The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

HUSUSY PUDAKDA IŞLER ILERI

 

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek, Täze ýyly zähmet sowgatlary bilen mynasyp garşylamak ugrunda yhlas edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde söwda toplumynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekip, olarda ildeşlerimiziň baýramçylyk saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlaryň bolmalydygyny tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda baýramçylyk söwdasy guralýar, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň 25-nji noýabrda geçirilen 4-nji maslahatynda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun kabul edildi. Ýurdumyzyň geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň ugurlary anyk kesgitlenip, onda ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini, hususy pudagy ösdürmek üçin şertlerdir mümkinçilikler hem göz öňünde tutulandyr. Ol «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda», «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» we beýleki döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlandy.

Geljek ýylda ýurdumyzda iri gurluşyklar, şol sanda senagat desgalarynyň bina edilmegi göz öňünde tutulýar. Milli ykdysadyýetimize öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri dowam etdiriler. Şeýle-de ähli sebitlerde we paýtagtymyzda durmuş maksatly binalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, umumy-bilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, suw we lagym geçirijileriň, awtoulag ýollarynyň, söwda-dynç alyş merkezleriniň gurluşyklary meýilleşdirilýär. Mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga aýratyn ähmiýet berler. Gürrüňi edilýän esasy maliýe resminamasynda döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň býujeti barada aýratyn görkezijileriň beýan edilmegi bellenmäge mynasypdyr.

Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet tarapyndan geçirilýän çäreler ýurdumyzda telekeçiligiň işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem hususy pudagyň işine döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw bermek wezipelerine aýratyn orun berilýär.

Ýurdumyzda kiçi we orta işewürligi ösdürmekde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, şeýle hem eksport ugurly önümleriňdir harytlaryň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmakda yzygiderli tagalla edilip, bu babatda oňyn netijeler gazanylýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 109 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgininiň 109,4 göterime deň bolmagy-da tassyklaýar.

Türkmen telekeçileri häzirki döwürde ykdysadyýetiň täze pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň mineral-çig mal baýlyklaryny işläp taýýarlamakda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirýärler. «Döwlet hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu ugurda döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Telekeçilik ähli sebitlerde ilerledilýär. Hususy pudak giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Gurluşyk kärhanalarymyz senagat, durmuş, medeni maksatly desgalary gurýarlar, şäherlerimizi, obalarymyzy abadanlaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Biz ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornuny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris. Täze bazarlary özleşdirmäge, bar bolanlaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, halkara bazarlara erkin bäsleşikli şertlerde çykmak, harytlaryň päsgelçiliksiz hereketini üpjün etmek üçin tagalla etmelidiris. Bu ugurda ykdysadyýetiň hususy pudagyny we hyzmatlar bölegini ösdürmegiň, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň konsepsiýalaryny hem-de eksport ugurly senagaty goldamagyň strategiýasyny taýýarlamagy zerur hasaplaýaryn» diýip belledi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän işewürlik duşuşyklary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezýär. Olaryň netijeleri Türkmenistana bolan uly gyzyklanmalaryň aýdyň beýanydyr. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen Türkmen-German işewürlik maslahatynyň, 22-23-nji noýabrynda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda guralan «Türkmenistan: maýa goýum we ösüş» atly forumyň netijeleri hem görkezýär. Bu saparlara ýurdumyzyň gurluşyk, oba hojalyk, şol sanda ekerançylyk, maldarçylyk, balykçylyk, ýyladyşhana, azyk senagaty, dokma, asma potolok, izogam, tehniki uglerod, plastik turba, polipropilen halta, multifilament ýüplük, kagyz, karton önümçiligi, halkara söwda ugurlarynda işleýän hususy kärhanalarynyň, hojalyk jemgyýetleriniň wekilleridir telekeçileri hem gatnaşdylar. Olaryň geçiren gepleşiklerinde, duşuşyklarynda ençeme ylalaşyk gazanyldy, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlendi.

Ýakynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisiniň, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň geçirilmegi-de bu ugurda köpugurly gatnaşyklary ilerletmekde yzygiderli tagalla edilýändigini tassyklaýar.

