​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

PARAHATÇYLYGYŇ YGTYBARLY DAÝANJY

 

Türkmen halky garaşsyzlygy gorap saklamagyň berk daýanjy, synmaz sütüni bolan hemişelik Bitaraplygyň 28 ýyllyk baýramyna barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi parahatçylygy gorap saklamakda, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda halkara gurallaryň täsirini artdyrmak, bu ugurda täze halkara syýasy serişdeleri döretmek ugrundaky tagallalara täze itergi berdi. 

Türkmenistanyň bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ähmiýetiniň ýyl-ýyldan artýandygyny görmek bolýar. Bitaraplyk dünýäde gatnaşyklary kadaly ýöretmekde täsirli syýasy, ykdysady, ynsanperwer ýörelge hökmündäki ornuny netijeli pugtalandyrýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary üçünji müňýyllygyň çylşyrymly halkara ýagdaýlarynyň çäginde gymmatly tejribe, nusgalyk ýol bolup öňe çykýar. Ýurdumyzyň parahatçylykly hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasatynyň esasy ýörelgelerini kemala getirmekde we mizemez strategik binýada öwürmekde Gahryman Arkadagymyzyň taryhy işleri umumadamzat ösüşinde aýratyn orny eýeleýär.

Ýer ýüzünde parahatçylykly ösüş üçin mümkinçilikleriň uludygyny, serişdeleriň ýeterlikdigini maglumatlar äşgär edýär. Heniz ulanylmadyk tebigy serişdelerden başga-da, ylmy-tehnologik gazanylanlar umumadamzat ýaşaýşy üçin möhüm çeşme bolup hyzmat edýär. Azyk önümlerini öndürmegiň çaltlandyrylan usullarynyň ýüze çykarylmagy, serişdeler bilen üpjünçiligi deňagramly ýola goýmak, tygşytlylyk ugrundaky tagallalar, sagdyn durmuş, sagdyn iýmitlenmek babatda dünýäde barha meşhurlyga eýe bolýan hereketler adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyny kepillendirýär. Halkara jemgyýetçiligiň ünsüni ýyl-ýyldan özüne çekýän bu hereketleriň syýasy taýdan üpjün edilmegini gazanmak häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biridir.

Durmuş ugurly, pragmatizme esaslanýan döwlet syýasaty parahatçylygy gorap saklamagyň, sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň esasy şertleriniň bi­ridir. Şunda döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň ähli ugurlarynyň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, ylalaşyklylyga esaslanýan maksatlarynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi rowaçlyga alyp barýan, adalatly ýoldur. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan ýoludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döreden, ösdüren, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatydyr. Bu döwletlilik syýasaty hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy, parahatçylykly halkara gatnaşyklary ündeýär. Häzirki zaman dünýäsiniň täsirli sebitleriniň birinde, yklymlaryň söwda-ykdysady ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän, ýangyç-energetika serişdeleriniň ägirt uly tebigy gorlaryna eýe bolan Türkmenistan üçin Bitaraplyk hukuk derejesini gyşarnyksyz berjaý etmegiň syýasy, hukuk, durmuş, gumanitar jähetlerini berkitmek, oňa halkara gatnaşyklaryň gün tertibinde hemişelik orun bermek daşary syýasat strategiýasynyň iň möhüm wezipeleriniň biri bolup öňe çykýar. Munuň özi ýurtda durmuş-ykdysady ösüşi üstünlikli alyp barmagyň, halkara giňişlikde ýurdumyzyň çalt ösýän döwlet hökmündäki abraýyny artdyrmagyň, uzak geljek üçin il bähbitli maksatnamalary işläp taýýarlamagyň zerur şertlerini döretmegiň hem möhüm wezipesidir.

Asudalyga, hoşmeýillilige bo­lan ynam heňňam ýollarynda adamzady öňe tarap beýik maksatlar bilen hereket etmäge iterendir. Şol ynam dünýäni sarsdyran iň pajygaly ýagdaýlarda-da ynsanlara güýç beripdir. Adamzat taryhy döwürlerde kyn synaglardan geçipdir. Ýagşylygyň, haýryň, adalatyň hemişe üstün çykjakdygy baradaky düşünjäni durmuşyň daýanjyna öwrüpdir.

Türkmen Bitaraplygynyň binýadynda hem umumadamzat gymmatlygy bolan şeýle düşünjeler durýar. Diýmek, döwletimiziň alyp barýan syýasaty adamzat üçin zerur bolan beýik ideýalara ýugrulandyr. 

Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty dünýäde doly ykrar edilýär. Adamyň ömri, saglygy, durmuşy babatda ýurdumyzda ýola goýlan giň gerimli çäreler halkara giňişlikde goldanylýar, tejribe hökmünde öwrenilýär. Munuň özi türkmen halkynyň uly buýsanç bilen dowam etdirýän parahatçylykly ösüş ýolunyň gymmatynyň örän ýokarydygyny, taryhy ähmiýetlidigini görkezýär.

Parahatçylyk — munuň özi howpsuz ýaşaýyşdyr, ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragydyr, gülläp ösüşlerdir. Döwletimiziň bitaraplyk syýasaty ynsanperwer, öňdebaryjy ideýalara tüýs ýürekden uýýan, dost-doganlyk ruhy bilen ýaşaýan, işleýän, döredýän täze nesliň kemala gelmegine şert döretdi. Biziň jemgyýetimiziň esasyny düzýän bu täze nesliň aňyndaky, kalbyndaky ýagşy niýetler, alyp barýan haýyrly işleri geljegimiziň ajaýypdygyna kepildir.

Gahryman Arkadagymyzyň iň ösen ýaşaýyş şertlerini öz ýurdumyzda döredip boljakdygy, bagtyýar ýaşaýşa ygrarly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň zerurdygy baradaky garaýyşlary, bu maksatlary durmuşa geçirmekde bitirýän beýik işleri türkmeniň taryhy ösüş ýoly hökmünde uly meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiz halkyň taryhy, ruhy mirasyndan gözbaş alýan milli syýasy-jemgyýetçilik, demokratik-hukuk binýadyny kemala getirmekde-de ägirt uly işleri bitirdi. Bu ýol-ýörelgeler döwrüň synagyndan geçip, milli jemgyýetiň berk binýadyna, döwletliligimiziň mizemez esasyna öwrüldi. Bu bolsa ösüşlere tarap hereketiň güýjüdir, halkyň milli buýsanjynyň egsilmez çeşmesidir, parahatçylykly durmuşy berkitmegiň nusgalyk tejribesidir.

Türkmenistan bu gün durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşde näçe öňe giden bolsa, munuň özi ýurdumyzyň işläp taýýarlaýan we durmuşa geçirýän ösüş strategiýasynyň netijesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti paýhas, güýçli syýasy erk, öňdengörüjilik bilen öňe sürýän beýik başlangyçlarynyň miwesidir. Her bir pudakda ýerine ýetirilýän işleriň döwrüň talaplaryna, milli ykdysadyýetiň zerurlyklaryna laýyklygy öňe sürülýän başlangyçlara örän jogapkärçilikli we oýlanyşykly çemeleşilýändigini görkezýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanda çalt depginde uly ösüşlere ýetmekde mümkinçilikleriň ägirt uludygyny ýene bir gezek tekrarlamak bilen, ösüş ugurlaryny saýlap almaga, şol ugurlara maýa goýumlary gönükdirmäge örän paýhasly çemeleşilýändigini hem belläp geçmek gerek. Öňde hem nygtaýşymyz ýaly, biziň ýurdumyz ykdysady ösüşler üçin zerur bolan tebigy serişdelere örän baýdyr. Şol serişdeleri aýawly hem öz ýerinde ulanmak oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýär. Ägirt uly giňişlikde ösen tehnologiýalara daýanyp, islendik önümi öndürmäge mümkinçilik bar wagtynda, ýurdumyzyň sebitlerinde, esasan, içerki bazarlara zerur bolan önümleri öndürýän hususy önümçiligi ösdürmäge ilkinji nobatda üns berilmegi türkmen halkynyň bähbitleriniň pugta göz öňünde tutulýandygynyň alamatydyr. “Döwlet adam üçindir!” diýen maksatnamalaýyn şygaryň döwlet syýasatynyň baş ýörelgesidiginiň güwäsidir.

Parahatçylykly durmuş syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady ösüşlerde-de, medeni-durmuş ulgamlarynda-da ýurduň raýatlary üçin ýokary şertleri döretmek baradaky tagallalary güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, paýtagtymyzda ýaşaýyş, önümçilik, medeni-durmuş düzümleriniň döwrebap ulgamlarynyň berk binýadynyň döredilendigi aýratyn bellemäge mynasypdyr. Ýurdumyz tutuşlygyna gazlaşdyryldy, elektrik energiýasynyň kuwwatly ulgamlary bilen üpjün edildi. Suw üpjünçiligi babatda köp işler bitirildi we bu işler giň gerimde dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurduň abraýyny, halkyň bagtyýarlygyny adamlar üçin ýokary ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde, geljekki nesiller üçin abadan durmuşyň mizemez esaslaryny pugta kemala getirmekde görýärler. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde şeýle belledi: «Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisini diýen ýaly üstünlikli durmuşa geçirýäris». Döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda ýurdumyzyň senagat pudaklaryny ösdürmekde, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmakda, eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri döretmekde, oba hojalygynda özgertmeleri geçirmekde hem-de azyk üpjünçiligini gowulandyrmakda, sebitlerimizde iş orunlaryny döretmekde, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde alnyp barylýan işler barada aýratyn nygtady.

Ýurdumyzda her bir baýramçylykda, şanly senede täze-täze desgalaryň açylyş dabaralary bolýar. Ýokary tehnologiýaly önümçilik desgalary işe girizilýär. Bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzlerçesine täze jaýlaryň açarlary gowşurylýar. Täze medeniýet, bilim ojaklary, saglyk öýleri, sport desgalary işe başlaýar. Türkmen topragynda parahat durmuş dowam edýär. Halkymyz uly ösüşleriň şaýady bolýar. Watandaşlarymyz öz zähmetleri bilen döredýän eşretleriniň hözirini görüp ýaşaýar. Ertirki güne, nesilleriň geljegine ynamly garaýar. Bularyň hemmesi üçin halkymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýar.

 

Ata SERDAROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty. 

ФИНАНСОВАЯ БАЗА РАЗВИТИЯ СТРАНЫ И БЛАГОПОЛУЧИЯ НАРОДА

 

 

В Туркменистане принят Государственный бюджет на 2024 год. Закон об утверждении главного финансового документа Президент Сердар Бердымухамедов подписал 25 ноября текущего года. Государственный бюджет определяет главные параметры экономической политики и служит важным финансовым инструментом в реализации задач, намеченных Президентскими программами. Ввиду особой важности этого документа для жизнедеятельности государства и благополучия народа редакция «НТ» обратилась в Меджлис Туркменистана с просьбой прокомментировать основы формирования и использования Госбюджета. На вопросы корреспондента отвечает Сердар АРАЗОВ, депутат Меджлиса, член Комитета по экономическим вопросам.

 

«НТ»: Государственный бюджет называют главным финансовым документом страны. В чём его значение?

– Значение Госбюджета в развитии страны трудно переоценить. Это не просто главный финансовый документ, а главный финансовый план страны, центральное звено всей финансовой системы. Его главная задача – на уровне  государства обеспечить с помощью финансовых средств эффективное и сбалансированное развитие экономики и регионов страны, а также поддержать социально ориентированную политику государства. Госбюджет регламентирует образование и расходование денежных средств государства в интересах всего народа. Поэтому Госбюджет утверждается Законом и подписывается Президентом страны.

«НТ»: Значение данного документа, таким образом, налагает особую ответственность за его составление.

– Да, процесс составления Госбюджета – это объёмная аналитическая работа по всем отраслям экономики и регионам страны. По своему объёму Госбюджет занимает несколько томов. К этой работе подключены все министерства, отраслевые ведомства, хякимлики велаятов и городов, и она продолжается в течение нескольких месяцев. В этой связи напомню, что уже 6 апреля 2023 года, выступая на первом заседании депутатов Меджлиса седьмого созыва, уважаемый Президент, обращаясь к депутатам, сказал: «уже сейчас нужно готовиться к разработке проекта Закона Туркменистана «О Государственном бюджете Туркменистана на 2024 год» и дал конкретные указания, на что сделать акцент. В целях своевременной подготовки Госбюджета на состоявшемся 13 мая заседании Кабинета Министров уважаемый Президент подписал Постановление, согласно которому Министерству финансов и экономики было предписано организовать работу по подготовке проекта Государственного бюджета на 2024 год, основных направлений социально-экономического развития и инвестиционной программы страны, разработке расчётных формуляров и методических указаний для министерств, ведомств, хякимликов по составлению проекта Госбюджета, а также создать рабочую группу специалистов. В Постановлении также были определены конкретные сроки. Говоря о подготовке Госбюджета, Президент отметил значимость реализации действенных мер для сохранения динамичного роста отраслей и выполнения во всех сферах плановых показателей и необходимость произвести экономические расчёты предстоящих в следующем году работ на основе финансово-экономических индикаторов отраслей национальной экономики.

Депутаты Меджлиса во всех комитетах тщательно проанализировали проект Госбюджета на предмет соответствия Программам Президента и тем рекомендациям, которые были даны главой государства. 25 ноября текущего года депутаты Меджлиса на четвёртом заседании рассмотрели проект Закона «О Государственном бюджете Туркменистана на 2024 год» и единогласно проголосовали за его принятие. Выступившие, в том числе депутаты от всех регионов страны и городов Ашхабад и Аркадаг, предметно представили депутатам предложенный в проекте курс развития регионов в предстоящем году по всем статьям бюджета.

