Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalary hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli parlamentiň işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgala, raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kadalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň hereket edýän kodekslerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, Geňeşleriň öz wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirişine, dolandyryş-çäk birlikleriniň we olaryň düzümleriniň ykdysady ösüşine yzygiderli seljerme geçirilýär hem-de ilatly ýerleriň maglumatlary öwrenilýär. Mundan başga-da, deputatlar raýatlaryň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuşy bilen gyzyklanýarlar, olaryň tekliplerini, isleglerini öwrenýärler. Mejlisiň deputatlary 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ýylyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek we halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän dürli çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.