​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

KERAMATLY SÖZLER — GANATLY SÖZLER...

 

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda bagtyýar zamanamyzyň deslapky taryhy şertlerini, geçilen ýoluň menzillerini ylmy taýdan çuňňur esaslandyryp beýan etdi, ýurduň batly ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitledi. Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, biziň beýik ýeňişlerimiziň we üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar. Garaşsyzlyk bize döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Biz ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly, olara eýerip hem ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldyk. Biziň daýanjymyz — milletiň bitewüligi, parahatçylyk söýüjilik däpleri. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hakyky halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Bu baradaky pikir Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda buýsanç bilen beýan edildi: «Biziň ösüş nusgamyz — häzirki ählumumylaşma döwründe ýüze çykýan soraglary çözmegiň netijeli ýoludyr. Milli agzybirligimiz, kanunyň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň we durmuş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr».

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda döwlet Garaşsyzlygy we halkyň abadançylygy baradaky taglymatyň düýp mazmuny öz beýanyny tapdy. Ol mazmun binýatlaýyn garaýyşlaryň birnäçesine daýanýar: birinjiden, halkyň we häkimiýetiň mizemez bitewüligi - bu biziň ähli işlerimizde hereketlendiriji güýç. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyklykda, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk çeşmesidir. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, beýleki düzgünleşdiriji hukuk namalaryň tapgyrlaýyn esasda kämilleşdirilmegi döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň netijeliligini ýokarlandyrma yň girewi bolup durýar. Syýasy durnuklylygy we raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýurduň kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerini döretmek halkyň bitewüliginiň esasynda mümkin bolýar. 

Durmuşyň wajyp meselelerini çözmäge ukyply ýolbaşçylaryň, gullukçylaryň täze neslini terbiýelemek, döwlet dolandyryş ulgamynyň işgärler düzümini kämilleşdirmek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň beýik gazananlaryny şertlendirdi. Senagat taýdan innowasion ösüşiň we ykdysadyýetiň pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň ýokary depginleri, bazar ykdysadyýeti gurallarynyň netijeli ulanylmagy halkymyzyň zähmet hem-de döredijilik zehinini ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Döwlet, milli maksatnamalaryň we beýleki möhüm resminamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha berkidilýär. Gahryman Arkadagymyz ykdysady netijeliligi we öndürijiligi ýokarlandyrmagyň, gaýtadan işleýän pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň, galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ösüşiň milli nusgasynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belläp geçdi. Bu ugurdaky gazanylan sepgitler ilatyň durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň esasyny döredýär. Ýurtda suw gorlaryny aýawly saklamak we olardan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň meseleleri hemişe üns merkezinde. Ekologiýa babatda ýokary talaplara laýyk gelýän zawodlar we fabrikler gurulýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gülletmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Merkezi Aziýada ilkinji gezek innowasion taslama durmuşa geçirildi: «akylly şäher» konsepsiýasynyň esasynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry gurlup ulanmaga berildi. Geljegiň şäheri bolan bu şäher ýurduň ägirt uly ykdysady we maýa goýum kuwwatyny şöhlelendirýär, onda ýaşamak üçin ýokary derejeli amatly gurşaw döredildi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny joşgunly sözler bilen jemledi: «Biz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Yhlas bilen başyna barlan işler bolsa bitmän galmaz. Şoňa görä-de, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň abadançylygy üçin egsilmez gujur-gaýratymyza we synmaz erkimize daýanyp, öňküden-de jebisleşip, tutanýerli zähmet çekmelidiris! Biz diňe halk bilen beýik işleri we belent wezipeleri amala aşyrmalydyrys!». 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda möhüm ähmiýetli waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakyndaky Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary biragyzdan goldanyldy. Bu bolsa bütin halkymyzyň bitewi erkiniň nyşanyna öwrüldi. 

Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan sag bolsunlarymyzy aýdýarys.

 

Ogulşad DURDYMEDOWA, 

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

IL SAGLYGY — DÖWLETIŇ GYMMATLY BAÝLYGY

 

Täze taryhy döwürde döwlet syýasatynyň düýp özeninde halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ynsan gymmatlyklaryna hormat goýmak, hemaýata mätäçlere goldaw bermek mukaddes ýörelgä öwrülýär. 

Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy-syýasy ähmiýetli wakasyna öwrülip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny, ägirt uly sahawatly işlerini bütin dünýä äşgär edýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli daşary ýurtlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi «Arkadag» medalynyň ilkinji eýeleri boldular. 

Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sylaglanylmagy aýratyn buýsançly waka boldy. Bu sylag täze taryhy döwürde sagdyn nesil hakdaky aladanyň ileri tutulýandygynyň we ynsan mertebesiniň, ynsanperwerligiň sarpalanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykmagy göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Güneşli ülkämizde bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu ensiklopedik-ylmy iş degişli hünärmenler, saglygy goraýyş işgärleri üçin uly gollanmadyr. Bu ajaýyp kitapda müň ýyllyklaryň dowamynda kemala gelen halk tebipçiliginiň baý tejribesi we onuň häzirki zamanda ylmy taýdan öwrenilişi öz beýanyny tapýar. 

Halkymyzyň saglygy, ýurt abadançylygy hakynda ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 

 

Arazmyrat HANGELDIÝEW, 

Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň 

ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

ÝEŇIŞLI MENZILLER

 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýeňişlere beslenip geçen 32 ýylynyň dowamynda Türkmenistan Watanymyz ösüş-özgerişli menzilleri külterledi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny hemme taraplaýyn pugtalandyrmakda ägirt uly işler amala aşyryldy. Türkmen jemgyýetinde milli demokratik ýörelgeler uly ähmiýete eýe bolýar we rowaçlanýar. Muny Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýene bir gezek subut etdi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy wakasy bolmak bilen, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyz nobatdaky wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünliklerimizi mundan beýläk-de berkitmekde, türkmen halkynyň abadan, bolelin ýaşaýşynyň bähbidine öňde durýan örän möhüm meseleleri maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetini nygtady. Şeýle hem Milli Liderimiz türkmen halkynyň döwlet gurujy halkdygyny, döwlet gurmak babatda merdana ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, ösüşiň milli nusgasyny saýlap alandygymyzy belläp geçdi. Halkymyzyň agzybirligine, ukyp-başarnygyna, parahatçylyk söýüjilikli däplerine daýanyp, özygtyýarly döwleti gurandygymyza ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşinde ýetilen belent sepgitlere jikme-jik seljerme berdi. Döwrüň öňe çykarýan wajyp wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň meseleleri dogrusynda durup geçdi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda we beýleki ulgamlarda gazanylan we gazanylýan uly üstünliklere ünsi çekdi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy waka bolan bu mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň berilmegi il-günümiziň guwanjyna guwanç goşdy. Elbetde, bu ählumumy foruma gatnaşyp, möhüm wakanyň şaýady bolmak bagtyýarlykdan nyşandyr. 

 

Arslan ÇARYÝEW. 

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň “Pendi” şahamçasynyň sanly bank tehnologiýasy we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

DURMUŞYŇ GÜLLEÝÄN ÇAGY

 

Ata-babalarymyzyň milli edep kadalary häzirki günlerimizde-de arassa ahlaklylygyň ýokary nusgasy bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň açyk göwünlilik, ynsanperwerlik, lebzi halallyk, rehim-şepagatlylyk ýaly asylly däpleriniň gymmaty has-da ýokarlanýar. 

