Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Gahryman Arkadagymyzyň halkara ösüş taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy döwürde belent maksatlary» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Ony welaýat häkimligi, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi bilelikde gurady.
Edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleriniň, ýaşuly we ýaş nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan dabaraly maslahat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň taryhy ähmiýetine bagyşlandy. Maslahatda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda amala aşyran iş saparynyň taryhy ähmiýeti wagyz-nesihat edildi. Bellenilişi ýaly, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary barha pugtalandyrýar. Bu hakykat Milli Liderimiziň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary mahalynda aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatdaky taryhy çykyşy we forumyň çägindäki duşuşyklary ildeşlerimizde gyzgyn goldaw tapdy.
Dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň we Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostluk, özara gatnaşyklaryň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar» diýen çuň manyly sözlerine ýüzlenilmegi we Milli Liderimiziň «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatdaky çykyşynyň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durlup geçilmegi oňa gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi. Çykyş edenler taryhyň dowamynda ýola goýlan türkmen-hytaý dostlukly gatnaşyklaryň bu gün barha rowaçlanmagy, döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Dabaraly maslahat welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-saz, halk döredijilik çykyşlaryna utgaşdy. Sungat çykyşlarynda şan-şöhraty äleme dolan berkarar Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk işleriniň, eşretli döwrümiziň, dost-doganlygyň waspy joşgunly beýanyny tapdy.
Resul IŞANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty