Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň hasabyna ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän kanunlaryň seljerilýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, olara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi aýdyldy.
Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” 7-nji parlamentara duşuşygyna, Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň jemleýji maslahatyna hem-de “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň” çäklerinde döredilen Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygyna gatnaşdylar. Mundan başga-da, deputatlar ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeleriň ähmiýetini, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň maksadyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada-da habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.