Döwletimiziň sarsmaz binýadyny, halkymyzyň polat ýaly mäkämligini üpjün etmegiň zerur şerti bolup durýan şu gylyk-häsiýetleri ösüp gelýän ýaşlarda terbiýelemek, körpe nesliň durmuşda öz ornuny tapmagyny gazanmak, olaryň geljegine giň ýol açmak babatda alnyp barylýan işler göwünlerimizi şatlandyrýar. Şu babatda baş maksady halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygyny berkitmekden ybarat bolan hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi we aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolmagy biziň buýsançly başymyzy göge diredi. Çünki hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyzda öňe sürülýän başlangyçlaryň, durmuşa geçirilýän özgerişlikleriň her biri adamy mertebelemek, onuň kanuny bähbitlerini goramak ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýar. Mähir-muhabbete ýugrulan şeýle hossarlyk alada, goldaw-hemaýat bolsa tutuş halkyň durmuşyna lezzet, süýjülik gatýar we ýaşaýşa, ýagty geljege bolan ynamyny artdyrýar. 

Täze taryhy eýýamda adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen nusgalyk taglymatynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň anyk subutnamasydyr. 

Indi birnäçe ýyldan bäri ata Watanymyzda amala aşyrylýan tutumly işler her birimiziň guwanjymyza öwrüldi. Bedew batly ösüşler, ozal görlüp-eşidilmedik özgerişlikler, dünýäni haýrana goýýan öňegidişlikler her bir türkmen raýatyny agzybirlikde işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmäge hyjuwlandyrýar. Geljege ynam bilen garap, öňe tarap buýsançly gadam urmaga ruhlandyrýar. Hut şonuň üçin ildeşlerimiziň uludan-kiçisi galkynyşly döwrümize buýsanyp, onuň ösüş-özgerişliklerine güýjüniň ýetdiginden goşant goşmaga çalyşýar. Ynha, mukaddeslige ýugrulan şu duýgular bolsa biziň her birimiziň öňümizde uly jogapkärçiligiň, Watana yhlasly hyzmat etmegiň, wepaly bolmagyň, ony ýürekden söýmek ýaly ynsançylyk sypatlaryň kemala gelmegine itergi berýär. Çünki bize eşret-hözirini görmek bagty miýesser eden ajaýyp zamanamyz gadymyýetden gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir. 

Güneşli ülkämize myhman bolup gelenler ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň we baky berkararlygynyň halkymyza eçilen bagtyna, galkynyşly döwrümizde ähli babatda gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere haýran galmak we guwanmak bilen syn edýärler. Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly taslamalar ykdysady ulgamyň işini adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine laýyk geler ýaly derejede guramaga oňyn şert döredýär. Munuň özi ilatyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen durnukly ösüşiň üpjün edilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryndaky akylyňy haýrana galdyryjy ösüşler bu ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylandygyna şaýatlyk edýär. Diňe bir häzirki zaman medeni-durmuş maksatly binalaryň ýa-da ýaşaýyş jaýlarynyň däl, eýsem, olaryň onlarçasyny, ýüzlerçesini özünde jemleýän obalaryň, şäherleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi, diňe bir ýurduň ýa-da sebitiň däl, eýsem, tutuş dünýäniň abadançylygynyň bähbidini araýan giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ildeşlerimiziň ruhy galkynyşyna, watançylyk duýgusynyň çuňlaşmagyna esas bolup hyzmat edýär. Ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn ynsanlar biziň döwletimiziň sarsmaz sütünleridir. Il-ulsumyzyň ýurdumyza, Gahryman Arkadagymyza we sarpasy belent döwlet Baştutanymyza bolan çäksiz söýgüsi, uly ynamy bolsa, türkmen döwletiniň binýadynyň müdimi mizemezligini üpjün edýän baş görkezijilerdir. Biz türkmen döwletiniň binýadynyň berkemegi, ykdysady kuwwatynyň artmagy ugrunda edýän ýadawsyz aladalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris. 

 

Atajan JUMADURDYÝEW, 

welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

DÖWLETLILIK ÝOLUNYŇ DABARALANMAGY

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gadymdan gelýän ýörelgämiz bolan döwletlilik ýoly bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döwleti döretmekde hem-de ony dolandyrmakda toplan oňyn tejribesinden ugur alnyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelere daýanylýan ýurdumyzda adam hakyndaky alada Hökümetimiziň esasy iş ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Jemgyýetimiziň gurluşynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, häzirki wagtda ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny özygtyýarly, Berkarar döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda barha ýokarlanýar. 

Bu gezekki geçen­ Türkmenistanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne türkmen­ hal­ky­nyň ­Mil­li­ Li­de­ri ­Gahryman Arkada­gy­my­zyň­ ýol­baş­çy­lyk edip, oňa hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­miz­ Arkadagly Gahryman­ Serdarymyzyň gat­naş­magy we ta­ry­hy çy­kyş et­me­gi mil­li demok­ra­ti­ýa­my­zyň dabaralanma­gy­na aý­ra­tyn ­öwüş­gin ­ber­di. 

Hormatly Prezidentimiz taryhy çy­ky­şyn­da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da­ ýe­ri­ne­ ýe­ti­ri­len iş­le­re syn­ be­rip,­ ata­ Wa­ta­ny­my­zyň­ ösdürilme­gi, mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­zyň hal­ka­ra ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da kämilleş­di­ril­me­gi, yn­san­per­wer içe­ri we hoş­ni­ýet­li­ da­şa­ry syýasatymyzyň tä­ze nus­ga­sy­nyň ke­ma­la gel­me­gi üçin ze­rur bo­lan wezipe­le­riň wa­jyp ugur­la­ry­ny be­ýan et­di. Arkadagly Gahryman Serdary­myz ýur­du­myzda­ ýe­ti­len be­lent­ sep­git­le­riň bü­tin dün­ýä­ni haýrana gal­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek bi­len, ata­ Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-­de gül­läp ös­me­gi ba­ba­tyn­da be­dew ba­dy­nyň ýo­kar­landy­ryl­ma­ly ugur­la­ry­ny we öňü­miz­de dur­ýan be­lent mak­sat­la­ry anyk kesgit­läp ber­di.

Arkadagly ­Gahryman ­Ser­da­rymyz äh­li mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip: «Dö­wür ­tä­ze­ pi­kir­le­ri­ hem-de ­in­no­wasion­ önüm­çi­lik­le­ri ­ta­lap­ ed­ýär»­ di­ýip bel­le­mek ­bi­len,­ yl­myň ­we­ teh­ni­ka­nyň çalt­ dep­gin­ler­ bi­len ös­me­gi,­ tä­ze­ tehno­lo­gi­ýa­la­ryň dö­re­me­gi, dün­ýä­niň bi­lim gi­ňiş­li­gi­ne ýurdu­my­zyň iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy, mil­li mi­ra­sy­my­zy dün­ýä ýaý­mak, taryhy,­ me­de­ni­ we­ ru­hy ­baýlyk­la­ry­my­zy­ go­rap­ sak­la­mak,­ ýaş­la­ry watançy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek ýaly meseleleriň öň hatarda durýandygyny hem-de ­türk­men ­ýaş­la­ry­na ­Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň geljegi­ni gu­ru­jy­lar hökmün­de ­ga­ra­ýandygyny­ be­ýan ­et­di.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da mil­li­ de­mok­ra­ti­ýa­my­zyň ýörelgele­ri­ne we­ ka­da­la­ry­na­ la­ýyk­lyk­da,­ il­ sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň, kü­müş saç­ly ene­le­ri­mi­ziň we halk we­kil­le­ri­niň çy­kyş­la­ry­na aý­ratyn orun berildi. Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miziň halka­ra ab­ra­ýy­nyň art­ma­gynda, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we­ köp­ta­rap­la­ýyn ­gat­na­şyk­la­ryň­ ýola­ go­ýul­ma­gynda, ­türk­men ­hal­ky­nyň bag­ty­ýar, ­röw­şen ­ge­lje­gi ­ug­run­da ­ýeri­ne ­ýe­ti­ren ­be­ýik ­iş­le­ri­ na­za­ra alnyp,­ hormatly Prezidentimize Türk­menis­ta­nyň iň ýo­ka­ry tapawutlandy­ryş de­re­je­si­niň ­«Al­tyn ­Aý»­ al­tyn­ ny­şa­nynyň gowşurylmagy, Türk­me­nis­ta­nyň Gahry­ma­ny­ di­ýen ­be­lent ­adyň­ dakylma­gy­ ba­ra­da­ky­ tek­lip­le­r­ or­ta­ atyl­dy.­ 

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­haty­nyň mej­li­si­niň do­wa­myn­da gys­ga ara­kes­me wag­tyn­da mil­li ka­da-kanun­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da,­ Türkmenista­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň mas­la­ha­ty döw­rün­de or­ta aty­lan teklip bi­ra­gyz­dan gol­da­ny­lyp, hormatly Prezidentimi­ze Türkmenis­ta­nyň Gahryma­ny di­ýen be­lent adyň dakyl­ma­gy ba­ra­da Mejli­siň ka­ra­ry­nyň ka­bul edil­me­gi mil­letimiziň ­­buý­sanjy­ny has-da artdyrdy. 

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, ilha­lar watan­çy Mä­lik­gu­ly aga­nyň il-hal­ky eziz­läp, ýur­du­my­zy go­ra­mak we­ Wa­ta­ny söý­mek bara­daky ata pen­di­ni hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ze wes­ýet et­me­gi äh­lu­mu­my ag­zy­bir­li­giň we je­bis­li­giň­ şy­ga­ry­na öw­rül­di.

Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi gö­zü­niň gö­re­ji de­ýin go­ra­mak­da we­ Wa­ta­ny, hal­ky söý­mek­de pe­der pen­di­ne yg­rarly hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Me­niň mak­sa­dym Garaşsyzlygymy­zyň we Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň bin­ýat­lyk esas­lary­ny has­-da kä­mil­leş­di­rip, ýur­du­my­zy ynam­ly öňe alyp git­mek­den yba­ratdyr!» di­ýen söz­le­ri türk­men hal­ky­nyň döwlet Baş­tu­ta­ny­na bo­lan eg­sil­mez söý­güsi­ bi­len saz­la­şyp, Gahryman Arkadagymyzyň döw­let­li­lik ýo­lu­nyň dabaralan­ýan­ ­ za­ma­na­sy­nyň ta­ryhy­nyň tä­ze sa­hy­pa­sy­na al­tyn harp­lar bilen ýa­zyl­ýar. 

Ata­ Wa­ta­ny­my­zyň röw­şen gelje­gi ug­run­da asyr­la­ra ba­ra­bar beýik iş­le­ri ama­la aşyr­ýan hor­matly Prezidentimize Türk­me­nis­ta­nyň Gahrymany di­ýen be­lent adyň dakyl­ma­gy,­ Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miziň şan­ly­ Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyllygy hem-de­ Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslaha­ty­nyň­ no­bat­da­ky mej­li­si­niň üs­tün­lik­li geç­me­gi bi­len­ türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nista­nyň Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ Baş­ly­gy Gahryman Arka­da­gy­my­zy, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Arkadagly­ Gahryman Ser­da­rymy­zy hem-de äh­li türk­men hal­ky­my­zy tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­rys. 

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri Gahryman­ Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahry­man­ Serdarymyzyň jan­la­ry sag, be­lent baş­la­ry aman bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, bü­tin adam­zat äh­mi­ýet­li dün­ýä nus­ga­lyk iş­le­ri he­mi­şe ro­waçlyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

SANLY ULGAM: amatlylyk,çaltlyk,tygşytlylyk

 

San­ly ul­gam we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry dur­mu­şyň äh­li ugurlary­na ara­la­şyp, ola­ryň ös­me­gi­ne özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň dep­gin­li ösü­şi­ni art­dyr­mak ­we ­şol­ san­da­ dur­muş­ yk­dy­sa­dy ­ul­ga­my­ny ­kä­milleş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, «Türk­me­nis­tan­da 2019­-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda ýur­du­my­zyň dür­li pu­dak­laryn­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak boýun­ça giň ge­rim­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. 

Amat­ly­lyk, çalt­lyk, tyg­şyt­ly­lyk ýa­ly dü­şün­je­ler bi­len berk bag­ly bo­lan san­ly ul­gam yk­dy­sady­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ry bo­ýun­ça tä­ze innowasion we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar, elekt­ron res­mi­na­ma­lar do­la­ny­şy­gy hem­-de elekt­ron şah­sy­ýet­na­ma­lar ul­ga­my, saz­la­şyk­ly ­iş­le­ýän elektron sena­ga­ty ýa­ly tap­gyr­la­ýyn iş­le­ri ýo­la goý­ýar. 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de döwletimiz­de san­ly yk­dy­sa­dyýe­tiň ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz dün­ýä­niň mag­lu­mat ul­ga­my­na we teh­no­lo­gik ösü­şi­ne go­şul­ýar. Şo­nuň bi­len bag­ly­lykda, ýur­du­my­zyň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ornaş­dyrma­ga gö­nük­di­ri­len ýo­ka­ry tiz­lik­li ösü­şi üp­jün edil­ýär, halkymyzyň döw­re­bap şert­ler­de zäh­met çek­megi­ne we dur­mu­şyň eşretle­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy­na aja­ýyp müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Adamzadyň ýa­şaý­şy­ny ha­ky­ky eş­re­te öw­rüp bil­ýän güý­je eýe bo­lan sanly ul­ga­myň ýur­du­myz bo­ýun­ça esa­sy ugur­la­ry kes­git­le­nip, mil­li bilim, ka­nun­çy­lyk, şä­her­gurlu­şyk ul­gam­la­ry ýa­ly pu­dak­la­r­da uly iş­ler ama­la aşy­ryl­dy we ama­la aşy­ryl­ma­gy­ do­wam et­di­ril­ýär. 

Döw­let ­Baş­tu­ta­ny­myz ­ta­ra­pyn­dan­ ýur­du­myz­da ­san­ly tehnologiýalar­dan baş çy­kar­ýan ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­riň taýýarlanyl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­gi bu ugur­da Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä­niň öň­de ­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da bol­ma­gy­na ke­pil geç­ýär. Şu jäht­den hem hor­mat­ly Pre­zi­denti­miziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, bilimlerini we ukyp ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­me­gi, döw­rüň ösen tehni­ka­sy­nyň müm­kin­çi­li­gi­ne akyl ýe­tir­me­gi, san­ly ul­ga­my öz­leş­di­rip başar­ma­gy ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. San­ly bi­lim ul­gamy­nyň çägin­de bi­lim ojak­la­ry­nyň ara­syn­da te­le­köp­ri ar­ka­ly okuw­lar, yl­my bäsle­şik­ler ge­çi­ril­ýär. Bu­lar hem öz göz­ba­şy­ny «Türk­me­nis­tan­da 2019­2025-­nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sady­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» birin­ji tap­gy­ryn­dan, has dog­ru­sy, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hünärmen­ler, pro­fes­sor­ mu­gal­lym­lar, şeý­le­-de ta­lyp­lar ta­ra­pyn­dan san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň tor mak­sat­na­ma üp­jün­çi­li­gi, onuň bin­ýa­dy, san­ly bi­lim por­tal­la­ry, elekt­ron res­mi­na­ma­la­ry, elekt­ron poç­ta, uzak ara­lyk­dan bi­lim bermek, yl­my iş­le­ri, okuw ki­tap­la­ry­ny, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­le­ri­ni ýo­la goý­mak ýa­ly ta­lap­lardan alyp gaýd­ýar. 

Hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şiň dep­gi­ni­niň ýo­kar­lan­ma­gy jemgy­ýe­tiň ylmy-­teh­ni­ki kuw­wa­ty­na bag­ly bo­lup dur­ýar. Mu­nuň gör­ke­zi­ji­le­ri bo­lup, bu ugur­da zäh­met çek­jek hü­när­men­ler, iş­le­riň mad­dy­ teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi, mag­lu­mat­lar go­ry ýa­ly mese­le­ler çy­kyş ed­ýär. 

Yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty esa­syn­da bü­tin dün­ýä­de uly şöh­ra­ta eýe bolýan eziz Di­ýa­ry­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti san­lylaş­dyr­mak, san­ly bi­li­mi ösdür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­le­nip dü­zü­len we tas­syk­la­nan döw­let mak­sat­na­ma­la­ry esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýur­du­my­zyň in­tel­lek­tual kuw­wa­ty­ny ös­dür­mek, yk­dy­sa­dy­ýet­dä­ki gur­luş­la­ýyn öz­gert­me­le­ri durmu­şa ge­çir­mek, yl­my ösüş­le­ri, yl­my-­teh­ni­ki in­no­wa­si­ýa iş­le­ri­ni golda­mak bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýur­du­myz­da dün­ýä­niň ösen döwlet­le­ri­niň yl­my-­teh­ni­ki ösü­şi­niň tä­ze gaza­nan­la­ryn­dan ugur al­nyp, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan, in­no­wa­si­ýa­lar­dan baş çy­kar­ýan hünärmenle­ri taý­ýar­la­mak we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de anyk üstünlikler ga­za­nyl­ýar. 

San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň şeý­le tiz ös­ýän, kä­mil­leş­ýän döwrün­de adam hak­da­ky ala­da­ny döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tulýan ug­ry hökmünde kes­git­le­ýän Gahryman Arkadagymy­zyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş­la­ra dün­ýä de­re­jesin­de bi­lim ber­mek­de, ylym öw­ret­mek­de ed­ýän ta­gal­la­la­ry bi­möç­ber­dir. Goý, hal­ky­my­zyň aba­dan­ ýaşaýşy ugrunda giň ge­rim­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýan Gahry­man Arkadagymyzyň, Arka­dag­ly Gahryman Serdarymy­zyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tu­tum­ly iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Sahyberdi JAFAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – MILLI DEMOKRATIÝANYŇ AÝDYŇ NUSGASY

 

Ber­ka­rar­ döw­le­tiň­ tä­ze­ eý­ýa­mynyň­ Gal­ky­ny­şy­ döw­rün­de­ hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ pa­ra­sat­ly­ ýol­baş­çyly­gyn­da­ jem­gy­ýet­çi­lik­ dur­mu­şy­nyň äh­li­ ugur­la­ry­ny­ ös­dür­mä­ge­ gö­nükdi­ri­len­ mak­sat­na­ma­la­ryň­ üs­tün­lik­li ama­la­ aşy­ryl­ma­gy­na,­ ra­ýat ­jem­gy­ýeti­ni­ pug­ta­lan­dyr­ma­ga,­ sy­ýa­sy,­ ykdysa­dy,­ de­mok­ra­tik­ öz­gert­me­le­ri­ has­da iş­jeň­leş­dir­mä­ge­ uly­ äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

Şu­ ýy­lyň­ 24-nji­ sent­ýab­ryn­da,­ döw­let­ Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň­ şan­ly­ 32­ ýyl­lyk­ to­ýu­nyň­ öňü­sy­ra­syn­da­ türkmen­ hal­ky­nyň­ Mil­li­ Li­de­ri,­ Türkmenis­ta­nyň ­Halk Mas­la­ha­ty­nyň­ Baş­ly­gy Gah­ry­man­ Arkadagymyzyň­ baş­lyklyk­ et­me­gin­de­ ýur­du­my­zyň­ hal­kyň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik­ ed­ýän­ ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li­ eda­ra­sy­nyň­ –­ Türk­me­nista­nyň­ Halk ­Mas­la­ha­ty­nyň ­no­bat­da­ky mej­li­si­ ge­çi­ril­di.­ Bu­ umu­my­mil­li­ forum­da­ jemgy­ýe­ti­mi­ziň,­ döw­le­ti­miziň­ ösü­şi­niň­ äh­li­ ugur­la­ry­na­ de­giş­li düýp­li me­se­le­ler­ ara ­al­nyp­ mas­la­hatla­şyl­dy­ we­ olar­ bo­ýun­ça­ mö­hüm­ çözgüt­ler ka­bul­ edil­di. 

Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ mej­li­sin­de Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­myz­ Magtymgu­ly ­Py­ra­gy­nyň ­dö­re­di­ji­li­gi­niň­ äh­miýe­ti­ ba­ra­da­ aý­ra­tyn­ nyg­tap­ geç­mek bi­len,­ umu­my­mil­li­ fo­ru­ma­ gat­na­şyjy­la­ry­ şöh­rat­ly­ pe­der­le­ri­mi­ziň­ pa­rahat­çy­lyk­ sö­ýü­ji­lik­ däp­le­ri­ni­ do­wam et­dir­mä­ge­ ça­gyr­dy.­ Mil­li­ Liderimiz öz­ ta­ry­hy­ çy­ky­şyn­da­ ýur­du­my­zyň şä­her­le­ri­ni­ ös­dür­mek­li­giň­ stra­te­gi­ýasy­ny ­iş­läp ­taý­ýar­la­mak­ly­gyň hem ­zerur­dy­gy­na­ ün­si­ çek­di. 

Mer­te­be­si be­lent hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem Halk Mas­la­ha­tynyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de mak­sat­nama­la­ýyn çy­kyş edip, şu ýyl ýur­dumyz­da je­mi 37 mil­liard 400 mil­li­on ma­nat möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum­la­ry goýmak­ly­gyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dygy, ilat ýa­zu­wy­nyň jem­le­rin­den ugur alyp, gel­jek ýyl­lar­da­ky me­ýil­na­ma­la­ra ta­kyk­la­ma­lar gi­ri­zil­se maksa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy, üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň ahyry­na çen­li Türkmenba­şy­ –­ Fa­rap we Aş­ga­bat ­–­ Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýol­la­rynyň, Ga­ra­bo­gaz­köl aý­la­gy­nyň üs­tünden geç­ýän köp­ri­niň gur­lu­şy­gyn­da 545 mil­li­on 55 müň ma­nat möç­be­rin­de, oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da­1 ­mil­liard 600 milli­on ma­nat möç­be­rin­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ryň özleşdiriljekdigi, Ar­ka­dag şä­he­ri­ni 2024­–­2052­-nji ýyl­lar­da ös­dürme­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýan­dy­gy ba­rada­ky çuň maz­mun­ly yl­my-na­za­ry pikir­le­ri­ni be­ýan et­di. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hem­-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz ta­ry­hy çy­kyşla­ryn­da mu­kad­des Wa­ta­ny­my­zyň gelje­gi bo­lan şu gün­ki bag­ty­ýar ýaş­la­rymy­zyň ylym­ly-­bi­lim­li, kä­mil ne­sil­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ba­bat­da döw­le­timiz ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýän döw­re­bap şert­ler we müm­kin­çi­lik­ler ba­ra­da aý­ratyn bel­läp geç­di­ler. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Ar­ka­da­gy­myz döw­le­ti­mi­ziň güýç-­kuw­wa­ty, ab­raý-mer­te­be­si hem­-de be­ýik gel­je­gi bo­lan ýaş­la­ry­my­zyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ne ýoka­ry ba­ha be­rip, ola­ryň hal­ky­my­zyň da­ýan­jy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny çäk­siz buý­sanç bi­len di­le ge­tir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem öz çy­ky­şyn­da häzir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň esa­sy bö­le­gi­ni Ga­raş­syz­lyk ýyllaryn­da ke­ma­la ge­len ne­sil­le­riň düz­ýän­di­gi­ni, ýur­du­my­zyň ola­ra berka­rar Wa­ta­nymy­zyň gel­je­gi­ni gu­ru­jy­lar hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­ny uly gu­wanç bi­len belläp geç­di. 

