Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
20.06.2026

MEDENI MIRAS: hukuk özgertmeleri

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry neti­je­sin­de, ata Wa­ta­ny­myz­da äh­li pu­dak­lar bi­len bir hatar­da me­de­ni­ýet ul­ga­my hem uly ösüş­le­re eýe bol­ýar. Ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň me­de­ni mi­ra­sy­ny   tu­tuş dünýä­de wa­gyz et­mek işi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Bir­leşen Mil­let­ler Gu­ra­masy­nyň Bilim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (ÝUNESKO) bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ab­raý­ly dü­züm bi­len ul­gam­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk diňe­ bir­ ýur­du­my­zyň ­gaý­ta­lan­ma­jak ­me­de­ni ­gym­mat­lykla­ry­ny go­rap sak­la­ma­ga däl, eý­sem, ola­ryň dün­ýä­niň yn­san­per­wer gi­ňiş­li­gi­ne     saz­la­şyk­ly go­şu­lyş­ma­gy­na hem ýar­dam ed­ýär. Her ýyl­da ge­çi­ril­me­gi dä­be öw­rülen Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi we onuň çäk­le­rin­de Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni uly da­ba­ra­la­ra bes­len­ýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Türkmenistanyň medeniýetini we sungatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň meseleleri bilen bagly tagallalarynyň netijesinde, bu ugurdaky milli kanunçylyk ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda: «Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir» diýlip kesgitlenilýär. Şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzda «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Kinematografiýa hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Medeniýet hakynda», «Sirk we sirk sungaty hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda», «Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda», «Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Bu kanunlar döwletimiziň medeniýetini, milli mirasymyzyň özboluşlylygyny goramagy üpjün edýär, halkymyzyň medeni mirasyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny gorap saklamaga, wagyz etmäge, olary ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilik berýär.

«Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Bu resminama Türkmenistanyň raýatlarynyň milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerine bolan elýeterlilik hukugynyň we her bir adamyň milli maddy däl medeni mirasy aýawly saklamak hakynda alada etmäge bolan borjunyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

22-nji iýunda badalga aljak Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda bolar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň köpdürlüligi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi her ýyl Diýarymyzyň dürli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylyp, milli medeniýetiň köpöwüşginliligini açyp görkezýär. Medeni çäreleriň maksady halkymyzyň ruhy mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge, ony bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Türkmen halkynyň medeni mirasyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny gorap saklamakda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.