Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada-da aýdyldy. Bu ugurdaky işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alnyp barylýar.
Daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Mejlisiň deputatlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşyklary guraldy. Şeýle hem parlamentiň ýolbaşçysy deputatlaryň döwlet syýasatyny, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek, Halk Maslahatynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada geçirilýän wagyz-nesihat çärelerine gatnaşýandyklary, Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändiklerini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalary işlenip taýýarlananda olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi. Kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döretmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.