Şulardan görnüşi ýaly, türkmen telekeçileriniň işleri ileri, gadamlary batly. Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkidýän, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Saparmyrat OWGANOW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 

Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

15.12.2023 Details

ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ EGSILMEZ GÜÝJI

 

Dünýäniň häzirki zaman syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar diňe bir döwletiň ösüşini däl, eýsem, uzak geljegi nazarlaýan halkara gatnaşyklarynyň ösüşini kesgitleýän strategik güýçdür. Ýaş raýatlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna hem-de maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Hut şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini artdyrmagy, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belleýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, durmuş goraglylygyny üpjün etmek we döwlet tarapyndan goldaw bermek kanuny esasda kepillendirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip beýan edilendir. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şunda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek esasy maksatlaryň hatarynda durýar. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna, şol sanda ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi gowulandyrylýar. Olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiz ýörite Karar bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» tassyklady. Bu Strategiýa ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaş raýatlarymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Strategiýanyň esasy wezipeleriniň hatarynda, ýaşlary sebit we halkara meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň çekmek üçin şertleri döretmek, ýaş raýatlary ählumumy hem-de sebit derejelerindäki hökümetara forumlaryň işine gatnaşmaga çekmek, şeýle hem Türkmenistanyň ýaş wekilleriniň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga bagyşlanan işine gatnaşmagyny höweslendirmek ýaly işler bar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy bu Strategiýany durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetlidir. 

Döwletimiziň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler bagtly geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde ýaşlar jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli çygyrlaryna işjeň gatnaşýarlar. 

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 30-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirip, degişli ýolbaşçylara şu ýylyň ahyrynda guraljak ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hakynda tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2-nji dekabrda Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Söwda-senagat edarasynda maslahat geçirdi. Şol maslahatda ýaşlar forumynyň üstünlikli guralmalydygyna, şu ýylyň dowamynda ýaş raýatlaryň dürli ugurlar boýunça gazanan üstünliklerini beýan edýän ýaşlar forumynyň açylyş dabarasynyň unudylmajak pursatlara beslenmelidigine we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp jemlenmesine öwrülmelidigine ünsi çekdi. Şeýle-de bu babatda degişli tabşyryklary we öwüt-nesihatlaryny berdi. Ýene-de sanlyja günlerden geçiriljek ýaşlar forumynyň we sergisiniň işine uly üstünlikleri arzuw edýäris. Döwletli forum oň bolsun! 

Ýaşlaryň bagtyýar durmuşy hem-de geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. 

 

Jennet ÖWEKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy

 

15.12.2023 Details

MEDENI ULGAMYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY

 

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň öňe sürýän adamzat ähmiýetli başlangyçlary, amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleri we ýeten belent sepgitleri dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär we ykrar edilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde türkmen halkynyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan ruhy gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny, maddy we maddy däl medeni baýlyklaryny dikeltmäge, ylmy esasda öwrenmäge, ösdürmäge we geljekki nesillere miras galdyrmaga uly ähmiýet berilýär. 

Medeni, maddy, ruhy mirasa, däp-dessurlara, çeper döredijilige uly üns berýän halkymyzyň bu ugurda hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli kanunçylygymyzy yzygiderli kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak işinde, kanunlar işlenilip taýýarlanylanda milli ýörelgelere, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda halkymyzyň iň gowy bähbitleriniň nazara alynmalydygy barada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary yhlasly zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen şu ýylyň 6-njy aprelinde geçiren duşuşygynda: «Garaşsyz Watanymyzda milli däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy, milli mirasymyzy, şol sanda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, olary bütin dünýä ýaýmak bilen bir hatarda, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda-da maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyz halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýokary derejede ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, aýap saklamak, peýdalanmak, ýaýratmak we döwlet goragy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilse dogry bolar diýip hasap edýärin» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynyň gün tertibine girizilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, milli medeniýet babatda işi ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn ýörelgelerine laýyklykda taýýarlanyldy. 

Bu Kanunda ulanylýan birnäçe düşünjeler häzirki döwrüň tejribesi esasynda täzeçe beýan edilip döwrebaplaşdyryldy we degişli sözleri goşmaça girizmek arkaly işleriň beýleki zerur ugurlary göz öňünde tutuldy. Şeýle hem kanunda seljerişiň obýektleri, seljerişiň netijesi, döwlet taryhy-medeni seljerişi geçirmek bilen baglanyşykly kadalar öz beýanyny tapdy. Seljeriş geçirilende netijenamany bermek üçin milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlyklaryny düzgünleşdirmek bilen bagly kadalar göz öňünde tutulandyr. 

Döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň çäginde diňe goraghanalaryň işi bilen bagly desgalaryň gurluşygyna ýol berilýändigi, şeýle desgalaryň gurluşygynyň ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylan taslamalar boýunça amala aşyrylýandygy baradaky düzgünler kesgitlenilendir. Bu Kanun hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeleriň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine we häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam eder. 

Türkmenistan döwletimiziň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we 

ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

15.12.2023 Details

KÄMIL TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy ösýär, onuň gurluşy kämilleşdirilýär. Okatmak we terbiýe bermek işi häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk getirilýär. Ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň ýörelgelerini, düzgünlerini, usullaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek we ýokary netijeli usullardan peýdalanmak möhümdir.

Mugallymlar we synp ýolbaşçylary okuwçylar bilen üznüksiz terbiýeçilik işlerini geçirýärler. Şeýle ähmiýetli işler okuwçylarda watan söýüjiligi, zähmetsöýerligi, myhmansöýerligi, dostlugy, agzybirligi, ynsaplylygy, özüňi alyp barmagyň medeniýetini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny öwrenmäge, bilimini kämilleşdirmäge, saglygyny goramaga we berkitmäge, milli baýramçylyklary bellemäge, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge bolan gyzyklanmany ösdürmäge ýardam edýär. 

Bilim-terbiýeçilik işleriniň ýokary netijelere eýe bolmagyny gazanmak üçin milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň bilim-terbiýäniň mazmunyna siňdirilmegini, okuw-terbiýeçilik işleriniň döredijilikli meýilnamalaşdyrylmagyny talap edýär. 

Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň müň ýyllyklaryň dowamynda döreden medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmegiň we ony gorap saklamagyň möhümdigini belleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň pederlerimizden miras galan baý medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşiniň), bilim ulgamyna degişli kabul edilen konsepsiýalaryň, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň Döwlet bilim standartynyň, «Türkmenistanda Döwlet bilim edaralary hakynda Düzgünnamasynyň», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň bilim edaralarynda ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemegiň Maksatnamasynyň» tassyklanmagy ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik işleriniň dünýä ölçeglerine laýyk getirilmeginiň binýadyny goýdy. 

Mekdepde durnukly, yzygiderli we netijeli terbiýeçilik işlerini alyp barmak mugallymlaryň we synp ýolbaşçylarynyň hünär ussatlygyna, pedagogik meselelerden baş alyp çykyp bilmek başarnygyna baglydyr. Terbiýeçilik sagatlary mähriban Watanymyzyň gündelik durmuşy, ondaky öňegidişlikler, ösüşler, özgerişler, şanly seneler, Watanymyzda alnyp barylýan syýasat bilen tanyşdyrmaga we türkmen halkyna mahsus ynsanperwer häsiýetli adamlary ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Mugallymlaryň okuwçylar bilen geçirýän terbiýeçilik işleriniň mazmunyna we guralyşyna täzeçe, döredijilikli çemeleşmekleri zerurdyr. Sebäbi olaryň geljekde zähmetsöýer, Watana wepaly, ar-namysly, sözüne ygrarly, öz hukugyna we borjuna düşünýän adamlar bolup ýetişmegi hut şu aladalara baglydyr. Her bir sapak taýýarlykly guralmalydyr we türkmen halkynyň durmuş sapaklaryna hem-de milli köklerine esaslanmalydyr. Bular barada hormatly Prezidentimiz: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. 

Ýaş nesle bilim-terbiýe bermek işinde terbiýäniň ähli görnüşlerini we nakyllardyr atalar sözlerini, hüwdülerdir sanawaçlary, rowaýatlardyr ertekileri utgaşykly peýdalanmak onuň täsirliligini artdyrýar. Çaga terbiýesinde her bir terbiýeçidir mugallym, ata-eneler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndan we halk döredijiliginiň eserlerinden ýerlikli peýdalanmalydyrlar. Olaryň ýaş nesillerimizde arassa ahlaklylygy, ar-namyslylygy, edepliligi, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi terbiýelemekde uly ähmiýeti bardyr. 

