Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
14.04.2026

GURMAK WE DÖRETMEK — BEÝIK GELJEGIŇ BINÝADY

Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan şu günlerimiz geljekki nesiller üçin nusgalyk miras boljak beýik tutumlara we ajaýyp wakalara beslenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bahar paslynyň nurana günlerinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Gurmak we döretmek taryhyň dowamynda halkymyzyň durmuş kadasyna öwrülen, ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýoldur. Türkmen halky ähli döwürlerde-de guran binalary, şäherleri we döreden maddy-ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşup gelýär. Bu günki günde bolsa şol milli ýörelgelerimiz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde täze belentliklere göterilýär. Bu döwrebap gurluşyklar halkymyzyň bagtyýar geljeginiň binýadydyr. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagyny görkezmek bolar. Bu taryhy waka pederlerimizden gelýän «Abatlyk — bina bilen» diýen sarsmaz ýörelgäniň häzirki döwrüň ajaýyp ösüşleri bilen sazlaşýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen düýbi tutulan şäherçe geljegimize goýulýan iň uly maýa goýumdyr. Bu ýerde ýaş hünärmenlerimiziň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Watana bolan beýik söýgi bilen döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler dörediler. Şeýlelikde, täze şäherçe ýaşlarymyzyň zehinini hem-de yhlasyny birleşdirýän mukaddes ojaga öwrüler.

Döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan beýik tutumlar täze taryhy eýýamyň nurana sahypalaryny ýazýar. Bu ýerde guruljak her bir jaý, açyljak durmuş maksatly desgalar ýaşlarymyzyň belent maksatlaryna we röwşen arzuwlaryna ýetmeklerinde mizemez binýat bolar. Bu gurluşyklar ýaş nesillerimizi täze taryhy ýeňişlere ruhlandyrmak bilen, olaryň bagtyýar durmuşynyň aýdyň kepiline öwrüler. Bularyň ählisi ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň, nesilleriň kämil terbiýesiniň we halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň ähli özgertmeleriň özenini düzýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ajaýyp şäherçeler sagdyn ruhly nesillerimiziň milli däp-dessurlarymyz esasynda döwrebap bilim-terbiýe aljak, ylym älemine ynamly gadam goýjak bagt mekanydyr. Şeýlelikde, Mary topragynda düýbi tutulan täze, döwrebap şäherçe «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň durmuş hakykatyna öwrülýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Halkymyzda «Ýol salan — jennetden jaý alar» diýen pähimli söz bar. Ýol gurmak, köpri salmak iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Bu asylly ýörelge diňe bir şäherleri däl, eýsem, adamlaryň ykballaryny we ýüreklerini hem ýakynlaşdyrýar. Asyrlarboýy ymgyr Garagum sährasy bilen hemdem ýaşan halkymyz uzak ülkelere kerwen ýollaryny çekip, dünýä medeniýetine uly goşant goşupdyr. Şol taryhy ýollaryň ugrunda kerwensaraýlar gurup, guýular gazyp, ýaşaýşa ylham berýän haýyr-sogaply işleri amala aşyrypdyrlar. Ata-babalarymyzdan miras galan sogaply ýörelgeler häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň aýdyň mysalyna ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynda hem ýene bir ýola şaýat bolduk. «Ýodany yzlasaň, ýola elter, ýoly yzlasaň — ile» diýen pederlerimiziň wesýetine eýerip, ýol gurmagy uly mertebe hasaplaýan halkymyz üçin bu döwrebap taslama ýurdumyzyň abadançylygynyň, agzybirliginiň we bitewüliginiň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Döwletiň we tutuş sebitiň ösmeginde ýollaryň ähmiýeti örän uludyr. Umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly paýtagtymyz bilen ýurdumyzyň gündogar sebitiniň arasynda döwrebap «altyn köprä» öwrüler. Bu ýol ýük we ýolagçy gatnawlarynyň tizligini artdyrmak bilen, sebitleriň ykdysady kuwwatyny bir bitewi akymda jemlemäge giň mümkinçilikler açar.

Täze ýoluň gatnaw böleginiň her tarapynda üç sany hereket zolagynyň gurulmagy, ýol ugrunda döwrebap kafeleriň, duralgalaryň we tehniki hyzmat ediş nokatlarynyň bolmagy bu ýoluň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini görkezýär. Şeýle ýokary amatlyklar toplumy sürüjiler we ýolagçylar üçin iň kämil şertleri üpjün edýär. Bu awtomobil ýolunyň ulanmaga berilmegi milli ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde taryhy ädimdir. Şol bir wagtyň özünde, munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy ugrunyň häzirki zaman görnüşinde gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýasy dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran taryhy sapary we onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklar döwletara gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdy. Bu taryhy wakalaryň ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýörite iş meýilnamasy taýýarlanyldy. Bu ugurda alnyp barylýan işlere Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň işjeň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Halkymyzy we bagtyýar ýaşlarymyzy nurana geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, aýdyň maksatly beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,

Mejlisiň deputaty.