Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde döredilen iş toparlarynda döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, şeýle hem «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Kärende hakynda», «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, milli parlamentiň wekilleri Andorra Knýazlygynda, Tanzaniýa Birleşen Respublikasynda we Täjigistan Respublikasynda iş saparynda boldular. Şeýle hem Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirilip, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, şeýle hem kabul edilen kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.