Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
08.11.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen bagly başga-da birnäçe Kanunlar kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalary öňdebaryjy halkara tejribä we milli ýörelgelere, döwrüň talaplaryna laýyk getirildi. Mejlisiň kararlarynyň 19-sy kabul edildi.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri duşuşyklaryň 37-si geçirildi. Türkmenistanda işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriň 14-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça halkara guramalar bilen bilelikde geçirilen maslahatlaryň 98-sine gatnaşdylar. Mundan başga-da kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 33-si guraldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap kanun taslamalaryny taýýarlamagy hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygy nygtaldy. Bu işde halkara tejribeden we milli ýörelgelerden ugur almaly. Şeýle hem dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.