Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek babatda berk binýadyny goýan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Şunlukda, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni taýdan ösüşi ýokary depginde üpjün edilýär. 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar hem ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça başy başlanan özgertmeleriň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi.
Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklady. Aslynda, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, saglygyny berkitmek boýunça kabul edilýän ähli maksatnamalar, çuňňur oýlanyşykly çözgütler abadan ýaşaýşyň, okgunly ösüşiň möhüm şertini emele getirýär. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny güýçlendirmek döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Onuň baş maksady her bir raýatyň mynasyp derejede ýaşamagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görmegini, ilatyň jemgyýetçilik önümçiligine işjeň gatnaşmagy üçin ykdysady höweslendirmeleriň döredilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Aslynda, adamyň özi iş öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, girdeji almagyň, kabul edilýän maksatnamalaryň, karardyr çözgütleriň durmuşa geçirilmeginiň hem esasy çeşmesidir. Şoňa görä, onuň zähmet ukybyny işjeňleşdirmäge, başarnygyny, zehinini doly açmaga şert döretmek üçin goýberilýän serişdeler ykdysady taýdan doly delillendirilýär. Ykdysadyýet bolsa durmuş abadançylygyny berkarar etmegiň baş serişdesi bolup durýar. Adam maýasyny hil taýdan kämilleşdirmek arkaly maddy önümçiligiň netijeliligini artdyrmak ilatyň alýan girdejilerini ýokarlandyrmaga, durmuş ulgamyny maliýe taýdan üpjün etmegiň esasy çeşmesi bolup durýan Döwlet býujetiniň serişdelerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde-de milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depginini üpjün etmek, bazar ykdysadyýetiniň usullaryny ornaşdyrmak, durmuş maksatly ykdysady syýasaty dowam etdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy üçin ýeterlik maliýe serişdelerini bölüp bermek, sanly ulgam arkaly döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagy çaltlandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanda başy başlanan düýpli durmuş özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlary we esasy maksatlary ilatyň girdejilerini artdyrmakdan, durmuş taýdan goraglylygyny güýçlendirmekden, ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakdan, medeni-durmuş ulgamyny netijeli ösdürmekden, daşky gurşawy goramakdan ybaratdyr. Durmuş syýasaty ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler strategiýasynyň özenini düzýär we ol ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu ynsanperwer syýasat ýurduň her bir raýatynyň bolelin, abadan durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmagyny üpjün edýän, şeýle-de ýurtda demografik ýagdaýlaryň durnukly bolmagyny, medeniýetiň ilerlemegini, daşky gurşawyň arassa saklanylmagyny şertlendirýän çäreleri öz içine alýar.
Diýarymyzda aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, durmuş tölegleriniň öz wagtynda bökdençsiz üpjün edilmegi ýola goýuldy. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurdumyzda syýasy ýagdaýyň durnuklylygy, jemgyýetiň agzybirligi we bitewüligi üpjün edilýär. Türkmenistan ösen bazar gatnaşyklaryna daýanýan we kämil durmuş goraglylygy bolan, ykdysady taýdan kuwwatly döwleti döretmek maksady bilen öňe tarap ynamly gadam urýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde durmuş ulgamy kämilleşdirilýär, durmuş hyzmatlaryny etmek üçin mümkinçilikler we şertler döredilýär, şeýle hem onuň hukuk esaslary berkidilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda kabul edilýän maksatnamalardan gelip çykýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenen durmuş hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak we Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasynda gol çekilen «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly bilelikdäki maksatnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun adamlaryň aýratyn toparlaryna durmuş hyzmatlarynyň edilmeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.
Durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýan ýyllarynda ýurdumyzyň medeni-durmuş pudaklarynyň ählisinde düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Döwlet tarapyndan durmuş ulgamyna gönükdirilýän serişdeleriň möçberi barha artýar. Adam maýasynyň gorlaryny ösdürmekde hem kämilleşdirmekde döwrüň öňe sürýän talaplaryndan ugur alnyp, degişli pudaklary döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenen adamyň abadançylygy hakyndaky aladanyň, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan durmuş syýasatynyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.
2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralarynyň, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurlup ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini nygtady. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň mundan beýläk-de depginli ösüşini saklamak, maýa goýum işjeňligini yzygiderli üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin oňyn şertleri üpjün etmek bolsa Garaşsyz Watanymyzyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň strategik maksatlary bolmagynda galýar.
Annamuhammet SARJAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.