Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
08.05.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si, hususan-da, ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we ýük markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly Kanunlar kabul edildi. Şeýle hem Jenaýat, Arbitraž, Raýat we Jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlar degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek arkaly kämilleşdirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 9-sy kabul edildi. Häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek bilen bagly we beýleki kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 5-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisde ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 19-sy geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guralan okuw maslahatlarynyň 36-syna gatnaşdylar. Milli parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 11-si amala aşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň hem-de olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini belledi.