Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem 25-nji noýabrda geçiriljek Mejlisiň dördünji maslahatyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Maslahatyň çäklerinde “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň hem-de “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasyna seretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, birnäçe kodekslere, beýleki käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisde Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi. Deputatlar BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle hem olar Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maslahatyna, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde guralan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň güýzki sessiýasyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldular. Deputatlar wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşýarlar, Diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy wezipelerini we kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlar işlenip taýýarlanylanda döwletimiziň alyp barýan syýasatyna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şeýle-de ozal hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekildi.