Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi barada öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly we başga-da birnäçe hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, 7-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlary sarpalamak dabarasy geçirildi, şeýle hem 7-8-nji martda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde “Ene mähri” adyna eýe bolan zenanlaryň birnäçesine döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy. Dabaralara gatnaşanlar ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň adyndan Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy, mynasyp zähmet çekmegi babatda döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Hasabat döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirilip, milli kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde iş saparynda bolup, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň dokuzynjy parlamentara duşuşygyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy hem-de kanun çykaryjylyk, parlament işi boýunça özara tejribe alşyldy.
Hormatly Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.