Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Maşgalanyň sütüni hasaplanýan gelin-gyzlarymyzyň sarpasyny belent tutmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda zenanlara mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär, gender deňligi kanun arkaly üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny, bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi, çagalygy goramak babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin strategik maksatlary kesgitleýän meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Düýn Türkmenistanyň Mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» ady bilen geçirilen maslahatyň maksady hem şu ugurdaky giň gerimli işleri wagyz etmekden ybarat boldy.
Mejlisiň deputatlarynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky degişli düzümleriniň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň zenan ýolbaşçylarynyň, dürli ulgamlarda zähmet çekýän işjeň zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň enelerdir gelin-gyzlara hormat goýmak babatda asylly ýörelgesini dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda zenanlaryň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işler barada giňişleýin söhbet edildi.
Baýramgözel MYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim,
medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky
komitetiniň başlygy:
— Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlaryň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Zenanlar hakynda alada etmek, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýär. Ähli döwürlerde-de zenan maşgala diňe bir ojagyň eýesi bolman, eýsem, jemgyýetiň kämilleşmegine, nesilleriň terbiýesine, medeniýetiň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýan ynsan hasaplanýar. Zenan durmuşyň gözelligi, maşgalanyň sütüni, geljegiň dowamatydyr. Häzirki zaman zenany — bu başarjaň ýolbaşçy, diplomat we syýasatçy, lukman, alym, mugallym, inžener, ykdysatçy, telekeçi... Olar bu günki gün döwlet hem jemgyýetçilik işlerinde, hususan-da, ýerine ýetiriji häkimiýet düzümlerinde netijeli zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar. Olar döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine-de işjeň gatnaşýarlar. Diýarymyzda zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşdaky ornuny has-da berkitmek, olaryň döredijilik, intellektual mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär.
Zenanlar jemgyýetiň, maşgala ojagynyň mukaddesligi, mertebesi, durmuşyň gözelligi hökmünde uly hormat-sarpanyň eýesidir. Şoňa görä, ýurdumyzda zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sportda, telekeçilikde we beýleki pudaklarda geçirilýän işlere deňhukukly gatnaşmaklary ugrunda tagalla edilýär. Bu ugurda kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda, Jenaýat, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerinde, beýleki kanunlarda gender deňliginiň hukuk esaslary, zenanlaryň hukuklary babatda birnäçe durmuş kadalary, ýeňillikler göz öňünde tutulandyr. Türkmenistanyň milli hukuk ulgamy erkeklerdir zenanlaryň deň hukuklaryny üpjün edýän berk kepillikleri özünde jemleýär. Esasy Kanunymyz, jynsyna garamazdan, ähli raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň deňdigini ykrar edýär. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin esas goýujy gurala öwrüldi. Mundan başga-da, syýasy, ykdysady, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda anyk çäreleri we maksatlary kesgitleýän gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.