Türkmen halkynyň medeni mirasyny, däp-dessuryny, bilim we ahlak ýörelgelerini, dünýä, umumadamzat medeniýetine goşan goşandy baradaky düşünjeleri öwretmek arkaly geçirilýän şeýle işleriň netijesinde, ýaşlarda Watana, halka, hormatly Prezidentimize, ata-enä bolan söýgi, buýsanç duýgulary kemala gelýär. Durmuş meselelerinden baş çykaryp bilýän, döwür bilen aýakdaş gadam urýan, watançy, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek her bir bilim işgäri üçin wajyp wezipe bolup durýar. 

Okuwçylara berilýän terbiýäniň esasy maksady çaganyň kalbyna öňden ykrar edilen jemgyýetçilik gymmatlyklaryny siňdirmekden, ony durmuşa ýaramly, ukyply, hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýete öwürmekden, adamyň özüni alyp barşynda ýokary medeniýeti, edep-ekramy, adamkärçilik häsiýetleri bilen mertebeli bolýandygyny, her bir adam üçin ahlak we hukuk terbiýesiniň zerurdygyny, onsuz durmuşda öňe gidişlik gazanyp bolmaýandygyny düşündirmekden ybaratdyr. 

 

Jumamyrat ŞÄHEROW, 

Saparmyrat Türkmenbaşy etrap bilim bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

14.12.2023 Details

BEÝIK DANANYŇ GYMMATLY MIRASY

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Bu möhüm meselede Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde giň möçberli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Edebi mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýýan halkyň geljegi aýdyňdyr. Ýokarda ýatlananlary Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk çäreleri aýdyň äşgär edýär. 

Beýik şahyr Magtymguly atamyzyň soňky nesillere miras galdyran eserleri terbiýe mekdebidir. Asyrlar aşsa-da, onuň watansöýüjilige, mertlige, lebzihallalyga, ruhy-ahlak terbiýesine ýugrulan şygyrlary häzirki döwürde-de gadyr-gymmaty bilen haýran galdyrýar. Özbaşdak türkmen döwletini, türkmeniň aňynyň bir suprada taýýar-kylynmagyny arzuwlan Magtymguly atamyzyň isleg-arzuwy hasyl boldy. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň gülläp ösýän zamanasynda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny toýlamak il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Beýik şahyrymyzyň şygyrlarynda ata Watana, ene topraga çäksiz söýgi, edep-terbiýelilige, ahlaklylyga, halal zähmete, gaýduwsyzlyga, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige çagyryş çeper beýan edilýär. 

Nusgawy şahyrymyzyň eserleri dünýäniň halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edildi. Şonuň üçinem Magtymguly atamyzyň şygyrlary dürli ýurtlaryň okyjylaryna tanyşdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçeris. Bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen baglan şahyryň arzuw eden zamanasy geldi”. 

Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Munuň özi taryhy senäniň iňňän uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. 

 

Arslan ÇARYÝEW. 

Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-niň Pendi şahamçasynyň sanly bank tehnologiýasy we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

14.12.2023 Details

HEMMELERIŇ WEZIPESI

 

Neşekeşlik hem edil çilimkeşlik we arakhorluk bilen bir hatarda ýaramaz endikleriň biri bolup durýar. Nas elde ýasalýar we onuň düzümi şulardan ybaratdyr: ownujak gara temmäki; sazak odunynyň ýa-da gowaça çöpüniň küli; ösümlik ýagy; ýanan hek. Nas atýanlar nasa bolan fiziki we ruhy garaşlylyga örän tiz baryp ýetýärler. Naskeşiň yzygiderli nas atmagy netijesinde bedeniň zäherlenmesi bolup geçýär we bu ýagdaý wagtyň geçmegi bilen has-da güýçlenýär. 

