Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň hukuk esaslaryny kemala getirmäge, pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary kabul etmek we hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.
Şeýle-de daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada habar berildi. Hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy deputatlaryň Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ekoulgamlary gorap saklamak bilen baglanyşykly meseleler boýunça guran çärelerine gatnaşandyklaryny belledi.
Mejlisiň deputatlary öz saýlaw okruglarynda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek strategiýasynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylanda, olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini belledi. Bu kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.