Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu geçen döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 30-sy, şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 36-sy kabul edildi. Hereket edýän kanunlar zerur bolan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek arkaly Konstitusion kanunlaryň hem-de halkara kadalaryň talaplaryna laýyk getirildi.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, Mejlisde degişli hünärmenleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda döredilen iş toparlarynda milli hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.
Şu ýylyň sekiz aýynyň dowamynda halkara we parlamentara gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, dürli duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça okuw maslahatlaryna gatnaşdylar, daşary ýurtlaryň birnäçesine iş saparlaryny amala aşyrdylar.
Halk Maslahaty, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.
Şeýle hem deputatlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleriň taryhy ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça dürli çärelere gatnaşandyklary barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, degişli möhüm kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak we kabul etmek işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.