Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
30.11.2023

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem beýleki meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol Milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynyň netijeleri barada maglumat berdi. Maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň karary, Raýat, Arbitraž, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat, Gümrük kodekslerine, Salgytlar hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Kanunlar we beýleki resminamalar kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň we Niderlandlar Patyşalygynyň ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi, şeýle hem Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň deputatlary degişli döwlet edaralary tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-niň, ÝHHG-niň wekilhanalary bilen bilelikde, howanyň üýtgemegi, çagalaryň hukuklaryny goramak, milli söwda syýasatyny kämilleşdirmek, gender mümkinçiliklerini ornaşdyrmak bilen baglanyşykly guralan forumlara gatnaşdylar. Deputatlar Garaşsyz Watanymyzyň döwlet syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy esasynda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek boýunça-da netijeli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň kanunçylyk işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, täze kanun taslamalary taýýarlanylanda halkara tejribeden ugur alyp, olaryň döwrebap bolmagyny gazanmak wajypdyr.