Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
23.10.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, adwokatura we adwokatlyk işi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy, hukuk namalary, notariat we notarial işi, şeýle hem aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy bilen baglanyşykly häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Çagalar gaznasynyň durmuş ulgamy boýunça maslahatçysy bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda bu ugurdaky kanunçylygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem Milletler Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň guramagynda geçirilen duşuşyga gatnaşyldy.

Mejlisiň wekilleri sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin parlamentara dialoga, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň Polşa Respublikasynyň paýtagty Warşawa şäherinde geçirilen her ýylky maslahatyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldular.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.