Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol dünýäniň köp ýurtlarynda häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiligini has utgaşykly işlemäge bolan maksatlary özünde jemleýän sene hökmünde bellenilýär. Bu sene her bir adamyň ekologiýa babatda jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşilmeginiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine gorap saklamaga işjeň gatnaşmagy barada pikirlenmek üçin mümkinçilikdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Daşky gurşawy goramagyň bütin dünýä gününiň baýram hökmünde bellenilip geçilmegi halkara bileleşigiň tagallalaryny tebigaty goramak, Merkezi Aziýa sebitinde hem-de tutuş dünýäde ekologiýa maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça wajyp wezipeleriň çözgüdine gönükdirmegi esasy ugur edinýän daşary syýasatymyzyň çäklerinde has-da möhümdir.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tebigata aýawly çemeleşmek boýunça gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. ÝUNESKO-nyň aýratyn ekologik ähmiýetli tebigat gözelliklerini gorap saklamaga we wagyz etmäge gönükdirilen maksatnamalaryny ýerine ýetirmek üçin döwletimiz tarapyndan uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy muňa mysaldyr. Türkmenistanyň abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigine halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde taýýarlanylan «Aram guşaklygynyň Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň hem-de onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistan sebitiň we Ýer ýüzüniň ekologiýa meselelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, ekologiýa abadançylygy, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu babatdaky il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baş tutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşyp, taryhy çykyş etmegi, hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde iş saparynda bolup, Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy we adamzadyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi Türkmenistanyň sebitiň ekologiýa meselelerini çözmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça tagallalary birleşdirmäge möhüm ähmiýet berýändiginiň subutnamasydyr.
Sebitiň gün tertibinde ileri tutulýan meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamakda Türkmenistan jogapkärli orny eýelemek bilen, umumy bähbitlere laýyk gelýän anyk başlangyçlary öňe sürýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu abraýly halkara guramanyň belent münberinde eden taryhy çykyşlary, öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýar. Umumadamzat bähbitli işlere badalga berip, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim,
medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.