Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli, şeýle-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 23-24-nji fewralda Gruziýa amala aşyran saparynyň netijeleri barada aýdyldy. Saparyň dowamynda dostlukly ýurduň Prezidenti, Premýer-ministri we parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Olar hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlaryny, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.