Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
28.07.2023

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek boýunça milli parlamentiň öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde degişli işler alnyp barylýar. Raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan hem-de oňyn halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň we “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamalaryny taýýarlamak we käbir kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Dürli döwletleriň parlamentleri, daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalary, halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Halk Maslahaty, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz milli kanunçylygy kämilleşdirmekde Mejlisiň öňünde goýlan wezipelerden ugur almagyň möhümdigini belledi.