Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
25.05.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, milli parlament tarapyndan alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.

Parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän işler, hususan-da, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda parlamentler derejesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada aýdyldy. Mejlisiň wekilleri Özbegistanyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen Aziýa zenanlar forumyna hem-de Indoneziýa Respublikasynda X suw forumynyň çäklerinde geçirilen halkara parlament duşuşygyna gatnaşdylar. Şeýle hem deputatlar Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat etdiler.

Ýurdumyzyň Mejlisi, Halk Maslahaty tarapyndan beýleki degişli döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşmeleri bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly: Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy — kämil hukuk ulgamynyň we täze eýýamyň belent maksatlaryny durmuşa geçirmegiň mizemez esaslary” atly ylmy-amaly maslahat guraldy. Mejlisiň deputatlary döwlet syýasatynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen guralýan dürli çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi we milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de berkitmäge, halkymyzyň durmuş derejesini gowulandyrmaga itergi berjek täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň geçirilmelidigini belledi.