Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
10.11.2023

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, on aýyň dowamynda Mejlisiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si, Mejlisiň kararlarynyň hem 42-si kabul edildi. Häzirki wagtda parlamentiň iş toparlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar, hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin duşuşyklaryň 75-si geçirildi hem-de dürli döwletleriň ilçileriniň 24-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan halkara düzümler bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça geçirilen okuw maslahatlarynyň 90-syna gatnaşdylar, daşary ýurtlaryň 30-synda iş saparlarynda boldular. Bellenilişi ýaly, deputatlar giň jemgyýetçilige ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, kabul edilýän kanunçylyk namalaryny düşündirmek boýunça dürli çärelere, şanly seneler mynasybetli guralýan forumlara we dabaralara gatnaşýarlar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy täze taryhy döwrüň möhüm ähmiýetli taslamalarynyň biri bolan Arkadag şäherini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan “Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda” Mejlisiň karary barada maglumat berdi. Karar döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägini giňeltmek boýunça kabul edilen resminama laýyklykda, degişli işleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.