Hal­ky­my­zyň ýaş nes­liň gu­jur­-gaý­raty­na, kä­mil ukyp­-ba­şar­ny­gy­na, ýi­ti zehi­ni­ne,baý iş tej­ri­be­si­ne aý­ra­tyn hor­mat goý­ýan­dy­gy­ny no­bat­da­ky umu­my­milli fo­rum­da Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za Türk­me­nis­ta­nyň Gahryma­ny di­ýen belent adyň da­kyl­ma­gy ha­kyn­da­ky tekli­biň biragyzdan gol­da­nyl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly ta­ry­hy pur­sat aý­dyň tassyk­la­ýar. 

Döw­let­ Baş­tu­ta­ny­my­zyň­ Ga­raşsyz ­ýur­du­myz­da «Ber­ka­rar­ döwletiň tä­ze­ eý­ýa­my­nyň ­Gal­ky­ny­şy:­ Türk­menis­ta­ny­ 2022­ – 2052-­nji ýyl­lar­da ­durmuş­-yk­dy­sa­dy­ taý­dan­ ös­dür­me­giň Mil­li­ mak­sat­na­ma­sy­na»­ la­ýyk­lyk­da amal­ edil­me­li­ no­bat­da­ky­ ösüş­le­ri­miziň­ esa­sy­ ugur­la­ry­ny­ kesgit­le­me­gi,­ ber­ka­rar­ döw­le­ti­mi­ziň­ şu­ gün­ki­ ykdy­sa­dy­ kuw­wa­ty­nyň,­ aba­dan­ hem eş­ret­li­ dur­mu­şy­nyň,­ gel­jek­ki­ rowaç­lyk­la­ry­nyň­ wy­sa­ly­ bo­lan­ be­lent mak­sat­la­ry­ny­ aý­dyň­ be­ýan­ et­me­gi umu­my­mil­li­ fo­ru­ma­ gatnaşyjylar­da diý­seň ­uly ­tä­sir ­gal­dyr­dy.­ Hut­ şu­ nukdaý­na­zar­dan,­ halkymyz­ Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň­ dur­muş­ mek­de­bi­ni ge­çen­ hormatly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ pähim­-pa­ra­sa­da­ ýug­ru­lan­ ýi­ti­ ze­hi­ni­ne,­ baý­ iş­ tej­ri­be­si­ne ­my­na­syp ­ba­ha bermek­ bi­len,­ Ar­ka­dag­ly­ Ser­da­ry­my­za Türkme­nis­ta­nyň­ Gah­ry­ma­ny­ di­ýen hor­mat­ly­ ady­ dak­dy.­ Ine,­ şu­nuň­ özi hem­ döw­le­ti­mi­ziň­ we­ jem­gy­ýe­ti­miziň ­türk­men ­ýaş­la­ry­na ­ägirt ­uly ynam bil­dir­ýän­di­gi­ni ­gör­kez­ýär. 

Bu gün­ki gün mer­da­na hal­ky­myz özü­niň aý­dyň gel­je­gi­ni gur­ýar, Ber­karar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­kyny­şy döw­rün­de bat­ly ga­dam­lar bi­len öňe bar­ýar. Ag­zy­bir­li­giň, je­bis­li­giň, para­hat­çy­ly­gyň, bir Wa­ta­na, do­wa­mat do­wam bo­lan bir Ba­şa gul­luk et­me­giň aja­ýyp gö­rel­de­si­ni, nusga­sy­ny äle­me gör­kez­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň 24-­nji sent­ýabr­da bo­lup geçen no­bat­da­ky mej­li­si hem mu­nuň şeýle­di­gi­ni ýene-de bir ge­zek aýan et­di. 

Ýur­du­myz­da­ döw­let­ de­re­je­sin­de her­ ýyl­ ge­çi­ril­me­gi­ in­di­ asyl­ly­ däbe öw­rü­len­ Türk­me­nis­ta­nyň ­Halk ­Masla­ha­ty­nyň ­mej­li­si­niň­ Türkmenis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da ­we ­«Türk­me­nis­tanyň ­Halk Maslahaty ­ha­kyn­da»­ Türkme­nis­ta­nyň ­Kons­ti­tu­si­on­ Ka­nu­nyn­da hu­kuk­ taý­dan­ ber­ki­dil­me­gi­ mil­li­ demok­ra­ti­ýa­nyň öz­bo­luş­ly ­bir­ aý­ra­tynly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk­ Mas­la­haty­nyň­ no­bat­da­ky­ mej­li­sin­de­ ka­bul edi­len­ çöz­güt­ler­ ýur­du­my­zyň­ sy­ýasy­-yk­dy­sa­dy,­ me­de­ni­-yn­san­per­wer ugur­lar­da­ky­ ösüş­le­ri­niň hu­kuk­ esasla­ry­ny­ pug­ta­lan­dyr­ma­ga,­ döw­letiň saz­la­şyk­ly­ ösü­şi­ni­ güýç­len­dir­mä­ge ýar­dam­ be­rip,­ hal­ky­my­zyň­ hal­-ýagda­ýy­nyň­ mun­dan­ beý­läk­-de­ go­wulan­dy­ryl­ma­gy­ny ­üp­jün­ eder. 

 

Maksat JANMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, 

                                                                                           Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

ÝAŞLARYŇ GELJEGINE NUR ÇAÝÝAN PENTLER

 

Ar­ka­dag­ Ser­dar­ly­ bag­ty­ýar­ ýaşlar­ ýy­ly­nyň­ al­tyn­ güý­zü­niň­ il­kinji gü­ni­ ýur­du­my­zyň­ eg­sil­mez­ kuwwa­ty­ bo­lan­ ýaş­ nes­liň­ dur­mu­şyn­da sözüň­ do­ly­ ma­ny­syn­da­ ta­ry­hy­ waka­la­ra­ bes­len­di.­ Şol­ wa­ka­la­ryň­ Arkadag­ly­ Ser­da­ry­my­zyň­ ak­ pa­ta ber­me­gin­de­ bir­nä­çe­ bi­lim­ edaralarynyň­ açy­lyp­ ulan­ma­ga­ be­ril­me­gi­niň hem-­de ­düý­bü­niň tutulmagy­nyň,­ şeýle-­de­ türk­men­ hal­ky­nyň ­Mil­li­ Li­de­ri Gah­ry­man­ Arkada­gy­my­zyň­ ýur­dumy­zyň­ ýaş­la­ry­ bi­len­ umu­my­ sa­pak geç­me­gi­niň­ ta­ry­hy­ äh­mi­ýe­ti,­ il­kin­ji no­bat­da,­ ola­ryň­ gö­nü­den­-gö­ni­ ýaşla­ryň­ bag­ty­ýar­ gel­je­gi­ bi­len­ berk bag­la­ny­şyk­da­ bol­ma­gyn­da­ jem­lenýär.­ Gah­ry­man­ Arka­da­gy­myz­ bol­sa:­ «Bag­ty­ýar­ ýaş­lar­ bi­len­ bi­ziň­ hal­kymyz­ bagt­ly­dyr! Bag­ty­ýar ­ýaş­lar­ bi­len Wa­ta­ny­myz ­bagt­ly­dyr! ­Bag­ty­ýar­ ýaşlar­ bi­len­ döwrü­miz­ hem­ dün­ýä­miz bagt­ly­dyr!»­ di­ýip,­ aý­ra­tyn­ nyg­ta­ýar. 

Ga­raş­syz,­ he­mi­şe­lik­ Bi­ta­rap ­Türkme­nis­tan­ döw­le­ti­mi­ziň­ dün­ýä­ dolan şan-­şöh­ra­ty­ny,­ ab­raý­-mer­te­be­si­ni­ belen­de­ gö­ter­ýän,­ pederlerimiziň­ watan­sö­ýü­ji­lik,­ yn­san­per­wer­lik,­ hoşni­ýet­li­lik,­ dost-dogan­lyk­ ýa­ly­ ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny,­ asyl­ly­ mil­li­ hä­siýet­le­ri­ni,­ ha­lal­ zäh­me­te­ hor­mat­ goýmak­ ýö­rel­ge­le­ri­ni­ yk­bal­ be­ze­gi­ne öw­ren ­ýaş­la­ry­ terbi­ýe­läp ­ýe­tiş­dir­mek ýur­du­my­zyň­ ýaş­lar­ sy­ýa­sa­tyn­da ­kesgit­le­nen esasy ­mak­sat­lar­dyr. 

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry bi­len ge­çi­ren umu­my sapagy­nyň ylym­ly, bi­lim­li, ru­hy we beden taý­dan sag­dyn, giň gözýetimli, dür­li hü­när­ler­den, döw­re­bap tehno­lo­gi­ýa­lar­dan us­sat­lyk bilen baş çy­kar­ýan ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tişdir­mek­de düýp­li iter­gi berjekdi­gi­ni buý­sanç bi­len nyg­tap bi­le­ris. Se­bä­bi Gah­ry­man Arkadagymy­zyň geçi­ren umu­my sa­pa­gy ata Wa­tany­my­zyň şöh­rat­ly tary­hy­na, mukad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­za, ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­my­za, özboluş­ly däp-des­sur­la­ry­my­za, kä­mil ah­lak gymmat­lyk­la­ry­my­za, ynsanper­wer ýörel­ge­le­ri­mi­ze, bag­ty­ýar ýaş­la­ryň öňün­de dur­ýan perzentlik we­zi­pe borç­la­ry­na de­giş­li çuň­ňur maz­muna hem-­de akyl-paýha­sa ýug­ru­lan pi­kir­ler­dir pent­-ün­dew­le­re baý­ly­gy bi­len haý­ran galdyr­ýar. 

Mu­nuň özi ýaş nes­li hal­ky­my­zyň asyr­la­ryň kä­mil­lik mek­de­bi­ni geçen mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ry esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek­de al­nyp barylýan köp ta­rap­ly tu­tum­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňel­dip, maz­mun baý­ly­gy­ny art­dy­rar, ne­ti­jeli­li­gi­ni has­-da ýo­kar­lan­dy­rar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň umu­my sa­pak­da­ky atalyk ne­si­hat­la­ry­nyň, ün­dew-­sar­gytla­ry­nyň ýaş­la­ry­myz bi­len gö­nü­den-gö­ni iş alyp bar­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­rama­sy üçin bag­ty­ýar ne­sil­le­riň ter­biýe­sin­de ýol gör­ke­zi­ji şamçy­ra­ga öwrül­jek­di­gi ha­ky­kat­dyr. 

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ry­hy çy­ky­şyn­da: «Döw­le­ti­mi­ziň Ga­raşsyz­ly­gy­nyň we ber­ka­rar­ly­gy­nyň esasla­ry­ny ber­kid­ýän, dur­nuk­ly dur­muş­-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni üp­jün edýän, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-­dur­muş şert­le­ri­ni düýp­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýän üs­tün­lik­le­ri­miz­de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ýaş­da­ky we­kille­ri­niň, aýra­tyn­da, ýaş­la­ry­my­zyň hyz­ma­ty örän ulu­dyr» di­ýip, aý­ratyn buý­sanç bi­len bel­läp geç­di. Hut şo­nuň üçin hem Mil­li Li­de­ri­mi­ziň umu­my sapagy­nyň älem ýa­ly giň we um­man ýa­ly çuň ma­ny-­maz­muny ýurdumy­zyň ýaş nes­li­niň ru­hube­lent­li­gi­ni tä­ze de­re­je­le­re gö­ter­di. Şeý­le ru­hu­be­lent­li­gi bu ta­ry­hy wa­ka bi­len bag­la­ny­şyk­ly bi­ri-­bi­ri­ne ulaşýan daba­ra­ly, buý­sanç­ly çä­re­ler­de do­ly gör­mek bol­ýar. 

Gö­zel­ paý­tag­ty­myz­da­ky­ Me­kan köş­gün­de­ Türk­me­nis­ta­nyň Magtymgu­ly­ adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ­Ge­ňe­şi­niň Bilimler­ we­ ta­lyp ýaş­lar­ gü­ni­ my­na­sy­bet­li­ Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň­ ak­ pa­ta­ ber­me­gin­de bir­nä­çe­ bi­lim­ eda­ra­la­ry­nyň­ açy­lyp ulan­ma­ga­ berilmegini­ we­ düý­bü­niň tu­tul­ma­gyna,­ şeý­le­ hem­ Gah­ry­man Arkadagymy­zyň ­ýur­du­my­zyň­ ýaş­lary ­bi­len ­ge­çi­ren­ umu­my­ sa­pa­gy­na bagyş­la­nyp,­ «Türk­men­ hal­ky­nyň­ Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Arkadagymyzyň döw­let­li­lik tag­ly­ma­ty we Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýoly bi­len ynamly öňe, öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!» diýen at bi­len ge­çiren da­ba­ra­ly mas­la­ha­ty şeý­le çä­re­leriň bi­ri bol­dy. Onda ýur­duň gel­je­gine de­ňel­ýän bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň ýü­re­gin­de­ kalbyn­da möwç ur­ýan buý­sanç duý­gu­la­ry ýe­ne bir ýo­la aýdyň ýü­ze çykdy. 

Biz­ - ýaş­la­ra şeý­le uly ynam bil­dirip, döw­let de­re­je­sin­de äh­li mümkinçi­lik­le­ri dö­red­ýän türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Arka­da­gy­my­za hem-­de­ hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly­ Ser­da­ry­my­za­ al­ky­şymyz­ eg­sil­mez­dir!­ Mil­li­ Li­de­ri­mi­ziň: «Ar­ka­dag­ly­ Ser­da­ry­my­zyň­ ýo­ly­ bilen,­ öňe, ­öňe,­ di­ňe ­öňe,­ jan­ Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!»­ di­ýen­ sözle­ri­ biz­ - ýaş­la­ryň­ baş­ şy­ga­rymyz­dyr!

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky 

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty

SEBIT ÝAŞLAR SYÝASATYNYŇ UMUMY UGURLARY KESGITLENDI

 

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­miz­ Ser­dar Berdimuhamedowyň­ 14­-15­-nji­ sentýabr­da­ Tä­ji­gis­tan­ Res­pub­li­ka­sy­na­ iş sa­pa­ry­ ýur­du­my­zyň­ da­şa­ry­ syýa­satda ­ga­zan­ýan­ üs­tün­lik­le­ri­niň ­ha­ta­rynda,­ hal­ka­ra­ ab­ra­ýy­nyň ­bar­ha be­len­de gal­ýan­dy­gy­nyň­ ny­şa­ny­ hök­mün­de ta­ry­ha­ ýa­zyl­dy.­ Ol­ se­bit­ ýaşlar­ sy­ýasa­ty­ny­ ös­dür­mek­de,­ Mer­ke­zi­ Azi­ýa döw­let­le­ri­niň­ ýaş­lar­ hyzmat­daş­ly­gynyň­ mö­hüm ­ugur­la­ry­ny ­kes­git­le­mekde ­hem­ örän­ ne­ti­je­li bol­dy. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 14-­nji sent­ýabr­da Du­şen­be şä­he­rin­de Merke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tanla­ry­nyň bä­şin­ji kon­sul­ta­tiw duşuşygy­na gat­naş­dy. Bu sam­mi­te türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türkme­nista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow hem ça­gy­ry­lyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za se­bit­de­ pa­ra­hat­çy­ly­gy­ we ­howp­suz­lygy­ pug­ta­lan­dyr­ma­ga,­ döw­le­ta­ra hyzmatdaşly­gy­ ös­dür­mä­ge ­ägirt­ uly­ şah­sy go­şan­dy­ üçin­ Mer­ke­zi­ Azi­ýa­ döwlet­le­ri­niň­ Baş­tu­tan­la­ry­nyň­ Hor­mat ny­şa­ny­nyň ­gow­şu­ryl­ma­gy ­biz­—ýaşla­ryň­ hem­ kö­ňül­ gu­şu­my­zy­ ga­natlan­dyr­dy.­ Mil­li­ Li­de­ri­miz­ ab­raý­ly sy­la­gyň­ gow­şu­ry­lyş­ da­ba­ra­syn­da:­ «Mer­ke­zi­ Azi­ýa­ döw­let­le­ri­niň­ Baştutan­la­ry­nyň­ Hor­mat­ ny­şa­ny­ me­ni halk­la­ry­my­zyň­ dost­luk­ly­ gatnaşykla­ry­ny­ pug­ta­lan­dyr­ma­gyň­ bäh­bi­dine­ äh­li­ güýç-­gaý­ra­ty­my­ we­ dur­muş tej­ri­bä­mi­ gaý­gyr­man­ mun­dan­ beýläk­-de­ tu­tan­ýer­li­ zäh­met­ çekmä­ge borç­ly­ ed­ýär»­ di­ýip­ bel­le­di.­ Mag­tymgu­ly­ Py­ra­gy­nyň­ söz­le­ri­ni,­ do­gan­lyk halk­la­ryň­ pä­him­le­ri­ni­ my­sal­ ge­ti­rip,­ ata­-ba­ba­la­ry­my­zyň­ hemişe­ je­bis­li­ge ça­gy­ran­dy­gy,­ şo­ňa­ gö­rä­-de,­ hä­zirki­ gün­de­ sy­ýa­sat­da,­ yk­dy­sa­dy­ýet­de,­ yn­san­per­wer ­me­se­le­ler­de ­do­gan­lar­ça pe­der­le­ri­mi­ziň­ ýolu­ny­ do­wam­ et­dirýän­di­gi­miz ­ha­kyn­da­ çy­kyş ­et­di. 

Ýaş­la­ry­ ruh­lan­dy­ran­ ta­ry­hy­ waka­la­ryň­ bi­ri­-de­ Mer­ke­zi­ Azi­ýa­ döwlet­le­ri­niň­ Baş­tu­tan­la­ry­nyň­ bä­şin­ji kon­sul­ta­tiw­ du­şu­şy­gy­nyň çäklerin­de Mer­ke­zi­ Azi­ýa­ döw­let­le­ri­niň­  ara­synda­ ýaş­lar­ sy­ýa­sa­ty­nyň umu­my ­ugurla­ry­ ha­kyn­da­ Yla­la­şy­ga­ gol­ çe­kil­megi­dir. Şeý­le­-de, duşuşygyň­ çäk­le­rin­de se­bi­tiň­ ýurt­la­ry­nyň­ we­ki­li­ýet­le­ri­niň gatnaşmagynda­ bir­nä­çe­ ugur­daş­ çäre­ler­ ge­çi­ril­di.­ Ola­ryň­ mak­sat­na­ma­sy ýo­ka­ry­ bi­lim,­ ylym,­ ýaş­lar­ sy­ýa­sa­ty,­ meý­le­tin­çi­ler­ he­re­ke­ti,­ sport­ ugurlary­ bo­ýun­ça­ bir­nä­çe­ çä­re­le­ri­ hem­ öz içi­ne­ al­dy.­ Türk­me­nis­tan­ bu­ ugur­lar bo­ýun­ça­ ne­ti­je­li­ hyz­mat­daş­ly­gy­ giňelt­mek­ ug­run­da­ çy­kyş­ edip,­ anyk tek­lip­le­ri­ öňe­ sür­di. 

Mä­lim­ bol­şy­ ýa­ly,­ me­de­ni­ yn­sanper­wer­ me­se­le­ler­de­ ne­ti­je­li­ gatnaşyk­lar­ se­bi­tiň­ saz­la­şyk­ly­ ös­me­gi­niň we­ onuň­ mun­dan­ beý­läk­-de­ rowaçlan­ma­gy­nyň­ gi­re­wi­ bo­lup­ dur­ýar.­ Bu­ ugur­da­ mun­dan­ beý­läk­-de­ öňe git­me­giň,­ gat­na­şyk­la­ryň­ tä­ze­ usul­lary­dyr­ gör­nüş­le­ri­ni­ göz­le­me­giň ge­rekdi­gi­ ha­kyn­da­ ga­ra­ýyş­lar­ öňe­ sür­lüp,­ hut­ şu­ mak­sat­lar­ bi­len,­ bä­şin­ji sam­mitiň­ çäk­le­rin­de ­ze­nan­lar,­ ýaş­lar,­ me­deni­ we ­ylym-­bi­lim­ fo­rum­la­ry, ser­gi­ler,­ bäs­le­şik­ler­ ge­çi­ril­di.­ Ola­ryň­ ha­ta­rynda­ se­bi­tiň­ Ýaş­lar­ guramalary­nyň­ foru­my­ hem-­de­ Meý­le­tin­çi­ler­ fo­ru­my hem­ bar.­ Ola­ra Türk­me­nis­ta­nyň ­Magtym­gu­ly­ adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ gu­ra­masy­nyň ­we­kil­le­ri iş­jeň­ gat­naş­dy­lar­ we öza­ra­ tej­ri­be­ alyş­dy­lar,­ gel­jek­de­ hyzmat­daş­ly­gy­ ösdür­me­giň­ me­se­le­le­rini­ ara­ alyp ­mas­la­hat­laş­dy­lar.­ Ola­ryň guramamyzyň­ alyp­ bar­ýan­ iş­le­ri­ne we­ tej­ri­be­si­ne­ ýo­ka­ry­ ba­ha­ ber­me­gi,­ ýur­du­my­zyň ­ýaş­lar ­ba­ra­da­ky ­döw­let sy­ýa­sa­ty­ny­ üs­tün­lik­li ­ama­la aşyrýandy­gy­nyň­ aý­dyň ­su­but­na­ma­sy­dyr. 

