşinde täze belentliklere çykmagynda möhüm ädimdir. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň ähli ugurlar bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ýokary netijeleriň gazanylmagynda ähmiýeti juda uludyr. 

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ýaş nesle bilim bermekde bähbitli şertlere ýol açýar. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebapladyrylýar. Mekdepleriň kämil kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary, tehniki serişdeler bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde täze mümkinçilikleri döretdi. Informatika dersi boýunça mugallym bolanym üçin şeýle mümkinçilikleriň bähbidine gündelik iş tejribämde doly göz ýetirýärin. Şonuň üçinem men okuwçylara bilim bermekde geçýän sapaklarymda kämil tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýaryn. Her bir dersiň gyzyklylygy, özüne çekijiligi mugallymyň ukyp-başarnygyna bagly bolýar. Men şu ýörelgeden ugur alyp, her bir sapagymyň täsirli bolmagy ugrunda aladalanýaryn. Multimediýa tehnologiýalaryndan, tehniki serişdelerden, okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanmagym işimiň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Ýaş nesliň şu günki ösen tehnologiýalaryň çylşyrymly syrlaryny ykjam ele almaklary ugrunda ähli tagallalary edýärin. Çünki, ylym we tehnika ösüşli geljek ylym-bilimden başarnygy ýetik ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge borçly edýär. Biz şu borç duýgusyndan ugur alýarys. 

 

Akmuhammet BEKMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp, öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň informatika mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

26.10.2023 Details

TÄZE ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymaty bu günki gün bedew batly ösüşlerimiziň mizemez esasyna öwrülip, rowaçlyklara şan berýär. Her bir ugurda gazanylýan üstünlikleri berkitmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, durmuş maksatly işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatdaky meseleleriň ählisi maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýändigi bilen tapawutlanyp, halkyň bagtyýar ýaşaýşynyň ilerlemegine batly itergi berýär. Bularyň aýdyň hakykaty Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýüze çykdy. Taryhy mejlisde gazanylan üstünlikler, ýurdumyzy mundan beýläk hem netijeli ösdürmegiň ugurlary barada giňişleýin gürrüň edilip, bu babatdaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, degişli çözgütler kabul edildi.

 

Hormatly Prezidentimiz umumymilli forumda eden çuň manyly çykyşynda döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda alnyp barylan işleriň netijeleri barada durup geçip, şol işleri ýene-de berkitmek babatda wezipeleri öňde goýdy. Bu, elbetde, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işlere hem dahylly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz täze taryhy döwürde ýurdumyzyň milli parlamentiniň ösdürilýändigini, kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk kämilleşdirilýändigini belläp, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda durmuş ykdysady özgertmeleriň hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň zerurdygyny, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi we hereket edýän kanunlary yzygiderli kämilleşdirmegi häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biri hasaplaýandygyny nygtady. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň — Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp we hemişe sargyt edişi ýaly, golaýda milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahatynda bir näçe kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Olaryň hatarynda «Arkadag» medalyny döretmek hakynda», ýurdumyzyň Hökümeti bilen degişli döwletleriň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyklary tassyklamak hakynda, konwensiýalara goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şonuň ýaly hem öňden hereket edýän kanunlara, kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanunlar bar. 

Türkmenistanyň «Arkadag» medaly adamyň bähbitlerini ileri tutmak, mertebesini belende götermek, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýata bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny, bitiren hyzmatlaryny hormatlamak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak, bu ugurda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi. Bu ýokary döwlet sylagy bilen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hem sylaglanyp bilýär. Ýeri gelende aýtsak, döwletimiziň hem halkymyzyň bähbitlerini ýokary derejede goýýan, ösen durmuş gurşawyny üpjün etmekde ýokary tagallalaryny gaýgyrmaýan, döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, belent abraý-mertebeden peýdalanýan, milli ýörelgelerimize, haýyr-sahawatlylyga, mätäji goldamak ýaly asylly işlere ygrarly hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanmagy tutuş halkymyzyň buýsanjyny hem şatlygyny goşalandyrdy.

Mejlisiň maslahatynyň dowamynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Munuň özi ösýän döwürde onuň talabyna laýyk wezipeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksadyny göz öňünde tutýar we şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňümizde goýýan wezipelerine amal edilýändigini aýdyňlaşdyrýar. 

