Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri, hususan-da, häzirki wagtda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi. Şeýle-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi barada aýdyldy.
Dürli döwletleriň parlamentleri, iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Ýakynda Bangladeş Halk Respublikasynyň hem-de Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Deputatlar Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen bilelikde, degişli döwlet düzümleri tarapyndan guralan çärelere, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna, BMG-niň Ilat gaznasynyň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” boýunça bilelikdäki maksatnamany işläp taýýarlamaga bagyşlanan duşuşyklaryna, Çagalar gaznasynyň “Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” tanyşdyrylyş çäresine gatnaşdylar. Mundan başga-da, Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahatynda kabul edilen kanunçylyk namalarynyň maksatlaryny we wezipelerini ilata düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, kabul edilen kanunçylyk namalaryny halk köpçüligine düşündirmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.