Mer­ke­zi­ Azi­ýa ­döw­let­le­ri­niň­ Ýaşlar­ gu­ra­ma­la­ry­nyň­ ara­syn­da­ geçirilen­ fo­rum­da ­«Ýaş­lar ­ba­ra­da­ky ­döw­let sy­ýa­sa­ty­ ha­kyn­da»­ Türkmenis­ta­nyň  Ka­nu­ny,­ «Türk­me­nis­tan­da­ ýaş­lar ba­ra­da­ döw­let­ syýasa­ty­nyň­ 2021­-2025­-nji­ ýyl­lar­ üçin­ Döw­let­ mak­satna­ma­sy»,­ «Türkme­nis­ta­nyň­ ýaş­la­rynyň ­hal­ka­ra ­hyz­mat­daş­ly­gy­nyň­ 2023­ - 2030­-njy­ ýyllar­ üçin­ Stra­te­gi­ýa­sy»­ hem­-de ­ola­ryň ­çäk­le­rin­de ama­la ­aşyryl­ýan­ ne­ti­je­li ­iş­ler­ dog­ru­syn­da,­ şeýle­ hem,­ Türk­me­nis­ta­nyň­  Mag­tymgu­ly­ adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­nyň ÝU­NES­KO­-nyň­ Bü­tin­dün­ýä­ Ýaşlar­ jemgy­ýe­ti­niň­ res­mi­ ag­za­sy­ bo­lup dur­ýan­dy­gy ­ba­ra­da ­gi­ňiş­le­ýin­ be­ýan edil­di.­ Şun­da­ kär­deş­le­ri­mi­ziň­ Türkme­nis­ta­nyň­ Bir­le­şen­ Mil­let­ler­ Gurama­sy­nyň­ eda­ra­la­ry,­ şol­ san­da­ Ça­galar­ gaz­na­sy,­ Ösüş­ maksatnamasy, ­Ilat gaz­na­sy,­ Bi­lim,­ ylym­ we­ me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri­ boýun­ça­ gu­ra­ma­sy­ bi­len alyp­ bar­ýan­ iki­ta­rap­la­ýyn­ gat­naşyk­la­ry­na,­ kabul­ edil­ýän­ bi­le­lik­dä­ki mak­sat­na­ma­la­ra­ uly­ gy­zyk­lan­ma­ bildirendikleri­ni­ bel­le­mek­ bo­lar. 

Meý­le­tin­çi­ler fo­ru­myn­da ýaş­laryň meý­le­tin­çi­lik he­re­ke­ti­ni ösdürmäge, bu ugur­da hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge äh­mi­ýet be­ril­di. Türkmenis­ta­nyň bu ugur­da nus­ga­lyk tej­ri­be­si bo­lup, Ýapyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty boýun­ça ­V­ Azi­ýa oýun­la­ryn­da al­nyp barlan meýletinçi­lik işi mu­ňa my­sal­dyr. 

Ýe­ri­ ge­len­de­ bel­le­sek,­ ta­ry­hy­ waka­lar­ bi­len­ ugur­daş­lyk­da­ ge­çi­ri­len se­bi­tiň­ ýurt­la­ry­nyň­ tür­gen­le­ri­niň ara­syn­da­ky­ suw­da­ ýüz­mek­ bo­ýun­ça hal­ka­ra ­ýa­ryş­da­ Türk­me­nis­ta­nyň­ ýygyn­dy­ to­pa­ry­nyň­ ag­za­la­ry ­üs­tün­lik­li çy­kyş­ edip,­dür­li­ ara­ly­ga­ suw­da­ ýüzmek­de­ 1­ al­tyn,­ 4 kü­müş­ we­ 3­ bürünç me­dal­ ga­zan­ma­gy ­ba­şar­dy­lar. 

Sa­pa­ry­nyň ikin­ji gü­nün­de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz Ara­ly ha­las etme­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­landy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ne gatnaş­dy. Gaz­na­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy­na ga­bat ge­len mej­lis­de hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aral deň­zi­niň gura­ma­gy ze­rar­ly eme­le ge­len eko­lo­gik, dur­muş­-yk­dy­sa­dy me­se­le­le­ri çöz­mek mak­sa­dy bi­len, bir­nä­çe baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Olar se­bit­de ýaş­la­ryň sagly­gy­ny ber­kit­mek­de, eko­lo­gi­ýa howpsuz­ly­gy­nyň üp­jün edilme­gin­de örän mö­hüm­dir. Hu­su­san­-da, Aral me­se­lesi­ne gö­nü­den­-göni da­hyl­ly me­se­le­leriň top­lu­my­nyň umu­my se­bit eko­lo­gik gün tertibiniň mö­hüm bö­le­gi hökmün­de çö­zül­me­gi­niň hal­ka­ra hyzmatdaşlygyň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­ny, oňyn baş­lan­gyç­la­ryň mun­dan beýläk­de iler­le­dil­me­gi­ni, BMG-­niň ýö­ri­te­leş­di­rilen dü­züm­le­ri­niň bu işle­re iş­jeň çe­kilme­gi­ni ta­lap ed­ýän­di­gi bel­len­di. 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mer­ke­zi­ Azi­ýada­ ho­wa­nyň­ üýt­ge­me­gi­ bi­len­ baglany­şyk­ly­ teh­no­lo­gi­ýa­lar­ bo­ýun­ça­ sebit ­mer­ke­zi­ni­ dö­ret­mek,­ se­bit­de­ suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ­iler­let­mek,­ Mer­ke­zi Azi­ýa­ Suw­ stra­te­gi­ýa­sy­ny­ işläp­ taýýar­la­mak­ we­ ony­ gel­jek­de­ BMG-­niň Äh­lu­mu­my­ suw­ strategiýasy­ny­ işläp ­taý­ýar­la­mak ­üçin­ esas ­hök­mün­de ulan­mak,­ Ara­ly­ ha­las­ et­me­giň­ halka­ra­ gaz­na­sy­ny­ dur­nuk­ly­ ös­dür­mek bo­ýun­ça­ döw­le­ta­ra ­to­pa­ryň ­çäk­le­rinde­ ka­bul­ edi­len­ Mer­ke­zi­ Azi­ýa­nyň daş­ky­ gur­şa­wy­ny­ gora­mak­ bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň­ se­bit­ me­ýil­na­ma­sy­ny we­ onuň­ esa­sy­ kada­la­ry­ny­ eko­lo­gik me­se­lä­niň­ dü­züm­ bö­le­gi­ hök­mün­de Aral­ deň­zi­ sebi­ti­niň­ ýurt­la­ry­na­ kömek­ ber­mek­ bo­ýun­ça­ He­re­ket­le­riň tä­ze­ maksatnama­sy­na ­gi­riz­mek ­maksa­dy­ bi­len­ döw­re­bap­laş­dyr­mak­ ýa­ly teklipler­dir­ baş­lan­gyç­lar­ nyg­tal­dy.

«Türk­me­nis­ta­nyň­ ýaş­la­ry­nyň hal­ka­ra­ hyz­mat­daş­ly­gy­nyň­ 2023­ - 2030-­njy­ ýyl­lar­ üçin­ Stra­te­gi­ýa­sy­ny»­ dur­mu­şa­ ge­çir­mek­de­ mö­hüm­ ähmiýet­li ­bo­lan­ ta­ry­hy­ sa­par­da­ se­bit ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny­ ös­dür­mä­ge­ aýratyn­ üns be­ren­ Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly­ Serdarymyzyň ­jan­la­ry ­sag,­ ömür­le­ri­ uzak ­bol­sun,­ il-­ýurt­ bäh­bit­li,­ dün­ýä äh­mi­ýet­li­ iş­le­ri­ he­mi­şe ­ro­waçlyk­la­ra ­bes­len­sin!

 

Ýazpolat KERIÝEW,

 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

1 ... 43 44 45 46 47 ... 53