Täze wezipeler uly üstünliklere badalga berýär. Hemişe döwletimize we hakymyza üstünlikleriň ýar bolmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli başlangyçlary rowaç 

bolsun!

 

Gurbangylyç DURDYÝEW,

welaýat häkimliginiň işgärler, 

geňeşlikler we häkimligiň 

edaralarynyň işini utgaşdyryjy 

bölüminiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

deputaty.

“Daşoguz habarlary”, 26.10.2023

 

26.10.2023 Details

HER SAÝRANDA ŞEÝDA BILBIL...

 

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň açylmagy medeniýet we sungat işgärleri, şeýle-de ähli halkymyz üçin uly sowgat boldy. 

 

Bu bilim ojagyna meşhur bagşynyň adynyň dakylmagy türkmen  halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylan ägirt uly ünsüň hem­de aladalarynyň netijesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen milli aýdym­saz sungatymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran halypa bagşy­sazandalarymyzyň ömri we döredijiligine mynasyp baha berilýär, belent sarpa goýulýar. 2023­nji ýylyň 18­nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Arkadag şäher ýörite sungat mekdebine görnükli sungat ussady, halypa bagşy we mukamçy kompozitor Sahy Jepbarowyň ady dakyldy we mekdep Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi diýlip atlandyryldy.

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi Türkmenistanyň medeniýet, sungat, aýdym­saz, tans, folklor, milli aýdym­saz mirasyny öwrenmek we ösdürmek, saz gurallarynda ýerine ýetirijilik, aýdym sungaty, şeýle­de sungatyň beýleki ugurlary, bilim ulgamlary, döredijilik toparlary hem­de beýleki döredijilik birleşmeleri üçin orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Mekdepde okamak we döredijilik bilen meşgullanmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Mekdepde okadylýan hünär ugurlarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda 50­den gowrak okuw otaglary, saz gurallaryny we konsert egin­eşiklerini saklamak üçin ammarlar, informatika we sanly ulgam boýunça dersleri okatmak üçin enjamlaşdyrylan ýörite okuw otaglary, horeografiýa sungaty hünäri boýunça enjamlaşdyrylan tans zallary, 86­orunlyk konsert zaly, ses ýazýan studiýa üçin niýetlenen okuw we iş otaglary, sport zaly, şeýle­de saz gurallaryny bejermek, rejelemek, düzmek we dikeltmek üçin ýörite ussahana hereket edýär. Ýörite sungat mekdebi kämil we döwrebap saz gurallar toplumy bilen doly üpjün edilen.

Mekdep türkmen milli, halk, kirişli, üfenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, aýdym aýtmak, bagşyçylyk sungaty, fortepiano, saz mugallymçylygy, hor­dirižýorlygy, sazyň taryhy we nazaryýeti, horeografiýa sungaty, estrada sungaty, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, dizaýn ýaly ugurlar boýunça hünär taýýarlygyny amala aşyrýar.

Şeýle bilim ojaklarynda okamak, bilim almak, hünär öwrenmek talyp ýaşlar üçin uly bagtdyr. Açylyp ulanmaga berlen bu ajaýyp mekdepde bilim alýan ýaşlaryň türkmen sungatynda uly goşant goşjakdyklaryna tüýs ýürekden ynanýarys. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il­ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Röwşen NURMYRADOW,

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag 

şäher ýörite sungat mekdebiniň 

direktory.

 

 

Sahyberdi JAFAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň kada-kanunçylyk 

baradaky komitetiniň agzasy:

— Arkadag şäherinde gurlan ýörite sungat mekdebine garry atam Sahy Jepbarowyň adynyň dakylmagy maşgalamyz üçin mertebedir. Arkadag şäherine gelenimizde, bu mekdebiň deňinde eglenenimizi duýman galýarys. Elbetde, halkyň hormatyny gazanan görnükli şahsyýetler hemişe ýatlanylyp durulýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda hem garry atam Sahy Jepbarowyň döredijiligi hakda aýratyn bellenilip geçilýär. Munuň özi biz üçin uly hormat. Maşgalamyz bolup, garry atamyň bize miras goýup giden zatlaryny gymmatlyk hökmünde aýap saklaýarys. Onuň geýen akgaýma tahýasy, dony, horjuny, çäge bilen çekilen suraty, dutary biz üçin ruhy baýlyk hem miras. Maňa atam Soltan Jepbarow: «Garry atamyň ady ýitmesin» diýip, Sahyberdi goýupdyr. Menem atamyň bagşyçylyk sungatyna eýerip, dutar çalmagy öwrendim.

Nesip bolsa, garry atamyň adyny göterýän bu mekdepde milli bagşyçylyk sungatymyzyň zehinleri ýetişer. Garry atamyza döwlet tarapyndan goýulýan belent hormat üçin Gahryman Arkadagymyza hem­de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

 

“Arkadag”, 26.10.2023

26.10.2023 Details

BERKARARLYGYŇ HEM DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlarynda adamyň bähbidi, onuň durmuş taýdan goraglylygy hem­de döwletiň ykdysady ösüşi ilkinji orunda goýulýar. Paýtagtymyz Aşgabatda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem şu meseleler üns merkezinde boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen mejlisde kabul edilen çözgütler şeýle derwaýys meselelerden ugur alýar. Umumymilli forumda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, öňde goýlan aýdyň maksatlar barada edilen buýsançly gürrüňler kalbymyzda hoşallyk duýgularyny döretdi. Garaşsyzlykdan ganatlanýan, täze sepgitleri nazarlaýan taryhy eýýamda halkyň bähbitlerine gönükdirilen, täzeçe pikirlere, milli ýörelgelere daýanýan kämil döwlet syýasatyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tutumly işler rowaç bolýar. Halkyň erk­islegi nazara alnyp, döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmak bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy ählimizi buýsandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlisde eden taryhy çykyşynda: «Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has­da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr!» diýip belläp geçdi. Döwletli maslahatda hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşynda täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmak, jemgyýetimizde täze hem­de ösen hukuk medeniýetini kemala getirmek, döwletlilik ýörelgelerimizi milli demokratiýa ýoly bilen dowam etdirmek, ösdürmek boýunça aýdan sözleri täze wezipeleri öňde goýdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkyň ruhy ýaşaýşynyň gözbaşy bolan aňyýet, medeni­ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak babatda hem durup geçdi. Umuman aýdanyňda, döwletli maslahat halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň nyşanyna öwrüldi.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, olary halkyň arasynda giňden wagyz etmekde, Mejlisiň deputatlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň öňünde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan beýik işleri mundan beýläk­de rowaçlandyrmakda, döwleti berkarar etmekde, halky bagtyýar durmuşda ýaşatmakda tutumly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Tuwakgylyç WELIÝEW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we 

telekeçiler partiýasynyň welaýat

komitetiniň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Balkan”, 26.10.2023

26.10.2023 Details

SAHAWAT SERPAÝY

 

Her güni şanly wakalara beslenýän ata Watanymyzyň bagtyýar, eşretli günleriniň sakasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz zähmeti, ýadawsyz aladasy bardyr. 

 

Turuwbaşdan hoş  habarlara,  buýsandyryjy wakalara beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň ýaş nesillerimize uly ynam bilen garalýandygyny, şol ynamyň arkasynda bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň nurana geljeginiň aýdyň säherleriniň durandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz hemişe özüne bildirilen ynamyň ýaşlara bildirilen ynamdygyny buýsanç bilen belleýär.

Yzy üzülmeýän bu hoş habarlarda geçmişiň buýsançly ýaňy, şu günüň eşreti, geljegiň beýik tutumly maksatlary bar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň «Arkadag» medaly bilen sylaglanmagy-da şeýle şatlykly wakalaryň biri bolup, kalplarymyzda baky orun aldy. Hormatly Prezidentimiz bu ýokary sylaga ýurdumyzda halkymyzyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem­de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk­hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde, ata­babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr­sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr­sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata­babalarymyzyň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilip, täze mazmun  bilen baýlaşdyrylýar. Ýaşajyk raýatlaryň abadançylygy, sazlaşykly  ösmegi, saglygyny berkitmegi, ýokary hilli bilim almak mümkinçiligine eýe bolmaklary bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr­sahawat gaznasy bu babatda giň gerimli we netijeli işleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamy kemala getirildi. Munuň özi nesil saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Täze taryhy eýýamymyzda halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy hem bu hakykatyň ykrar edilmesidir.

Goý, halkymyzy aýdyň ýollar bilen nurana geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Merdan DOSMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Arkadag”, 26.10.2023

26.10.2023 Details
1 ... 47 48 49 50 51 ... 59