Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2023-nji ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, raýatlarymyzyň hukuklaryny, bähbitlerini goramaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen degişli işler ýerine ýetirildi. Şu geçen döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si we Mejlisiň kararlarynyň 40-sy kabul edildi.
Mejlisde degişli hünärmenleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda döredilen iş toparlarynda Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Şu ýylyň dokuz aýynda Mejlisde dünýä döwletleriniň parlament wekilleri, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly duşuşyklaryň 65-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri degişli ministrlikler tarapyndan halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça guralan okuw maslahatlarynyň 74-sine gatnaşdylar. Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 25-si guraldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, döwletiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmagyň, kabul edilýän möhüm çözgütleriň, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleriň ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen, deputatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny ösdürmegi we döwrebaplaşdyrmagy işjeň alyp barmalydygyny belledi. Munuň özi döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmekde we ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmakda nobatdaky işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer.