Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
08.05.2025

Ýaşyl dünýä —ÝAŞAÝYŞ

 

     Ekoabadançylygyň berkidilmegi ilkinji derejeli we uly ähmiýetli mesele saýylýar. Hut şoňa görä hem geljekki ösüşlerimizi kesgitleýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda ekologiýa aýratyn uly üns berilýär.

 

     Ekologiýanyň goraglylygyny güýçlendirmek we şu maksat bilen innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak dünýä jemgyýetçiliginiň hem üns merkezinde ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda gatnaşan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň hem döwletleriň gatnaşyklarynda we ösüşlerinde göz öňünde tutan esasy maksatlarynyň biri ekoabadançylygyň berkidilmegine syrygýar. Bütindünýä sergisiniň «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen esasy mowzugynyň «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek», «Durmuşy birleşdirmek» diýen ugurlarynda hem innowasion tehnologiýalaryň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi äşgär görünýär. «Durmuşy halas etmek» ugry boýunça saglyk, howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berilýär. Ähli ösüşleriň ekoabadançylygy berkitmek bilen baglanyşyklydygy döwlet syýasatynyň ählisiniň mazmunyny düzýär. Şeýle nukdaýnazardan durnukly ösüşiň ýiti meseleleri boýunça Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň möhüm başlangyçlarydyr teklipleri dünýä syýasatynda döwletimiziň abraýyny has-da belende göterdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna işjeň goşuldy. Döwletimiz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly ugurlarda hem işjeň orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda döwletimiziň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny hem resmi taýdan yglan etdi. 

     Ekologiýa ulgamy, hususanda, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, çölleşmegiň, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, peýdalanmagy amatlylaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler bilen üýtgewsiz baglanyşykly bolup durýar. Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň we halklarynyň tagallalaryny ekoabadançylygy berkitmek ýaly möhüm ugra gönükdirmegi başarmagyň hötdesinden gelmegi hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatynyň ynsanperwer keşbini hem açyp görkezýär. Türkmenistan diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilýän ählumumy ekologik meseleleriň oňyn çözgütlerini öňe sürýär. Ekoabadançylyk sagdyn durmuşdyr, tämiz howadyr. Ekoabadançylyk bagtyýar durmuşyň özenidir. Daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklarymyzy köpeltmäge we olary ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin netijeli peýdalanmaga her bir wagtdakysyndan has köp üns berilmegi netijesinde ýurdumyz bagy-bossanlyga öwrülýär.

 

Allaýar OMAROW,

Türkmenistanyň

Mejlisiniň deputaty.