Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan işler alnyp barylýar. Şol işler bolsa, ilkinji nobatda, ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Mejlisiniň 7 nji çagyrylyşynyň 5-nji maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundanam has-da ýokarlandyrmak boýunça kanunçylyk namalary kabul edildi. Öň hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatynda ähli üpjünçilikler göz öňünde tutulýar. Her bir maşgala, ilki bilen, ata enäni sylamagy, ululara we töweregindäkilere hormat goýmagy perzentleriniň gursagyna guýýar. Ynsanyň jemgyýetde özüni alyp barşy, kemala gelen häsiýeti gönüden-göni maşgaladan gözbaş alýar. Şonuň üçin ilimizde ýaşuly adamlar görelde mekdebi hasaplanýar. Çagalar bolsa maşgalanyň ýa-da iliň hormatyna mynasyp bolan adamlary öz görelde mekdebi hasaplaýar.
Maşgalanyň berkligi, agzybirligi ata-enä bagly. Olar çagalaryna ýaşlykdan zähmet çekmegi, ylymly-bilimli, hünärli bolmagy, tebigaty, gözelligi söýmegi durmuş tejribesi esasynda öwredýärler. Her bir maşgala jemgyýetimiziň gülläp ösmegine uly goşant goşýar. Şonuň üçin sagdyn pikirli, sagdyn bedenli maşgala—sagdyn jemgyýetiň gözbaşynda durýar.
Maşgaladaky asudalyk, agzybirlik raýatlyk jemgyýetiniň agzybirliginiň gözbaşydyr. Şahsyýetiň ahlaklylygynyň, edebiniň hut maşgalada düýbi tutulýar we onuň jemgyýetde özüni alyp barmagynyň, gylyk-häsiýetiniň emele gelmeginiň esasyny düzýär. Çagany ösdürip ýetişdirýän we terbiýeleýän ýaş maşgala uly durmuş ýüküni çekýär. Şol esasynda ýaşlary durmuşa taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, ýaşlarda halallyk, edeplilik we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek ugrunda yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilip durulýar.
Her bir türkmen maşgalasynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulşat DURDYMEDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty