Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
30.08.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Kanunlar hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly başga-da birnäçe kanunlar kabul edildi. Dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mejlisiň kararlarynyň 15-si kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýylyň başyndan bäri daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 10-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 27-si geçirildi. Deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça abraýly düzümler bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 77-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurtlara iş saparlarynyň 26-sy guraldy. Şeýle hem deputatlaryň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giňden wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralan çärelere gatnaşandyklary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.