Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
11.06.2026

SAGLYK — BAŞ BAÝLYK

«Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen badalga berilýän başlangyçlar, ilkinji nobatda, halk bähbidini nazarlaýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýilýän pähimden ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramakda, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda, keselleriň öňüni almakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde birnäçe işler amala aşyryldy we amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda ynsan saglygyny goramakda, berkitmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagyny gazanmakda, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni gyşarnyksyz berjaý etmekde durmuşa geçirilýän beýik işler diňe bir bizi — saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini däl-de, eýsem, tutuş halkymyzy begendirýär.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegi saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmek, şypahana-dynç alyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bejeriş-öňüni alyş lukmançylyk edaralaryny gurmak arkaly hemmetaraplaýyn sagdyn jemgyýeti kemala getirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesine çykdy diýip aýdyp bileris. Raýatlar hakynda edilýän aladalaryň netijesinde geçen ýyllaryň dowamynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem welaýatlarymyzda iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän kesel anyklaýyş we bejeriş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar ulanmaga berildi, köp sanly hassahanalaryňdyr şypahanalaryň durky düýpli täzelendi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Çaý — melhem hem ylham» ýaly kitaplary saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän ähli kärdeşlerimiz üçin gymmatly gollanmadyr. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edilmegi onuň dünýäniň bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriniň, giň okyjylar köpçüliginiň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygynyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmegiň, raýatlaryň saglygyny berkitmegiň esasy ugurlary hem-de wezipeleri anyk kesgitlenendir. Möhüm ähmiýetli bu resminamada keselleriň öňüni almak, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ulanmak esasynda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler bellenen. Şeýle wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramakda, adamlaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmakda, saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde belent sepgitlere ýetildi. Halk bähbidine gönükdirilen beýik işleriň dünýä jemgyýetçiligi we halkara guramalar tarapyndan ykrar edilýändigi bolsa adam hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyndan habar berýär. Şeýle beýik işleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň durandygy hem aýdylanlary tassyklaýan hakykatdyr.

Goý, ynsan saglygyny ilkinji orunda goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, beýik işleri rowaç bolsun!

Şemşat MÄ­MIÝEWA,

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe

hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.