Nas atýan adamda ýuwaş-ýuwaşdan nasa bolan ruhy garaşlylygyň alamatlary döräp başlaýar. Eger-de nasa garaşly adam nas atmasa, onda ol gaharlanyp, gyzmalyk edip başlaýar, ony ýaltalyk gurşap alýar, nas atmak pikiri kellesinden aýrylmaýar. Bu bolsa onuň ünsüniň jemlenmegine päsgel berýär. Nas atýan adam iýmit siňdiriş ýolunyň we ýürek-damar ulgamynyň bozulmalaryndan hem ejir çekýär. Kelleagyry, baş aýlanma, ysgynsyzlyk, ýüregiň çalt urmagy, işdäniň peselmegi, ukusyzlyk ýüze çykýar. Nasy mydama atýanlarda agyz boşlugynyň we bokurdagyň nemli bardasynyň zyýanlanmagy, kentlewügiň, dişleriň syrçasynyň zeperlenmesi, kentlewügiň iriňlemesi we dişleriň düşmesi peýda bolýar. Agzynda hemişe ýakymsyz ys bolýar. Nasy uzak wagtlap diliň aşagynda saklamak nemli bardada agymtyl tegmilleriň döremegine getirýär. Soňra şol tegmiller kiçijik ýarajagazlara öwrülýär we soňy bu ýerlerde täze döremelere getirýär. Nasyň uzak wagtlap atylmagy aşgazanyň we bagryň zeperlenmegine-de sebäp bolýar. 

Görşümiz ýaly, nas atmak ynsan saglygyna uly zyýan ýetirýär. Şonuň üçinem bu zyýanly endikden özümiz-ä bir daşda durmaly welin, ýaşlary nas keşlikden goramakda ähli tagallalary etmelidiris. Bu mesele uly ýaşlylaryň hemmesiniň jana-jan wezipesi bolmalydyr. 

 

Ýusup ANNAÝEW. 

Mary şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

14.12.2023 Details

DÖWLETLI ÝÖRELGELERDEN RUHLANYP

 

Döwletli Diýarymyzyň okgunly ösüşlerinde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň iňňän uly paýy bar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy şolaryň arasynda iň irki döredilenidir. Syýasy partiýa indi 32 ýyldan bäri hereket edip gelýär. Bu partiýanyň netijeli işi, döwlet syýasatyndaky orny ildeşlerimiziň her birine aýandyr. 

Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş partiýa 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda geçirilen I Esaslandyryjy gurultaýynda döredildi. Şondan bäri partiýanyň gurultaýlarynyň 10-a golaýy geçirildi. 30 ýyldan gowrak taryhynyň dowamynda partiýa öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, öz Tertipnamasyna we Maksatnamasyna laýyklykda alyp barýar. 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy alyp barýan işleriniň ählisinde hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesinden ugur alýar. Partiýa öz iş ugurlaryny döwlet syýasatyny, maksatnamalaryny we sakasynda hormatly Prezidentimiz duran beýik tutumlary durmuşa geçirmäge, Garaşsyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga, jemgyýetiň kämil guralmagyna ýardam bermäge gönükdirýär. Başgaça aýtsak, bu partiýa döwlet bilen halkyň, jemgyýet bilen şahsyýetiň arasynda hoşniýetli arabaglanyşygy sazlaşdyryp, özara ysnyşyklylygy emele getirýär. 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri we işjeň agzalary yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerim bilen amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, halk köpçüliginiň işjeňligini has-da artdyrmak, zähmetkeşleri ýokary öndürijilikli we döredijilikli işe höweslendirmek, ylmyň soňky gazananlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmak, zähmet köpçüliginde agzybirligi, jebisligi berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ýaly wezipelerden ugur alýar. Şol bir wagtyň özünde-de, partiýa ilatyň bähbidini goldap we gorap, hemişelik galkynyşy, asudalygy, rahatlygy, milletara agzybirligi, jemgyýetiň jebisligini üpjün etmek üçin giň gerimli işleri alyp barýar. 

Häzirki wagtda partiýa özünde 5 sany welaýat, 8 sany şäher, 39 sany etrap partiýa komitetini birleşdirýär. Şol komitetleriň 10-sy biziň welaýatymyzda hereket edýär. Şol sanda, olaryň biri welaýat, ýene biri şäher, galan sekizisi bolsa etrap komitetleridir. 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň güýçlerini birleşdirip, bir maksada gulluk etmegi esasy bellenilmeli ýagdaýlaryň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda syýasy partiýalaryň üçüsi üstünlikli işleýär. Olar birek-birek we iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde sakasynda Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz duran beýik işleri wagyz etmäge, düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga gatnaşýar. Bu jebislik ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe ilerlemegine ýardam edýär. 