«НТ»: каковы основные особенности Госбюджета на 2024 год?

– Госбюджет на 2024 год в целом составлен исходя из «Программы Президента Туркменистана социально-экономического развития страны в 20222028 годах», «Национальной программы Президента Туркменистана по преобразованию социально-бытовых условий населения сёл, посёлков, городов этрапов и этрапских центров на период до 2028 года», а также отраслевых и региональных программ. В Госбюджете находят отражение все показатели и цели, намеченные в этих программах на 2024 год. А если рассматривать документ шире, то надо обратиться к инаугурационной речи уважаемого Президента, где чётко обозначены стратегические задачи предстоящей работы по выполнению Программы «Возрождение новой эпохи могущественного государства: Национальная программа социально-экономического развития Туркменистана в 20222052 годах».

Среди приоритетных задач Госбюджета – поддержка высоких темпов роста экономики за счёт интенсивного развития всех отраслей и инвестиций в основные средства, внедрения современных рыночных механизмов, диверсификации основных сегментов экономики, их ориентации на глубокую переработку сырья и производство высококонкурентной импортозамещающей и экспортно-ориентированной продукции. В ряду задач – обеспечить планомерное развитие регионов, увеличение числа малых и средних предприятий с участием частного капитала. Важное значение придаётся эффективному использованию экономико-географического положения страны, обеспечению условий для развития транспортно-транзитного потенциала. Как мы знаем, Туркменистан является страной, расположенной на благоприятном пересечении двух континентов, и использует огромный потенциал для развития всех видов транспорта на основе утверждённой в 2022 году «Программы развития транспортной дипломатии Президента Туркменистана на 20222025 годы».

Также стратегически важной задачей остаётся сохранение и укрепление продовольственного изобилия и обеспечение населения экологически чистыми продуктами. Под руководством глубокоуважаемого Президента Туркменистана успешно осуществляется инвестиционная политика государства в сельском хозяйстве с гармоничным развитием перерабатывающей промышленности, нацеленная на обеспечение продовольственной безопасности страны, создание изобилия продовольственной продукции на внутреннем рынке и её экспорт.

Исторически важным аспектом нынешнего бюджета является то, что здесь отражается бюджет нового города – «города будущего» Аркадаг. Как известно, благодаря неустанному труду Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага и с благословения Президента Туркменистана был возведён и открыт новый город Аркадаг, и в Госбюджет заложены средства на дальнейшее развитие города. Кроме того, в главном финансовом документе страны увеличен общий объём местных бюджетов.

«НТ»: Туркменистан – социально ориентированное государство. Какие социальные программы будут финансироваться?

– В своём выступлении на первом заседании седьмого созыва депутатов Меджлиса уважаемый Президент чётко указал на то, что при рассмотрении Госбюджета акцент должен делаться на задачах, связанных с реализацией целевых программ обеспечения устойчивого роста всех секторов национальной экономики, созданием дополнительных рабочих мест, последовательным увеличением размеров заработной платы, укреплением социальной защищённости и повышением уровня жизни населения. В Госбюджете на 2024 год в необходимом объёме запланированы финансовые средства на решение задач социальной политики. Так, на социальные программы выделяется более 77 процентов из всех расходов Госбюджета. Эти средства будут направлены на повышение заработной платы, пенсий, государственных пособий и стипендий, на строительство новых жилых домов, детских садов, школ, медицинских учреждений и совершенствование их работы, на развитие науки, культуры, спорта, жилищно-коммунального хозяйства, на строительство новых посёлков, которые обеспечат дальнейшее повышение благосостояния населения и динамичное стабильное развитие экономики.

 

От редакции. Подытоживая сказанное, в целом можно констатировать, что Госбюджет Туркменистана на 2024 год подготовлен и принят с учётом всех нужд и потребностей населения страны, а также в полной мере обеспечивает финансовую составляющую реализации намеченных целей и задач в предстоящем году, выполнение установленных в стратегии экономического развития задач по формированию конкурентоспособной, мощной и социально ориентированной экономики.

Беседу вела 

Ирина ИМАМКУЛИЕВА.

«Нейтральный Туркменистан», 02.12.2023

GÜMRÜK KANUNÇYLYGY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gümrük ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Kararlaryna laýyklykda, «Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022—2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», şeýle hem bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Gümrük kodeksi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine we onuň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam edýän gümrük işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. 2010-njy ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksi häzirki wagta çenli yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. 

«Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna hem-de elektron ulgamlaryň üsti bilen maglumatlary alyşmagyň we olaryň elýeterliligini üpjün etmegiň zerur kanunçylyk binýady emele getirilýär. 2022-nji ýylyň 17-nji aprelinde «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kodekse «Gümrük işindäki maglumat ulgamlary we maglumat tehnologiýalary» atly täze babyň goşulmagy bilen, gümrük işinde maglumat ulgamlarynyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň, şol sanda maglumat alyş-çalşyň elektron usuly esasynda işlenilip taýýarlanylmagy, döredilmegi hem-de ulanylmagy bilen bagly anyk kadalar göz öňünde tutuldy. Şol ýylyň 24-nji iýulynda «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly täze madda goşuldy hem bu işleri alyp barmagyň kadalary beýan edildi. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň üçünji maslahaty bolup geçdi. Maslahatda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bellärliklidir. Kabul edilen bu Kanuna laýyklykda, gümrük taýdan resmileşdirilmegi ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek, daşary ykdysady işe gatnaşyjylar tarapdan gümrük kanunçylygynyň berjaý edilişiniň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, 24-nji bapdan soňra, dokuz maddadan ybarat bolan täze «Ygtyýarly ykdysady operator» atly bap hem goşuldy. 

Şu ýylyň 19-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin amala aşyran iş saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Halk ýygnaklar öýünde geçiren duşuşygynyň netijesi boýunça, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 

«Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda gümrük ulgamynyň döwrebaplaşdyrylan häzirki zaman mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegine, milli önüm öndürijileriň çykarýan önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hem-de ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen daşary ykdysady, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ýardam eder. 

 

Gurbangeldi AŞYROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy

DÜNÝÄ ÝARYŞYNYŇ ÝALKYM ÝAÝRAWY

 

Saglyk ynsan ömrüne bezeg berýär. Ajaýyp sport desgalary bolsa bu günki gün gözel paýtagtymyza görkanalyk bagyş edýär. Aşgabadyň şeýle gözel künjekleriniň biri bolan Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda iki günläp şatlyk-şowhun höküm sürdi. Bu ýerde Zeminiň dört yklymynyň 45 ýurdundan 181 pälwanyň gatnaşmagynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp üstünligi bilen tamamlandy. Dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde IKA-nyň kongresi hem geçirilip, oňa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdy

Erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde diýseň çekeleşikli geçen ýaryşlar ildeşlerimize 15 medal getirdi. Olaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş we 4-si bürünç medallardyr. Altyn medallary milli ýygyndymyza Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli), Mariýa Lohowa (70 kilograma çenli), Wepa Awlýakulyýew (60 kilograma çenli), Sabina Kadyrowa (78 kilograma çenli), Daýanç Omirow (81 kilograma çenli) getirdi. Kümüş medallara bolsa ezber türgenlerimiz Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa, Sanjar Abdyrahmanow, Şatlyk Jumanyýazow, Jahan Muhammedowa, Sabina Agajanowa mynasyp boldy. Bürünç medallara Gülşat Annaýewa, Ruslan Esgerow, Sapa Sapaýew eýe boldy. 

Soňky ýyllarda türkmen türgenleri kuraş boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazandylar. Hindistanda geçirilen XIII dünýä çempionatynda ildeşlerimiz 1 kümüş we 2 bürünç medal gazanypdylar. Şu gezekki ýaryşda bolsa ýurdumyzyň ýygyndy topary medallaryň umumy sany boýunça beýleki toparlardan ep-esli öňe geçmegi başardy. Altyn medallaryň sany babatda diňe özbegistanly pälwanlar ildeşlerimizden öňe geçdi. Olar 7 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. Toparlaýyn görkeziji boýunça üçünji orny 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen Gazagystanyň ýygyndysy eýeledi. Çempionata gatnaşan ýurtlaryň 16-syna wekilçilik eden pälwanlaryň hormat münberine çykmagy bolsa kuraşyň dünýä ýüzünde barha gerimini giňeldýändigini äşgär edýär. 

