Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalary yzygiderli işlenip taýýarlanylýar. Parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde Täze Zelandiýanyň hem-de Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan raýatlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek hem-de resminamalary taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berildi.
Şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň, kabul edilýän möhüm çözgütleriň many-mazmunyny, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýändikleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.