 

Merdan DOSMEDOW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

14.12.2023 Details

ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE

 

Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan meseleler şu günki gün dünýä ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň, alymlaryň we hünärmenleriň iň köp üns berýän meseleleriniň birine öwrüldi. Bu diýildigi, hakykatdan hem, dünýä halklarynyň saglygyny hem-de ekologiýanyň abatlygyny gorap saklamaklygyň, her dürli tebigy wehimleriň ýüze çykmagynyň öňüni almaklygyň möhüm wezipesi bolup örboýuna galandygyny alamatlandyrýar. Şeýle bolansoň ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň berk talaplaryndan ugur alynýan ýurdumyzda hem bu mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary derejeli halkara forumlarda eden taryhy çykyşlary, abraýly döwlet ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda aýdan gymmatly teklipleri anyk tassyklaýar. 

Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan meseleleriň ýa-da ekologik wehimleriň öňüni almaklygyň diňe bir döwletiň çäginde üpjün edilmeginiň mümkin däldigi, galyberse-de, ýeterlik däldigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Şonuň üçin hem bu meselede dünýä halklarynyň ählumumy işjeňliginiň zerurdygy hemmä aýan hakykat. Çünki Ýer togalagy bu meseleleriň akylly-başly we toplumlaýyn çözgüdini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz bu meselä hut şu nukdaýnazardan juda inçelik bilen pähim-parasatly çemeleşýär. 

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşyp, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklipleri öňe sürdi. 

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine amala aşyran iş saparynda ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ýardam berjekdigini belledi. Şu ýerde ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy bilen, bir näçe degişli milli maksatnamalaryň kabul edilendigini hem aýtmak gerek. Hormatly Prezidentimiziň biziň umumy öýümiz bolan ene Ýerimiziň tebigy gurşawynyň abadançylygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň öňüni almak ýaly wajyp meselelere çynlakaý çemeleşip, öňe süren umumadamzat bähbitli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Bu bolsa berkarar döwletimiziň bütin dünýäniň ählumumy abadançylygyna goşýan saldamly goşandy bolmak bilen, il-ulsumyzyň abraý-mertebesini bir gez belende galdyrýar. Halkymyzyň we dünýä halklarynyň bagtyýar geljegi ugrunda ýadawsyz iş alyp barýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn! 

 

Gadam HEMRAÝEW, 

welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

14.12.2023 Details

ABADAN ÝAŞAÝŞYŇ RÖWŞEN ÝOLY

 

Türkmenistanyň 28 ýyl bäri alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň maksatlaryna, halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň talaplaryna, döwletara gatnaşyklaryň esasy bolup durýan BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine doly laýyk gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet syýasatyny, şol sanda Bitaraplyk ýörelgesini örän paýhaslylyk, inçelik bilen alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz: «Biz hemişelik Bitaraplyk syýasatymyza hemişe ygrarly bo­lup, sebitde we dünýäde abadançylygy berkarar etmäge ýardam ederis» diýip belleýär.

Hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň many-mazmunyna düşünmek üçin, oňa hertaraplaýyn baha bermek zerur. Munuň özi, umuman, gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegidir, ruhy medeni, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegidir, töwekgelçilikleriň we nämälimligiň derejesini peseltmäge, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, bähbitleriň deňeçerligini emele getirmäge ukyply halkara ulgamyň usullarynyň, gurallarynyň döredilmegidir.

Döwletimiz suw, energetika meseleleri, ulag ulgamy ýaly möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny kemala getirmek ugrunda wajyp başlangyçlary öňe sürýär, çözgütleriň we geljekki ädimleriň ylalaşylan çemeleşmelerini işläp taýýarlamagy binýat edinmegi teklip edýär. Ýurtlaryň öz mümkinçiliklerini adalatly, aýanlyk ýagdaýynda görkezmek bi­len, diňe ol ýa-da beýleki döwletleriň, şu günki günüň däl-de, bütin adamzadyň we onuň geljekki nesilleriniň hem bähbitlerini hasaba alyp hereket etmelidiklerini öňe sürýär. Şeýle çagyryş BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň hem mazmunyny düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary bilen, bu ugurda gazanylan üstünlikler ählumumy maksatlara ýetmekde ýurdumyzy öňdäki orunlara çykarýar.