Şu ýerde dünýä sport söýüjileriniň nazaryny Garaşsyz Diýarymyza gönükdiren çempionatyň üstünlikli geçirilmeginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny barada-da aýratyn durup geçesimiz gelýär. Şeýle giň gerimli, taryhy wakanyň ýokary derejede dünýä ýaýylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekommunikasiýalar we habar beriş ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatda döredýän şertleriniň ajaýyp miwesidir. Çempionatyň bäsleşikleri «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly «Türkmenistan Sport», «Ýaşlyk», Täjigistan Respublikasynyň «Warziş», Özbegistan Respublikasynyň «Sport» teleýaýlymlarynda, şeýle hem ählumumy internet torunda göni ýaýlymda görkezildi. «Mir 24», «TRT Avaz», «CCTV», «Euronews» teleýaýlymlarynda bu ýaryşa bagyşlanan ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi. Şeýle hem bu çempionat barada Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň «Asiavision» habarlar toparynyň Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda beýan edildi. Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky makalalar Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) we Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň (ASPU) neşirlerinde çap edildi. Ýurdumyzda üç dilde neşir edilýän «Türkmen sporty» gazetiniň bolsa 29-njy noýabrda çykan sany tutuşlygyna Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna bagyşlandy. Munuň özi türkmen sportunyň, ýurdumyzyň habar beriş ulgamynyň dünýä giňişligine barha ynamly aralaşýandygynyň guwandyryjy görkezijisidir. Munuň şeýledigine Halkara kuraş assosiasiýasynyň Baş sekretary Reza Nassiriniň: «Türkmenistanyň has uly netijelere-de ýetjekdigine ynanýaryn. Türkmenistan — sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürýän ýurt. Bu ýerde köp sanly sport toplumlaryny görmek bolýar. Adamlaryň sport bilen meşgullanmagy we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin hemme şertler döredilen. Bu bolsa örän ajaýyp» diýen buýsançly sözleri-de güwä geçýär. 

Bagtyýar döwrümizde tutuş halkymyzyň guwanjyna öwrülen, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynamyny ödän çempionlarymyzy beýik ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! 

Türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyran Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyslary nazarlaýan belent tutumlary rowaç bolsun! 

 

Perman SAPAROW,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

WATANYŇ KUWWATY — HALKYŇ DAÝANJY

 

Şu ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 4-nji maslahatynda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy we kabul edildi. Döwlet býujetiniň görkezijileri ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş maksatly ykdysady özgertmeleri maliýeleşdirmäge zerur serişdeleriň üpjün edilmegini kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär. 

2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 102  313,5 million manat möçberde kesgitlenildi. Şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejileri we çykdajylary boýunça 22 096,2 million manat möçberde meýilleşdirildi. 

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti Türkmenistanyň milli maksatnamalaryny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň we maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, sebitleriň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde nobatdaky tapgyry öz içine alýar. Geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, sebitlerinde 2024-nji ýylda garaşylýan netijeler göz öňünde tutulyp düzüldi. Onuň maksady ykdysadyýetiň pudaklarynda düýpli maýa goýumlary ýokary depginler bilen özleşdirmekden, ilatyň bähbitlerini goramak bilen durmuş ulgamynda we beýleki pudaklarda düýpli özgertmeleri üpjün etmekden, döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmekden, raýatlaryň durmuş kepilliklerini pugtalandyrmakdan we birnäçe beýleki wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr. 

2024-nji ýylda durmuş-ykdysady ösüşiň esasy strategik maksatlaryna laýyklykda öňde baryjy tehnologiýalary, ýagny sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmek, senagat pudaklaryny ösdürmek möhüm wezipe bolup durýar. Bäsdeşlik amatlyklaryny işjeňleşdirmek, ýurdumyza getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri guramak we eksportyň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna daşary söwda dolanyşygyny ösdürmek, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin oňyn şertleri üpjün etmek göz öňünde tutulýar. 

Dünýäde uglewodorod serişdelerine baý ýurt hökmünde ykrar edilen ýurdumyzyň ýangyç-energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklarynyň ösüşine aýratyn üns degişli bolup durýar. Geljek ýylda ýurdumyzyň çäklerinde nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşynyň, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň hem-de olaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak, önümçilik pudaklarynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak maksat edinilýär. 

Geljek ýyl ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek we işjeňleşdirmek üçin döwlet goldawyny bermek arkaly hususyýetçiligi ösdürmek we jemi içerki önümde döwlete degişli däl eýeçiligiň paýyny (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 70,4 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak meýilleşdirildi. Geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şeýle hem sebitleriň sazlaşykly ösdürilmegi, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagy göz öňünde tutulýar. 

Ýurdumyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary rowaç bolsun! 

 

Kerimguly GELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy

ÝAŞLAR BILEN BEÝIK GELJEGE

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanda ýaşlar syýasaty has-da dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir» diýip belleýär. 

