Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
25.08.2023

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 30-sy hem-de Mejlisiň kararlarynyň 35-si kabul edildi. Hereket edýän kanunlary Konstitusion kanunlaryň we halkara kadalaryň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, birnäçe hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Häzirki wagtda raýat-hukuk hem-de daşary ykdysady gatnaşyklar, gidrometeorologiýa, gümrük işi, harby borçlulyk we harby gulluk, taryhy-medeni mirasy goramagyň meselelerini kadalaşdyrmaga gönükdirilen Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak üçin ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri öwrenilýär.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde dürli duşuşyklar geçirildi. Milli parlamentariler okuw maslahatlaryna gatnaşdylar, iş saparlaryny amala aşyrdylar.

Şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, deputatlar döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek boýunça dürli çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.