Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň ösüşiniň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň hukuk-kanunçylyk binýadyny üpjün edýän degişli resminamalaryň taslamalary taýýarlanyldy we kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 23-nji martynda «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.
Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da, Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen bagly döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär. Kanun 4 bapdan we 13 maddadan ybarat bolup, umumy düzgünleri, Döwlet häkimiýet edaralary, kazyýet häkimiýeti we hukuk goraýjy edaralar, jemleýji düzgünleri öz içine alýar. Täze Kanunda bellenilen kadalara laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär. Şäheriň çäginde ýerine ýetiriji häkimiýet şäheriň häkimi we etraplaryň häkimleri tarapyndan amala aşyrylýar.
Arkadag şäheriniň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar kabul etdi. Şäheriň guramaçylyk hukuk düzüminiň kämilleşdirilmegi Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň halkara ölçeglere laýyk gelmeginde, şäher ilatynyň sanyny artdyrmakda, ony geljekde depginli ösdürmekde, çäklerini giňeltmekde, ulag, senagat, söwda, hyzmatlar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, gurluşyk ulgamlaryny ösdürmekde ähmiýetli ýagdaý bolup durýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlary dakyldy. Atlary ebedileşdirilen görnükli şahsyýetleriň halkymyza, mähriban Watanymyza bagyşlan ömür ýollary ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. Beýik şahsyýetleriň ýurdumyzyň beýik ösüşlerini alamatlandyrýan Arkadag şäherindäki binalara we desgalara atlarynyň dakylmagy olaryň halkyň hakydasynda ebedilik galmagyny şertlendirýär.
Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Bu babatda maglumat eýýamy hasaplanýan döwrümizde syýasy, ykdysady, durmuş ugurlar boýunça täze çemeleşmeler tebigy ýagdaýda ýüze çykýar. Senagat eýýamynda ykdysady peýda we adamlaryň durmuş üpjünçiligi esasy üns merkezinde durýan bolsa, häzirki döwürde daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyna ilkinji nobatda üns berilýär. Çaklamalara görä, dünýäde 2050-nji ýyla çenli şäherlerde ýaşaýan ilat sanynyň has artmagyna garaşylýar. Bu ýagdaý şäherleşmek derejesiniň ösüşine maksatnamalaýyn we ekologik binagärlik nukdaýnazaryndan köp ugurly çemeleşmegi talap edýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň biri «Durnukly şäherler we ilatly nokatlar» diýip atlandyrylyp, ol durnukly şäher durmuşynyň hilini ýokarlandyrmakda jemgyýetçilik ulaglarynyň netijeli işiniň guralmagy zerur bolup durýar. Şäherleriň meýdanyny giňeltmek mümkinçiliginiň köp ýagdaýlarda tebigy çäkli bolmagy sebäpli şäherlerde jemgyýetçilik ulag ulgamlarynyň netijeli işini ýola goýmak ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda esasy görkezijileriň biri bolup çykyş edýär.
Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy