Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
08.12.2023

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň on bir aýynda milli parlament tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 5 maslahat geçirildi. Olaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy, Mejlisiň kararlarynyň 51-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda Konstitusion kanunlaryň 3-si, şeýle hem “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda”, “Arkadag şäheri hakynda”, “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”, “Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary hem-de halkara konwensiýalara goşulmak we Türkmenistanyň käbir kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunlar bar. Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan birnäçe kanunlaryň taslamalaryny, hususan-da, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi hakyndaky hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam etdirilýär.

Halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň düzümleýin edaralary bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Hasabat döwründe Mejlisde ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri boýunça duşuşyklaryň 83-si geçirildi, şol sanda daşary ýurtlaryň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 27-si kabul edildi. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek maksady bilen, milli parlamentiň wekilleri iş saparlarynyň 36-syny amala aşyrdylar, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça guralan okuw maslahatlarynyň 110-syna gatnaşdylar. Mejlisiň deputatlary döwlet syýasatyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek we kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri ýerine ýetirmekde öňdebaryjy halkara tejribelerden ugur almagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.