Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň barşynda birnäçe kanunlaryň kabul edilendigi barada aýdyldy. Olar häzirki döwrüň talaplary hasaba alnyp hem-de degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanyldy. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini, kanunçylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Mejlisinde Gresiýa Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Reglament we parlament işini guramak boýunça komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyklar geçirildi. Bellenilişi ýaly, deputatlar ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, berkarar döwletimiziň gazanýan üstünliklerini wagyz etmek, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini we many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça çärelere, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.