Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňdebaryjy halkara tejribäniň esasynda raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, hukuk tertibini pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi yzygiderli alnyp barylýar.
Parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde Benin Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň we Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Fransiýa Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili bilen bolan duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň deputatlary Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň we parlamentarileriniň 10-njy duşuşygyna gatnaşdylar. Mundan başga-da, milli parlamentiň wekilleri daşary ýurtly kärdeşleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri geçirýärler, şeýle hem sanly ulgam arkaly BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge teklip edilýän degişli resminamalary ara alyp maslahatlaşmak boýunça guralan duşuşyga, Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynda geçirilen maslahata gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, deputatlar döwlet syýasatynyň, kabul edilen kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň we halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanunlary kämilleşdirmegi häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de kabul edilýän kanunlaryň döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň meselelerini anyk kesgitlemelidigini nygtady.