Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Aşgabat şäheriniň demirgazyk künjeginde, Aşgabat — Daşoguz ýolunyň 24-nji kilometrinde ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlipdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman nusgasy bolan bu ägirt uly taslamanyň gurluşygy doly tamamlandy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ýubileýi giňden toýlanyljak şanly ýylyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyry bolan Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamynyň taryhynda ýene bir şöhratly sahypany açdy. Bu taryhy waka bedew batly ösüşlerimiziň täze, belent sepgitleri nazarlaýandygyny, şanly ýylyň döredijilik, toý ruhuna, döwre uly buýsanç döredýän beýik işlere beslenýändigini nobatdaky gezek ähli aýdyňlygy bilen alamatlandyrdy.
Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoluny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan we beýleki kömekçi potratçy guramalardan ybarat «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gurdy. Bu ýol Aşgabat şäherini uly senagat we üstaşyr geçelge mümkinçiligi bolan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheri bilen birleşdirýän ýokary tizlikli ýoldur. Onuň gurluşygy başlanmazdan ozal, ýol düşýän çäklerinde geologik we topografik barlaglar geçirildi. «Türkmen Awtoban» ÝGPJ-niň potratçylary, alymlar, taslamaçylar, ýurdumyzyň pudaklaýyn institutlarynyň we döwlet kärhanalarynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda inženerçilik desgalarynyň ýerleşýän ýerleriniň umumy çyzgylary, ýoluň tehniki aýratynlyklary işlenip düzüldi.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolup, onuň ugrunda dürli görnüşli köprüleriň, ýerasty geçelgeleriň, ýolüsti geçirijileriň, trampedlerdir (uly ýola münelgeler-düşelgeler) monolit köprüleriň birnäçesi, dürli ölçegdäki suw geçirijiler, mallary geçirmek üçin ötükler, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükler, şeýle hem demir päsgelçilikli germewler we daşky gorag gözenekleri guruldy.
Ýoluň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Onuň ikinji tapgyry, ýagny Tejen — Mary bölegi bolsa 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda açyldy.
Ýoluň üçünji tapgyrynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde bu taslamanyň halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini tassyklaýan birnäçe halkara sylaglar gowşuryldy. Fransiýanyň «Grenobloise d’Elektronique et d’Automatismes» kompaniýasy tarapyndan ýoluň wideogözegçilik we töleg ulgamlarynyň ýokary halkara hil standartlaryna laýyklygyny tassyklaýan güwänama; töleg ulgamlarynyň taslamalaşdyrylyşy, ulanylyşy we tehniki hyzmaty boýunça işleriň ýokary hilli dolandyryş ýörelgelerine laýyklykda alnyp barlandygyny tassyklaýan ISO 9001; maglumat howpsuzlygynyň ýokary derejesini, şahsy maglumatlaryň we maliýe amallarynyň kiberhowplardan ygtybarly goralýandygyny tassyklaýan ISO 27001; daşky gurşawy goramak boýunça jogapkärli çemeleşmäni tassyklaýan ISO 14001 hem-de ölçeg enjamlarynyň we gözegçilik ulgamlarynyň dogry işleýändigine güwä geçýän ISO 10012 şahadatnamalary berildi. Şeýle-de Hytaýyň «Shandong Jiangfeng New Material Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekili ýoluň demir germewleriniň inženerçilik çözgütleriniň, berkliginiň we uzak möhletliliginiň halkara ýol howpsuzlygy kadalaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO 1461 we EN1317 Ýewropa standartynyň güwänamalaryny gowşurdy. Bularyň ählisi ýurdumyzda gurulýan ýollaryň hil taýdan dünýäniň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gelýändigini äşgär edýär.
Ýokary tizlikli ýoluň doly ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň degişli ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwdaykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýär. Bu ýol Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde hem uly mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistan milli ykdysadyýeti çalt depginde ösdürmek maksady bilen, ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we toplumlaýyn ilerletmek boýunça giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzda ýollaryň, ulag ulgamyna degişli desgalaryň durkuny täzelemek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Täze ýollary gurmak meseleleriniň üstünde işlenilýär, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrunda işler güýçli depginde alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli we köp şahaly howpsuz halkara ulag düzümlerini döretmek boýunça başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunda döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, dürli ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilendigini hem bellemek gerek. Bularyň ählisi Türkmenistanyň sebitde ulag infrastrukturasyny ösdürmäge uly goşant goşýandygyny görkezmek bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň doly ýagdaýda ulanmaga berilmegi halkara ulag geçelgesini emele getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklary bolan gurluşyk we senagat hem-de ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini has-da kämilleşdirer.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup ulanmaga berlen ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly sebitde ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmäge, üstaşyr geçelgeleriň netijeli işlemegini üpjün etmäge, ilatymyzyň asuda ýollarda howpsuz hereket etmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has artdyrmaga amatly şertleri döredýär.
Hawa, dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň: «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy» diýip, gara gözüniň garasyna deňän türkmen topragynda bu gün Amyderýa bilen Hazar deňzini birleşdirýän täze, döwrebap ýol emele geldi. Bu ýol ähli türkmen halkyna diňe bagt getirsin! Doly ulanmaga berlen ýokary tizlikli ýolumyz mübärek, bedew batly ösüşlerimiz dowamat-dowam bolsun!
Gurbangeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky
komitetiniň agzasy.