Islendik döwletiň daşary syýasaty onuň içeri syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şuňa laýyklykda, ol ýa-da beýleki ýurduň dünýä giňişliginde şygar edinýän maksatlary we iş ýüzündäki ädimleri onuň daşary syýasy ugrunyň düýp mazmunyna düşünmegiň açarydyr. Türkmenistan jemgyýetde, içeri syýasatda parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk, sabyrlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmek, durmuşa geçirmek bilen, bu düşünjeleri dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryna-da netijeli ornaşdyrýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesi bu babatda, gürrüňsiz, başga bir zat bilen ýerini çalşyp bolmajak möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiziň Bitaraplyk ýörelgesi onuň içerki gurluşynyň mäkäm ahlak sütünlerine daýanýar, türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň ýüze çykmasy bolup durýar.

Ýurdumyz ösüşiň täze-täze belentliklerine ýetýär. Şunuň bilen birlikde, sebitde döräp biläýjek her bir çylşyrymly ýagdaýy kadalaşdyrmak, parahatçylykly ýollar bilen ykdysady ösüşleri gazanmak, halklaryň ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmak, ýaragsyzlanmak hem-de ýaraglaryň möçberlerini azaltmak babatda sebit işlerine ýardam bermek ýaly örän möhüm meselelerde BMG bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär. Türkmenistan halkara terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreşe ygrarlydyr. Diňe hyzmatdaşlyk, özara jogapkärçilik, bilelikdäki tagallalar arkaly hereket etmek bilen, adamzat üçin rahat, eşretli durmuşy döretmek, howpsuzlygyň durnukly gurluşynyň esaslaryny berkitmek mümkindir.

Türkmenistanyň tejribesinde Bitaraplyk syýasaty köptaraplaýyn diplomatiýanyň hereket edýän netijeli gu­ra­ly hök­mün­de özü­ni gör­kezdi. Ýurdumyzyň bu derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamasy bilen has-da pugtalandyrylandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Munuň özi ýurdumyzyň we adamzadyň taryhyna hemişelik ýazylan wakalardandyr. Bitarap Türkmenistan öz ynsanperwer syýasaty bilen dünýäniň taryhyna, ine, şeýle öçmejek sahypalary ýazýar. 

Türkmenistan sebit we dünýä üçin wagty ýeten, örän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda giň gerimli, wekilçilikli çäreleriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Bu meseleleriň oňyn çözgüdi möhüm geosyýasy, geoykdysady mümkinçilikleri nazara almak bilen, adamzadyň geljegine hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ylalaşykly çemeleşmeleri, özara gabat gelýän pikir garaýyşlaryň synagdan geçirilmegini talap edýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen hem, beýleki sebitleriň ýurtlary bilen-de anyk we strategik ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny mydama görkezip gelýär. Şunda ähli ýagdaýlar toplumlaýyn nazara alynýar, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürler düzümleriniň, ylmy merkezleriň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň giň, hemişelik hereket edýän binýady döredilýär, bilelikdäki iş üçin şertler nazara alynýar.

Ýurdumyz daşary syýasatyn­da parahatçylyk dörediji ornuna berk ygrarly bolup, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde düýpli ykdysady wezipeleri ynsanperwerleşdirýär. Zeminiň ummasyz tebigy baýlyklary owalynda adamzada ägirt uly peýda getirmäge, onuň bagtly ýaşaýşyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda, ilkinji nobatda, bu baýlyklary düşünjelilik, birek-birege hormat goýmak, abadançylyk ýoly bilen ulanmagy başarmak zerurdyr. Bu babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, öňe sürýän garaýyşlary üýtgewsizdir: agzybirlikli, akylly-başly, mert gatnaşyklar bolmazdan, hiç bir taslamanyň-da, iň gowy we oňyn başlangyjyň-da amala aşyrylyp bilinmejekdigi düşnüklidir. Diňe ýurtlaryň we olarda ýaşaýan halklaryň arasyndaky parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk, özara düşünişmek bilen, adamzat öz beýik maksatlaryna ýetip biler.

Ählumumy rowaçlygy, röwşen geljegi nazarlaýan belent maksatlaryň amal bolmagynda köpugurly işleri durmuşa geçirýän, bagtly, abadan ýaşaýşyň aýdyň ýoluny döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynda mydama rowaçlyk arzuw edýäris.

 

 

Hatyja MUSTAKOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agrasy.


 

14.12.2023 Details
1 ... 34 35 36 37 38 ... 53