Hawa, ýurdumyzda ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň we başarjaň bölegidir. Şu nukdaýnazardan olaryň ylymly-bilimli, terbiýeli, hünärine ezber bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär we kanuny esasda kepillendirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip bellenilýär. Şeýle-de «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Kanunçylygymyza laýyklykda, her bir ýaş nesliň abadan durmuşda ýaşamaga, sagdyn ulalmaga, ösmäge hem-de okamaga hukugy bardyr.

 Gahryman Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda: «Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir» diýip belledi. Şol esasda hem ýaşlaryň ylmyň, bilimiň iň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmegi, halkara giňişligine aralaşmagy, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmagy hem-de başarnykly hünärmenleri taýýarlamak ýaly wezipelere uly ähmiýet berilýär. 

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Jemgyýetde sowatly adamlar näçe köpeldigiçe, şonça-da zehinli adamlar köp ýüze çykar» diýip belleýär. Elbetde, ÝUNESKO hem bütin dünýäde bilimiň hilini ösdürmek, sowatsyzlygy ýok etmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Guramanyň esasy başlangyçlarynyň biri hem ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň torudyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň 6 sany umumybilim berýän orta mekdebiniň bu tora goşulmagy, şeýle hem ÝUNESKO klublarynyň açylmagy bizi has-da buýsandyrýar. 

Bilşimiz ýaly, 14-15-nji noýabrda türkmen wekiliýeti ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumynda daşky gurşawy aýawly saklamak babatda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde alnyp barylýan işler we ýurdumyzyň teklipleri we başlangyçlary barada çykyş etdiler. Şeýle-de onuň yzysüre, ýagny 16-18-nji noýabr aralygynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumy geçirildi. 

Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Çemen AKYÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

 Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny 

goramak baradaky komitetiniň agzasy

DEPGINLI ÖNÜMÇILIK GAZANYLÝAR

 

“Ak altynyň” tapylgysyz baýlykdygyna Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen tutumly işleriň netijesinde doly göz ýetirdik. Ýurdumyzda gymmatly çig mal bolan pagtadan ýokary hilli ýüplük, ondan dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply taýýar önümleriň öndürilmegi milli ykdysadyýetimiziň ýeňişli gadamydyr. Ýokary hilli taýýar önümi öndürmek gözbaşyny pagta arassalaýjy kärhanalaryň durnukly işinden alýar. Şeýle möhüm işe goşant goşmakda welaýatymyzdaky pagta arassalaýjy kärhanalary ýokary netijeleri gazanýarlar.

Garagum pagta arassalaýjy kärhanamyz hem şolaryň biri. Bu ýerde ýetişdirilen bol pagta hasylyny gaýtadan işlemekde uly işler bitirilýär. Kärhanamyzyň hünärmenleridir işçileri üstümizdäki Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň “ak altyn” hasylyny gaýtadan işlemekde tutanýerli zähmet çekýärler. Kärhanada pagtany guradyjy we arassalaýjy, byçgy, oklaw hem-de mehaniki-bejeriş sehleri hereket edip, olarda önümçilik ýokary depginde alnyp barylýar. Sehlerde önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylyp, tehnologiki düzgünleriň gyşarnyksyz berjaý edilmegi gazanylýar. Tehniki howpsuzlygyň hem-de zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegine hemişe uly üns berilýär. Bu bolsa, howpsuz zähmetiň üpjün edilmegi bilen bagly meseledir.

Halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ýol alýan ýerinde işem depginli barýar. Baý iş tejribeli halypalaryň ýörelgesine eýerýän ýaş işçileriň bilelikdäki tagallalary ýokary görkezijileriň gazanylmagyna getirýär. Kärhanamyzda häzire çenli 7866 tonnadan gowrak “ak altyn” gaýtadan işlenildi. Kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary şanly ýylymyzy zähmet üstünlikleri bilen jemlemek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Kärhanamyzyň öndürýän önümleri bolsa, ýurdumyzyň dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün edip, durnukly ösüşe saldamly goşant bolýar.

Kerwen ZYRRYÝEW.

Garagum pagta arassalaýjy kärhanasynyň tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça baş hünärmeni,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

ZEMINIŇ ÝAŞYL DÜŞEGI

 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalykçylaryna döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde Saýat etrabynyň gallaçy daýhanlary 27 müň 766 gektar ýere bugdaýyň ýokary ha­syl berýän görnüşlerini ekip, doly gögeriş aldylar. Şu günler ýaşyl maýsalara ideg işleri dowam etdirilýär.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň has ýokary hasyl berýän tohumlary ekmek baradaky tagallalary saýatly gallaçylary hem diýseň begendirdi. Ýakynda tamamlanan ekiş möwsüminde etrapda 11 müň 778 gektardan gowrak ýere Russiýa Federasiýasyndan getirilen «Alekseýiç» görnüşiniň saýlantgy arkasy ekildi. 15 müň 466 gektar ýerde bolsa şu görnüşiň birinji arkasy endigan boý alyp otyr.

