Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
25.07.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň meseleleri boýunça okuw sapaklarynyň geçirilendigi aýdyldy. Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň arasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyklary barada habar berildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputaty Hytaý Halk Respublikasynda guralan “Türkmenistan üçin Bütindünýä Söwda Guramasy barada esasy düşünjeler” atly okuw maslahatyna gatnaşdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesine, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna, onuň çäklerinde guraljak parlament forumyna taýýarlyk görlüşi barada-da aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň täze işlenip taýýarlanylýan kanunlarda öz beýanyny tapmalydygyna, şoňa görä-de, döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.