Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
07.03.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, maşgala gymmatlyklaryny goramak maksady bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň we “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, ýurdumyzyň dürli pudaklaryny ösdürmegiň hukuk esaslaryny berkitmek we sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Şu döwürde halkara guramalar, dürli döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda işler dowam etdirildi. Kanadanyň, Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň birnäçesiniň wekilleri bilen duşuşyklaryň 11-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 18-sine gatnaşdylar. Deputatlar syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek babatda guralýan dürli çärelere, duşuşyklara, maslahatlara gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň kabul edilýän kanunlara baglydygyny aýdyp, ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.