Bugdaýyň şu görnüşinden ýokary hasyl alyp bolýandygyna etrabyň gallaçylary şu ýyl öz tejribesinde göz ýetirdiler. Özüne berkidilen ýerde «Alekseýiç» görnüşli tohumy eken kärendeçileriň arasynda her gektardan 45-50 sentnere çenli ýetirip hasyl alanlary juda kän bol­dy. Etrabyň ekerançylyk ýerlerinde ýene-de bugdaýyň şu görnüşiniň tohumlyk çigidiniň ýüzlerçe tonnasy ekildi. Bu görnüşiň bol hasyl berjekdigine daýhanlaryň ynamy ýetik. Ýeri gelende aýtsak, etrapda 521 gektar ýere ýerli tohum ekildi.

Etrabyň «Watan» daýhan birleşigindäki ýaşyl maýsalar 675 gektar meýdana uzaýar. Şunça ýeriň 300 gektaryna «Alekseýiç» görnüşiniň saýlantgy, 375 gektaryna bolsa birinji arkasy ekildi. Hut şu görnüşli tohumyň geçen ýylda ekilen ýerleriniň her gektaryndan Gaýgysyz Soltanow, Azat Altybaýew, Bagtyýar Paşagulyýew ýaly kärendeçiler 45-50 sentnere çenli ýokary hasyl aldylar.

Şu günler etrabyň gallaçy daýhanlary ekine gögeriş suwuny bermek işini doly tamamladylar. Gyşyň bosagasyndaky günlerde ekin haşal otlaryň garşysyna dermanlanylyp, karbamid döküni berilýär. Şeýle hem etrapda ösüş suwuny tutmak işlerine girişildi. Saýatly gallaçylar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralaryna beslenjek ýyly zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýärler.

 

Ogulnur HAÝYDOWA, «Lebapgallaöniimleri» önümçilik birleşiginiň Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

TAGALLALAR — HALKYŇ BÄHBIDINE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda Watanymyzyň ösüşleriniň binýady barha pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, Watanymyzyň halkara abraýynyň we şan-şöhratynyň artmagyna giň ýol açdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar edýän «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan giňden oňlanylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Merjen paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletlilik ýörelgesiniň we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat ugrunyň uly üstünligidir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde dünýä döwletleriniň 193-si tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikilenji gezek biragyzdan kabul edilmegi, daşary ýurtlaryň 47-siniň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi güneşli Diýarymyzyň ählumumy ösüşe we abadançylyga gönükdirilen daşary syýasatynyň uly üstünliklere eýe bolýandygyny äşgär edýär. Şöhratly taryhymyzda iňňän uly ähmiýete eýe bolan 12-nji dekabryň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edilmegide ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer daşary syýasatyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ylalaşygy pugtalandyrmakda uly işleri alyp barýan, milli we umumadamzat bähbitlerini berk berjaý edip, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly ýurdumyzyň halkara giňişligindäki mertebesi has-da beýgelýär. Bu günki gün berkarar Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda tanalyp, öňdebaryjy ýurtlaryň, dünýä belli kompaniýalaryň ýüzlerçesi bilen köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýändigi biziň her birimiziň kalbymyzy şatlandyryp, başymyzy Göge ýetirýär.

Ýurdumyz diňe bir sebitiň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde hem möhüm orny eýeleýär. Muňa ýaňy-ýakynda paýtagtymyzdaky medeniýet ojaklarynda hem-de Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär.

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň 2023 -2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy, ýurdumyzyň başlangyjy bilen 26-njy noýabrda Bütindünýä Durnukly ulag gününiň bellenilmegi bu şanly senäniň baýramçylyk ruhuny, toý joşgunyny has-da artdyrdy.

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegine 28 ýyl dolýar. Welaýatymyzyň ähli edara-guramalarynda bu şanly senäni mynasyp garşylamak ugrunda giň gerimli çäreler guralýar. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň, parahatçylyksöýüjilikli halkara diplomatiýasynyň umumadamzat ähmiýeti giňişleýin wagyz edilýär.

Biz ata Watanymyzyň at-abraýyny halkara derejede belende göterýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkyň bähbidine gönükdirilen tagallalary üçin köp sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly rowaçlyklary arzuw edýäris.

 

Merdan DOSMEDOW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

1 ... 42 43 44 45 46 ... 60